Şu ýylyň 5-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň şypahana düzüminiň üstüni ýetirýän täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Şol ymaratlaryň hatarynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kompaniýalary tarapyndan gurlan “Ak Ýelken” kottejler toplumy hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýurmasy boýunça bina edilen, ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamy üçin niýetlenen ýaht-klub we “Tolkun” kottejler toplumy bar.
Mälim bolşy ýaly, Awazany ösdürmek we abadanlaşdyrmak, onuň çäginde ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli işleriň barşy hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Milli Liderimiziň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, bu ýerde ägirt uly taslama amala aşyrylýar. Ine, şol gün hem zähmet dynç alşynda bolýan milli Liderimiz şypahana ulgamynyň nobatdaky desgalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Şol gün ulanmaga berilýän täze desgalaryň ilkinjisi “Ak Ýelken” kottejler toplumydyr. Bu iri taslama Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň tagallalary bilen durmuşa geçirildi.
“Ak Ýelken” adyna mynasyp bolan hem-de 4,48 gektar meýdanda ýerleşýän täze kottejler şäherçesiniň gurluşygyna hususy kompaniýalaryň we hojalyk jemgyýetleriniň birnäçesi gatnaşdy. Bu ýerde ýeňil gurluşly kottejleriň 50-si guruldy. Olaryň her biri 163,2 inedördül metr meýdanda ýerleşýär we dört maşgala niýetlenendir. Mundan başga-da, toplumyň çäginde meýdany 360 inedördül metre barabar bolan goşa kottejleriň 4-si guruldy.
Olaryň her biri maşgalalaryň ikisiniň dynç almagy üçin niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde edara hem-de tehniki maksatly binalar guruldy.
Umuman, dynç alýanlaryň 700-si üçin niýetlenen “Ak Ýelken” kottejler toplumy deňziň golaýynda bina edildi. Ol milli öwüşginleri hem-de häzirki zaman binagärliginiň gazananlaryny özünde jemleýän ajaýyp bezegi bilen tapawutlanýar. “Ak Ýelkende” dynç almagyň artykmaçlyklarynyň biri bahalaryň elýeterliligi bilen baglydyr.
Awazada gurlan şeýle desgalaryň ählisinde bolşy ýaly, abadanlaşdyrylan hem-de bagy-bossanlyga öwrülen ýanaşyk çäkler toplumyň düzüminiň esasy bölegi bolup durýar. Bu ýerde dürli görnüşli agaç nahallary oturdyldy hem-de ajaýyp gül aýmançalary döredildi. Şeýle hem bu ýerde restoran, suwa düşülýän howuzlar, şol sanda çagalar üçin howuzlar, awtoduralga bar. Toplum durmuş üpjünçiliginiň döwrebap ulgamy bilen üpjün edildi. Şeýle hem 24 sagadyň dowamynda 220 woltly elektrik toguny bermäge ukyply, ýeliň we Günüň energiýasyndan elektrik energiýasyny işläp çykarýan desga göz öňünde tutuldy. Binalaryň we desgalaryň umumy meýdany 10 müň 800 inedördül metre barabardyr.
“Ak Ýelken” toplumynyň lýuks derejeli iki gatly kottejlerinde maşgala bolup, dynç almak üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy: iki sany oňaýly ýatakhana, ýagty myhmanhana, zerur enjamlar bilen üpjün edilen aşhana – naharhana bar. IP – telewideniýe dynç alýanlaryň hyzmatyndadyr.
Şäherjigiň taslamasyny düzüjiler hem-de gurluşykçylar körpeleriň dynç alýan wagtlaryny gyzykly hem-de şadyýan geçirmekleri, olaryň howuzda suwa düşmekleri we arassa howada dynç almaklary üçin alada edipdir.
Toplumyň ekonom-derejeli kottejlerinde-de dynç almak üçin oňaýly şertler göz öňünde tutulypdyr. Iki ýaşaýyş otagyndan başga-da, şeýle kottejleriň her birinde oňaýly aşhana bar.
“Tolkun” kottejler toplumynyň we ýaht-klubunyň taslamasyny işläp düzüjiler binalaryň ýerleşişinde “tumar” diýen türkmen bezeginiň şekilini ulandylar. Ol ýürek görnüşinde bolup, hakyk daşy bilen bezelýär. Bu ýerde onuň ornuny kottejler toplumynyň merkezindäki şeýle görnüşli suwa düşülýän howuz tutýar. Bu howzuň keşbi hem ýürek görnüşinde ýerine ýetirilipdir. Iki gatly binalaryň üç görnüşi – 12 orunlyk willalaryň ýedisi, 16 orunlyk kottejleriň sekizsi we 20 orunlyk kottejleriň hem onusy göz öňünde tutulypdyr. Iki orunlyk hem-de 6-8 adamlyk maşgala otaglary, VIP otaglar bar. Olar deňziň kenarynda gurluşyklaryň birinji zolagyny bezeýär. Kiçi myhmanhanalar bagy-bossanlyga bürenipdir hem-de täsin suw howuzlary, dynç alynýan ýerler, suw çüwdürimleri we beýleki desgalar bilen gurşalypdyr. Seýil ýodalaryň ugrunda bezeg çyralary, oturgyçlar, suw içilýän çüwdürimjikler ornaşdyrylypdyr.
Bu ýerdäki dynç alyş düzümi ýaht-klubdan we okuw merkezinden, çagalar klubundan, çagalar we sport meýdançalaryndan, üsti açyk we ýapyk suwa düşülýän howuzlardan, emeli tolkunly howuzdan, emeli kölden, restorandan, kafeden we beýleki desgalardan ybaratdyr. Deňziň kenarynda gämi duralgasy guruldy, bu ýerde gaýyklara hem-de kiçi gämilere hyzmat edýän nokatly hyzmat ediş merkezi, suwmotosikllerini, windsörfing üçin serişdeleri we beýlekileri kireýine almak üçin niýetlenen nokat ýerleşýär. Şäherjigiň çäginde hereket etmek üçin elektrokarlar göz öňünde tutulypdyr.
Ýaht-klubuň binasynda işewürler we dabaraly çäreleri, wekilçilikli duşuşyklary hem-de gepleşikleri geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Binanyň birinji gatyndaky banket zaly 124 orunlykdyr. Desganyň dynç alyş bölüminde bouling, bilýard zallary, oýun awtomatlary bar. Bu ýerde trenažýor zaly, tans edilýän meýdançaly bar ýerleşdirilipdir, ekologiýa taýdan arassa ýerli melhemlik serişdeleri ulanmak arkaly müşderilere sagaldyş çärelerini hödürleýän spa-salon iň ýokary ölçeglere laýyklykda enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde türkmen dermanlyk ösümlikleri, mineral suwlary, bejeriş palçygy we elbetde, deňziň baý bejeriş kuwwaty giňden ulanylar.
Edara binasynda direksiýanyň, buhgalteriýanyň otaglary, syýahatçylyk agentlikleriniň kireýine alan edara-jaýlary, himiki usulda arassalaýan otag, kir ýuwulýan ýer, içerki zerurlyklar üçin ussahanalar, işgärler üçin otaglar hem-de naharhana, dükanlar we beýleki durmuş we hojalyk otaglary ýerleşýär. Bu bina ýaht-klubuň esasy binasy bilen sazlaşykly binagärlik toplumyny emele getirdi.
Desgalaryň kenarýaka zolagy, ajaýyp enjamlaşdyrylan, dynç almak üçin niýetlenen suwa düşülýän ýer sportuň suw görnüşleriniň ygtyýaryna berlipdir. Gezelenç etmek üçin niýetlenen gämileriň we gaýyklaryň duralgasy ýahta merkeziniň düzüminiň esasy desgalarynyň biri bolup durýar. Iň täze enjamlara ussatlyk bilen erk edýän hünärmenler topary gämilere we gaýyklara ýokary hilli hyzmat eder hem-de olary abatlamak işlerini ýerine ýetirer.
Ýüzüş serişdelerine tehniki taýdan hyzmaty üpjün etmek üçin niýetlenen gämi duralgalary ýörite enjamlar hem-de ýük göterijiligi 70 tonna barabar bolan kranlar bilen üpjün edilipdir. Olaryň golaýynda hyzmat ediş gulluklarynyň we gämiler üçin niýetlenen enjamlar saklanylýan angarlar ýerleşýär. Suwa düşülýän ýeriň beýleki tarapynda windsörfingleriň, skuterleriň, gidrosiklleriň saklanýan ýeri hem-de ýelkenli sport mekdebiniň binasy ýerleşýär. Suwa düşülýän zolak tomusky kafe bilen bölünýär. Kafe ýaý görnüşindäki gämi duralgasynyň başlanýan ýerinde ýerleşýär. Bu ýerde syn ediş meýdançasy hem bar.
Döwrebap ýaht-klubuň döredilmegi üçin diňe bir gämi duralgalarynyň gurulmagy ýeterlik däldir. Munuň üçin beýleki ýörite desgalaryň köpüsini, şeýle hem hyzmat ediş we durmuş ulgamlaryny gurmak zerur bolup durýar. Bu özboluşly desga birnäçe ugurlaryň — syýahatçylygyň, sportuň we dynç alşyň hem-de beýleki ugurlaryň birleşdirilmegini göz öňünde tutýar. Täze ýaht-klubuň işe girizilmegi içerki şypahana bazarynda hyzmatlaryň sanawyny giňelder hem-de üç ýyl mundan ozal açylan “Ýelken” ýaht-kluby bilen bilelikde, ýelken sportuny işjeň ösdürmäge hem-de suw sportunyň beýleki gyzykly we ýokary tizlikli görnüşlerini giňeltmäge mümkinçilik berer.
Şol gün Hazaryň kenarynda gurlan ilkinji ýaht-klubundan hem-de daşary ýurtlardaky şeýle merkezlerden birjik-de pes durmaýan ýurdumyzda ikinji ýahta merkezi açyldy. Geljekde onuň binýadynda windsörfingçileriň iri bäsleşikleri ýa-da ýelkenli gämileriň ýaryşlary geçirilip bilner. Ýöne bu ýerde işjeň dynç almagyň ajaýyp görnüşi hökmünde höwesjeňleriň deňizde gezelenç etmegine aýratyn üns berler.
Munuň üçin Fransiýada, Beýik Britaniýada, ABŞ-da, Gresiýada we Türkiýede öndürilen kiçi gämileriň we gaýyklaryň 40-a golaýy “Tolkun” ýaht-klubunyň ygtyýaryndadyr. Olaryň hatarynda ýahtalaryň rahat “maşgala” görnüşi bolan kaşaň “Antares” gämileri, tizligi halaýanlar üçin bolsa, “Gran Turismo 40” owadan sport gämileri bar.
Motorly ýahtalar bolsa, “Glastron” we “Merkan 35 XL” gezelenç gämilerinden ybaratdyr. Mundan başga-da, dürli görnüşli motorly we ýelkenli sport gaýyklary, katamaranlar, sörfing üçin tagtalar, kanoeler, üflenip çişirilýän ýüzüş serişdeleri, şeýle hem ýüzmek üçin zerur bolan beýleki esbaplar dynç alýanlaryň hyzmatyndadyr. Şeýlelikde, bu ýerde ýahta erk etmegiň ilkinji tälimlerini ele almak hem-de suw sportunyň beýleki islendik görnüşini özleşdirmek bolýar. Geljekde bolsa, gämi duralgalarynyň sanynyň artmagy hem-de degişli düzümiň giňelmegi bilen, Awaza ýahta syýahatçylygynyň täze ugry hökmünde hem meşhur bolup biler.
Tomsuna deňizde dynç almagyň ähli talaplaryna laýyk gelýän ajaýyp şertler, myhmanhana otaglarynyň bezegi, ýanaşyk ýerleriň talaba laýyk abadanlaşdyrylmagy, bu ýerde oturdylan ýaş agaç nahallary hem-de owadan gül aýmançalary we ot ekilen meýdançalar dynç alyş şäherjiginde aýratyn sazlaşyk döredýär.
Kiçeňräk aýlag günorta tarapdan gämileriň porta girýän ýerindäki bent bilen goralypdyr, onuň demirgazyk tarapy bolsa, awtomobil ýolly uzyn gaçy bilen gurşalypdyr. Gämileriň duralgasyny tolkunlardan goraýan gaçynyň tamamlanýan ýerinde ertekilerdäki çadyr görnüşinde gurlan VIP – restoran ýerleşýär.
Şol gün bu ýerde görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Suw şüweleňiniň maksatnamasy ýelkenli gämileriň we katerleriň ýörişinden ybarat boldy. Akwabaýkerler tizlikde bäsleşdiler. Aýratyn hem, “uçýan” gidrosiklistçi tomaşaçylary haýran galdyrdy. Ol bu ýere ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda çylşyrymly böküşleri hem-de maşklary ýerine ýetirdi. Çykyşynyň ahyrynda türgen ussatlyk bilen türkmen tuguny parlatdy. Şol pursat asmanda paraşýutlar gaýyp ýördüler, olary deňizde ýüzüp barýan gämiler çekip barýardylar. Soňky döwürde bu suw – howa attraksiony Awazada meşhurlyga eýe boldy.
Suw sport şüweleňi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy we “Tolkun” kottejler toplumynyň hem-de ýaht-klubunyň ýolbaşçylaryna birnäçe awtoulaglaryň, şol sanda kiçi awtobusyň we refrižeratoryň açarlaryny gowşurdy. Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylary Awazada täze desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar bilen ýene-de bir gezek gutlap, bu ýerden ugrady.