Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, olary baýlaşdyrmak babatynda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyza beýleki floralardan getirilip ornaşdyrylýan we bezeg-bagçylygynda ulanylýan ösümlikleriň sany barha artýar. Şeýle ösümlikleriň biri owadanlygy bilen beýleki bezeg agaçlardan, gyrymsy agaçlardan tapawutlanýan ekzotiki gyrymsy agaç ösümligi bolan sirendir.
Siren gyrymsy agaç ösümlikleriniň zeýtunlar – “Olaeceae Lindl” maşgalasynyň siren – “Syringa L” urugyna degişlidir. Bu urug 30-a golaý görnüşi öz içine alýar. Biziň ýurdumyzda sireniň adaty siren – “Syringa vulgaris L.” (Madame Lemoine) görnüşi duş gelýär.
Örän owadan gülleri, ýapraklary, gabarasynyň şekili, gülleriniň ýakymly ysy bilen haýrana goýýan siren ösümliginiň watany Hytaýdyr. Emma sireniň Hindistanda, Fillippinlerde, Günorta-Gündogar Aziýada duş gelýän görnüşleri hem bar. Siren 10 metre çenli ösýär, gabarasynyň diametri bolsa 2 metre çenli ýetýär. Her ýyly güýz aýlary beýleki ýaprakly agaçlar ýaly ýapraklaryny düşürýär. Giň piramida şekilli gül toplumlarynyň uzynlygy 30 sm çenli ýetýär. Gülleri ýakymly ysly, iri, örän owadan bolýar. Görnüşine baglylykda gülleriniň reňki ak, gyzyl, gülgüne, açyk mämişi reňkli bolýar. Bu bezeg ösümliginiň ajaýyp aýratynlyklarynyň biri onuň gülleri howanyň yssy wagtlary hem Günüň şöhlesine ýanmaýanlygydyr. Siren her ýyly iýun aýyndan oktýabr aýyna çenli gülläp durýar. Emma biziň ýurdumyzda howa we toprak şertlerimiz bilen baglylykda maý aýynda gülleýär.
Siren ýagtylygy, ýylylygy, çyglylygy söýüji ösümlik. Şonuň üçin siren ösdürilip ýetişdirilende ýygy-ýygydan suwarylyp durulýar. Zyýankeşlere we kesellere orta durnukly. Aýazly howada, gurakçylykda, güýçli ýellerde zeper ýetýär. Käbir ýurtlarda siren gyş aýlary ýapyk şertlere geçirilip, + 5 – 10 0C ýylylykda saklanýar.
Siren bezeg-bagçylykda, şeýle hem, parfýumeriýada giňden peýdalanylýar.
Jennet Mamiýewa, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby