Mälim bolşy ýaly, emele gelýän ýangynlaryň aglabasy adamlaryň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bozýandyklary zerarly ýüze çykýar. Her bir döräp biljek ýangynyň öňüni almak bolar. Munuň üçin bolsa, diňe bir zat, ol hem ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini öz wagtynda pugta berjaý etmekdir.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy gullugy ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý etmek we ýangyn hadysasy ýüze çykanda onuň garşysyna göreşmek üçin şulary maslahat berýär.
Ýaşaýyş jaýlaryň, ulaghanalaryň daş töweregi hemişe arassa saklanyp, hapa zir-zibiller öz wagtynda çäkden çykarylmalydyr. Ýaşaýyş jaýlaryň, ulaghanalaryň çäklerindäki geçelgeleri, girelgeleri, howlynyň içini, binadyr desgalaryň ýangyna garşy araçäklerini, jaýlaryň daşarky halas ediş basgançaklaryna, ýangyna garşy suw howuzlaryna barylýan ýollary dürli zatlar bilen baglap, geçmeklige päsgelçilik döretmek, ýerli häkimlikleriň rugsady bolmazdan, gurluşyk-gurnama işlerini geçirmek, binadyr desgalaryň ýangyna garşy araçäklerinde, boşluklarynda ýanýan materiallary basyp saklamak, açyk meýdanda, howlynyň çäginde ýeňil ýanyjy suwuklyklaryň (benzin, kerosin, solýarka we beýlekiler) hem-de ýanyjy gazly, kislorodly ballonlary saklamak, jaýlaryň, howlynyň we gurluşyklaryň töwereklerinde ot ýakmak hem-de söndürilmedik közli külleri dökmek gadagan edilýär.
Ýaşaýyş jaýlaryň üçeklerinde we ýerzemin otaglarynda ýanyjy öý goşlaryny we beýleki hojalyk hajatlary üçin ulanylýan zatlary saklamak gadagan edilýär. Ýyladyjy we gyzdyryjy enjamlary ulanmazdan öň, olaryň ojaklarynyň ýanyş ukyplylygyny barlamaly we olaryň tüsseçykarlaryny gurumlardan arassalamaly. Wagtlaýyn görnüşdäki peçleri gurnamaklyga rugsat berilmeýär.
Ýangynyň islendik görnüşi ýüze çykanda ýa-da tüssäniň ysy duýlanda telefon arkaly “01”, el telefonyndan “001” belgä habar bermeli. Öz güýjüňiz bilen, ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleriniň ýa-da suwuň, çägäniň, gumuň, keçäniň, matanyň kömegi bilen ýüze çykan ýangyny söndürmäge synanyşmaly. Ýüze çykan ýangyny öz güýjüňiz bilen söndürmek başartmasa, onda haýal etmän öýden çykmaly. Öýden çykanyňyzda gapyny gulplaman, berk ýapmaly, lifti ulanmaly däl. Öýüň elektrik toguny we gaz akdyryjysyny öçürmeli. Öýde dörän ýangyna howa baryp, güýjemezligi üçin, penjireleri döwmek, gapyny açyp goýmak bolmaýar. Ýangyn söndüriji topary garşylamak we ýangynyň dörän ýerine iň amatly ýol bilen alyp gelmek üçin, bir adamy ugratmaly. Öýden çykmak başartmasa, onda eýwana çykyp, onuň gapysyny pugta ýapyp, her hili ýollar bilen adamlaryň ünsüni özüňize çeker ýaly hereketler etmeli. Elektrik togy bilen işleýän enjamlarynda ýangyn dörände, haýal etmän elektrik birikdirijisini aýyrmaly ýa-da umumy elektrik toguny öçürmeli we şondan soň dörän ýangyny söndürmäge girişmeli.
Gaz enjamynyň üstünde duran ýagly gazana ot düşende, gaz akymyny öçürmeli we golaýda bar bolan dürli görnüşdäki matany suwa ölläp, gazanyň üstüne ýapmaly.
Janymyza, saglygymyza, jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerine maddy zyýan ýetirýän gözegçiliksiz otdan seresap bolalyň!
Yhlas Miriýew,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň döwlet ýangyn gözegçilik
bölümçesiniň başlygy-uly gözegçisi, içerki gullugyň kapitany.