“Axiom Space” atly şereket Halkara Kosmos Bekedine syýahatçylyk maksady bilen gitjekler üçin aýratyn bölüm ýerleşdirmegi maksat edinýär. Birnäçe ýurt tarapyndan ylmy maksatlar üçin peýdalanylýan kosmos bekedine oturdyljak “NextSTEP-2 Appendix I” atly bölek kosmos syýahatçylaryna kärendesine berler. Şeýle hem bekediň bu bölegini ylmy-barlaglar, önümçilik we Ýeri synlamak maksatlary bilen ulanyp bolar. Dürli ýurtlaryň hünärmenlerine, hususy şereketlere Ýeriň dartyş güýji bolmadyk ýerinde işlemäge, ylmy-barlaglar geçirmäge we ýaşamaga mümkinçilik berjek bölüme islegiň ýokary bolmagyna garaşylýar. Şereket köp ýyldan bäri şeýle hyzmaty ýola goýmak üçin tagalla edýärdi. Ilkinji nobatda, ýatmak üçin niýetlenen “Node 2” atly bölek ýerleşdiriler. Bu ýerden gazanyljak girdeji geljekdäki kosmos maksatnamalary üçin peýdalanylar. Söwda maksatly bölek ilkibaşda iki ýa-da üç orunlyk bolar. Ýeriň daşyndan 380-430 km uzaklykda aýlanýan kosmos bekediniň ulanyş möhleti 2030-njy ýylda tamamlanýar. Bu möhlet uzaldylmadyk ýagdaýynda şol ýyldan başlap, täze goşuljak bölegiň aýratyn beket hökmünde ulanylmagy dowam etdiriler. “Axiom” şereketiniň ýolbaşçylary söwda maksatly kosmos bekediniň gurluşygynyň ozalkylardan has arzan boljakdygyny aýdýarlar. Ýeri gelende aýtsak, 1998-nji ýyldan bäri ulanylýan Halkara Kosmos Bekediniň ulanyş möhleti birnäçe gezek yza süýşürilipdi. Tehnologiýanyň ösmegi netijesinde beketdäki käbir abzallar has ýeňil we güýçli görnüşi bilen çalşylýar. Bu bolsa, onuň has uzak wagt ulanylmagyna mümkinçilik berýär.