Pasyllaryň çalyşýan döwründe adam bedeninde birnäçe üýtgeşmeler bolup geçýär we şol döwürde sagdyn iýmitlenmek, iş we dynç alşy kadalaşdyrmak, pasyla görä dogry geýinmek zerur bolup durýar. Aşa ýadamak, gyzgyn howasy çalşylmaýan otagda uzak wagtlap bolmak, aşa sowuk otagda bolup, sowuk iýmit kabul etmek hem bedene zyýanly täsirini ýetirýär. Şol sebäpli ýylyň ähli pasyllaryna paýhasly çemeleşip, maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, öz durmuşyňy sazlamak zerurdyr.
Döräp biljek möwsümleýin ýokanç kesellerinden goranmak maksady bilen, her birimiz şahsy arassaçylyk tertip-düzgünini berjaý etmelidiris we bu babatda öz çagalarymyza şahsy görelde bolmalydyrys. Bu keselleriň howa-damja ýollary bilen ýokuşýandygyny nazara alyp, günde ir bilen burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli. Eger kesel dörediji wirus burnuň nemli bardasyna düşse, ol öýjük gurluşyny üýtgedip, bütin bedende ýiti respirator keseliniň alamatlarynyň (bedeniň gyzgynynyň galmagy, asgyrma, üsgürme, ysgynsyzlyk) döremegine getirýär we adamda ozal bir dowamly keseli bar bolsa gaýraüzülme hökmünde bu keseliň ýitileşmegine sebäp bolýar.
Kesel dörediji wiruslaryň dürli görnüşleri bolýar we olar üýtgäp bilýär, şol sebäpli keseliň öňüni almak we ondan goranmak üçin netijeli ýoly saýlamak zerurdyr. Syrkaw adam köpçülik ýerlerine barmakdan, beýleki sag adamlara dümew ýokuşdyrmakdan saklanmaly. Şonuň üçin keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan mahaly lukmana ýüz tutmaly, degişli barlagdan geçmeli we diňe lukmanyň bellän derman serişdelerini ulanmaly. Asgyrlanda, üsgürlende agzy we burny elýaglyk bilen örtmeli. Öý şertlerinde lukmanyň bejergisini talabalaýyk kabul etmeli, eger ýagdaý erbetleşse (esasan hem çagalarda) hökman “Tiz kömek” gullugyny çagyrmaly. Özbaşdak dürli derman serişdelerini, şol sanda antibakterial derman serişdelerini lukmandan maslahat alman kabul etmeli däl. Bular ýaly hereket bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peseldip, immun ulgama uly zyýanly täsirini ýetirip, witamin ýetmezçiliginiň esasy sebäbi bolup bilýär.
Kesel dörediji wiruslaryň bölüp çykarýan zyýanly zäherleri bedenden çalt bölünip çykarylmagy üçin hökman derlediji ýokumly suwuklyklary kabul etmeli. Olaryň düzüminde witaminler, hususan-da witamin C-askorbin turşusy bolmaly. Olaryň hataryna narpyzly çaý, ary bally we limonly çaý, ýertudananyň mürepbesi goşulan çaý, towuk çorbasy, sarymsak goşulan unaş tagamy girýär. Bu suwuklyklary pasyl çalyşýan döwründe hem kabul etmegi endik edinseňiz öz bedeniňiziň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrarsyňyz. Olar bilen bir hatarda gök önümleri, miweleri, et we et önümlerini, süýt we süýt önümlerini dogry kabul etmegi endik ediniň! Iş otaglaryň, ýaşaýan otaglaryňyzyň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmak maksady bilen penjireleri açyp, arassa howanyň girmegini üpjün ediň! Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopediki kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümligimiz bolan ýüzärlik bilen howany tämizlemeli, soňra penjireleri açyp, howany çalyşmaly. Ýylyň dowamynda medeniýetli dynç almagy, maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp, saglygyňyza gabat gelýän şypahanada sagaldyş dynç alşy meýilleşdiriň!
Ogulmähri Geldiýewa,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň Saglygy
goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.