Soňky ýyllarda elektrokarlara bolan isleg barha ýokarlanýar. Emma bu ulaglary sürmegiň öňündäki käbir meseleler bar. Ýagny, elektrokaryň zarýadynyň dolmagy üçin köp wagt gerek. Gysga wagtda doldurylýan batareýalaryň işlenip taýýarlanýandygy aýdylýan hem bolsa, entek onuň köp wagt aljakdygy bellenilýär. Hytaýda bir şereket bu meseläni aradan aýyrýan täze usuly ýola goýdy. Şereket boşan batareýany 3 minutyň dowamynda dolusy bilen çalşyp berýär. Ýurduň paýtagty Pekinde 150 nokatda ýola goýlan bu usul Germaniýanyň “INFRADianba” şereketi bilen bilelikde döredilipdir. Bu usul ilkinji gezek Berlinde hereket edýän elektrokar taksiler üçin gurlupdyr. Batareýalar robotlaryň kömegi bilen hiç hili kynçylyksyz amala aşyrylýar. Adaty ýangyç guýujy beketleriň ýanynda ýola goýlan bu hyzmat diňe taksilere hödürlenýär. Ulaglaryň ählisi şol model ulaglar bolansoň, batareýa çalyşmak kyn däl. Hünärmenler başga modelli ulaglarda bu usuly ýola goýmak üçin belli bir ülňüniň gerekdigini aýdýarlar. Batareýalara gysga wagtda zarýad berlende, olaryň çalt zaýalanýandygy aýdylýar. Beketde uzak wagtda zarýad bermek hem energiýany az talap edýär, hem-de batareýalary uzak wagt ulanmaga mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda alternatiw energiýa çeşmelerine maýa goýumlaryň artdyrylmagy netijesinde, elektrik energiýasyny arassa çeşmelerden öndürmek has elýeterli bolup başlady. Ýerasty energiýa çeşmeleriniň azalmagy, köp ýerde dizel ýangyçly ulaglaryň gadagan edilmegi, elektrokarlara bolan islegi ýokarlandyrdy. Hünärmenler birküç ýyldan bäri tok bilen işleýän ulaglary sürmegiň dizel ýa-da benzinli hereketlendirijili ulaglardan arzan bolýandygyna ünsi çekýärler.