Iki palataly Parlament ulgamy (Bicameralism) iki palataly gurluşdan ybaratdyr. Parlamentiň palatalary adatça, guralyş tertibi, düzümi we ygtyýarlygy babatda bir-birinden tapawutlanýar. Kada boýunça palatalaryň biri ýokarky, beýlekisi bolsa, aşaky bolup durýar. Bu bolsa, kanunlaryň ilki aşaky palatada kabul edilip, soňra makullamak üçin ýokarky palata ugradylýandygyny aňladýar. Kada görä, ýokarky palata kanunlara özgerişlik girizip bilmeýär, onuň işi kabul etmek ýa-da ret etmekden ybaratdyr. Bu bolsa, aşaky palatanyň syýasy taýdan has uly ähmiýete eýedigini görkezýär. Çünki aşaky palatada her bir kanuny taslama ara alnyp maslahatlaşylýar. Mundan başga-da, ýurduň hökümeti aşaky palatanyň öňünde hasabat berýär. Şol bir wagtyň özünde Prezidentiň ýa-da hökümet ýolbaşçysynyň parlamenti ýatyrmak hukugy bar bolsa, onda ol muny kada boýunça aşaky palata mälim edýär.
Parlamentiň iki palata bölünmeginiň esasy manysy ýurduň ähli ilatynyň hem-de ölçegine garamazdan, aýry çäkleriň deň wekilçiligini üpjün etmekden ybaratdyr. Şeýle hem, federatiw döwletlerde ýokarky palata adatça, sebitlere wekilçilik edýär we federasiýanyň her sebitiniň deň sanly wekilinden ybaratdyr. Ýokarky palatanyň agzasy gönüden-göni halk tarapyndan däl-de, häkimiýetiň sebit edaralary tarapyndan saýlanylýar. Netijede, ýokarky palata ýurduň hökümetine ýakyn bolan garaýşy beýan etmäge ýa-da duýdansyz özgerişlikleriň öňüni almaga gönükdirilendir.
Iki palataly parlamentler, esasan, Aziýa, Ýewropa we Amerika ýurtlarynda agdyklyk edip, ABŞ, Russiýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Polşa, Ispaniýa, Meksika, Braziliýa, Argentina we köp sanly beýleki ýurtlarda gabat gelýär. Iki palataly ulgam häzirki wagtda dünýäniň 65-den gowrak ýurdunda bolup, giňden ýaýraýar.
Ýurduň aşaky palatasynyň deputat düzümi jemgyýetiň sosial-syýasy gurluşyny beýan edip, olar mažoritar, deň ölçegli ýa-da garyşyk ulgam boýunça ählumumy saýlawlar arkaly saýlanylýar. Bu palatanyň wekilleri kada görä, döwlet ýa-da hökümet ýolbaşçysy bilen dürli meseleleri maslahatlaşyp bilýär.
Beýik Britaniýada ýokarky palata – Lordlar palatasy, aşaky bolsa, Obşinalar palatasy diýlip atlandyrylýar. Russiýada Federasiýalar geňeşi we Döwlet Dumasy, ABŞ-da Senat we Wekiller palatasy diýlip atlandyrylýar.
Parlamentiň iki palata bölünmeginiň esasy maksady aşaky palata tarapyndan kabul edilýän kanuny taslamalaryň köp babatda hökümete ýakyn garaýyşlary eýeleýän ýokarky palatanyň makullamagyna gönükdirilendir.