Assaçusets tehnologiýa institutynyň alymlary elektrik batareýalarynyň has uzak wagt ulanylmagyny üpjün edýän usuly oýlap tapdylar. Häzirki wagtda batareýalar elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglarda we beýleki elektron enjamlarda giňden ulanylýar. Giňden ulanylýan litiý-ion batareýalar belli bir derejeden soňra gyzyp bilýär. Bu bolsa, olaryň kuwwatyny azaldýar. Hünärmenler nanoballonlar arkaly has kuwwatly we uzak wagtlap ulanmaga mümkinçilik berýän batareýalary işläp taýýarladylar. Täze batareýalar synagdan geçirilende, hiç hili päsgelçilik ýüze çykmady. Ylmy topara ýolbaşçylyk eden professor Ju Li täze tehnologiýa bilen öndüriljek batareýalaryň smartfonlary üç gün ulanmaga mümkinçilik berjekdigini belleýär.