Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­my­zyň te­bi­ga­ty­ny go­ra­mak, oňa aýaw­ly çe­me­leş­mek ba­bat­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň te­bi­ga­ty­nyň eçi­len baý­lyk­la­ry­ny gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek ug­run­da-da köp iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz eko­lo­gi­ýa ul­ga­my­na döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de ga­rap, bu ugur­da­ky al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re giň hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň hem ün­sü­ni çek­mek üçin Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň be­lent mün­be­rin­den en­çe­me ge­zek bü­tin­dün­ýä baş­lan­gyç­la­ry bi­len çy­kyş et­di.
Mil­li Li­de­ri­miz türk­men jem­gy­ýe­ti­niň dur­nuk­ly ösü­şi­ni hem-de ra­ýat­la­ry­my­zyň amat­ly eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýyn­da ýa­şa­mak­la­ry­ny üp­jün et­mek üçin döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan eziz Wa­ta­ny­my­zyň te­bi­ga­ty­nyň baý­ly­gy­ny we gö­zel­li­gi­ni aýaw­ly sak­la­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li çä­re­le­riň gö­rül­ýän­di­gi­ni nyg­ta­ýar. Bu ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak baý­ly­gy art­dyr­mak hem-de gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek wa­jyp­dyr.
Ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li mak­sat­na­ma­la­ryň çäk­le­rin­de Aş­ga­ba­dyň tö­we­re­gin­de hem-de we­la­ýat­lar­da ýa­şyl zo­lak­la­ryň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi, Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ryn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň dö­re­dil­me­gi, Mer­ke­zi Ga­ra­gum­da “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň gu­rul­ma­gy, eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek üçin mö­hüm çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi hem-de bu ul­gam­da hal­ka­ra fo­rum­la­ryň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­gi döw­le­ti­mi­ziň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak me­se­le­le­ri­ne uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.
Eko­lo­gi­ýa çä­re­le­ri hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ös­me­gi­niň mö­hüm şer­ti, tu­tuş halk ho­ja­ly­gy­nyň çäk­le­rin­de te­bi­gat­dan peý­da­lan­ma­gyň düý­bün­den tä­ze nus­ga­sy­na geç­me­giň esa­sy bo­lup dur­ýar. Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça mil­li stra­te­gi­ýa, il­kin­ji no­bat­da, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly pu­dak­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne, “ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýe­ti” ke­ma­la ge­tir­mek üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Ga­ra­gu­myň jüm­mü­şin­de “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­ni gur­mak ba­ra­da­ky in­no­wa­si­on tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň suw se­riş­de­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly mö­hüm me­se­le­le­ri çöz­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň my­sal­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de we tu­tuş Or­ta Azi­ýa se­bi­tin­de eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge ýar­dam ed­ýän bu tas­la­ma­nyň dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­nyň esa­sy alym­la­ry­nyň hem-de bi­ler­men­le­ri­niň, suw ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň hem-de oba­-se­na­gat top­lu­my­nyň hü­när­men­le­ri­niň ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bo­lan­dy­gy­ny bel­le­me­li­di­ris.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, suw ho­ja­lyk ul­ga­myn­da, şol san­da tä­ze suw how­dan­la­ry­ny, gid­ro­teh­ni­ki we me­lio­ra­tiw des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça giň möç­ber­li ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­mak ge­rek. Hä­zir­ki dö­wür­de “Türk­me­nis­ta­nyň ilat­ly ýer­le­ri­ni aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün et­me­giň baş mak­sat­na­ma­sy­ny” dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de we­la­ýat­la­ryň äh­li­sin­de suw aras­sa­laý­jy za­wod­lar, suw süý­je­di­ji des­ga­lar gu­rul­ýar, suw aras­sa­laý­jy des­ga­la­ryň hem-de suw ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ryň dur­ky tä­ze­len­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar, in­no­wa­si­on yl­my-teh­ni­ki iş­läp taý­ýar­la­ma­lar tap­gyr­la­ýyn or­naş­dy­ryl­ýar. Olar suw se­riş­de­le­ri­ni tyg­şyt­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­my­zyň oba­-se­na­gat top­lu­myn­da su­wy tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar, şol san­da dam­ja­la­ýyn usul­da su­war­mak we ekin­le­ri su­war­ma­gyň beý­le­ki öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry giň­den ula­nyl­ýar.
Ýur­du­myz bu ul­gam­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy hem-de onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri—BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy, BMG-niň daş­ky gur­şaw ba­ra­da­ky mak­sat­na­ma­sy, şeý­le hem Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, Äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa gaz­na­sy we beý­le­kiler bi­len gat­na­şyk­la­ry iş­jeň we yzy­gi­der­li ös­dür­ýär. Türk­me­nis­tan tu­tuş adam­za­dy tol­gun­dyr­ýan wa­jyp eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len se­bit äh­mi­ýet­li bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýar. Şol tas­la­ma­lar bol­sa suw we beý­le­ki te­bi­gy se­riş­de­le­ri aýaw­ly sak­la­ma­ga hem-de di­kelt­mä­ge, çöl­leş­mä­ge, ýer­le­riň za­ýa­lan­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mä­ge, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­le­ri ne­ti­je­li çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Döw­le­ti­miz BMG-niň eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy me­se­le­le­ri bo­ýun­ça bir­nä­çe Kon­wen­si­ýa­la­ry­na gat­naş­mak bi­len, te­bi­gaty go­ra­mak hä­si­ýet­li we­zi­pe­le­ri çöz­mek ba­bat­da anyk ädim­le­ri äd­ýär we şun­da bu ul­gam­da­ky wa­jyp me­se­le­le­re hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­nyň esa­syn­da, se­bi­tiň äh­li ýurt­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ni na­za­ra al­mak ar­ka­ly ga­ral­ma­ly­dy­gyn­dan ugur al­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň mö­hüm te­bi­gy se­riş­de­le­ri, şol san­da su­wy aýaw­ly sak­la­ma­ga jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­gi ýur­du­my­zyň se­bi­tiň aba­dan­çy­ly­gy­nyň hem-de dur­nuk­ly ösü­şi­niň bäh­bi­di­ne suw se­riş­de­le­rin­den re­je­li peý­da­lan­ma­gyň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mä­ge sal­dam­ly go­şant goş­ma­gy­ny şert­len­dir­di.
Bi­ziň ata-ba­ba­la­ry­myz müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da eke­ran­çy­ly­gyň ýo­ka­ry me­de­ni­ýe­ti­ni ke­ma­la ge­tir­di­ler, gu­rak ho­wa şert­le­rin­de ýa­şa­ýan ýer­le­ri­ni ba­gy-bos­san­ly­ga, öri meý­dan­la­ry­ny ýa­şyl ýaý­la­la­ra öwür­mek, bol ha­syl ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin tu­tan­ýer­li hem-de ýa­daw­syz zäh­met çek­di­ler. Bu me­se­le mil­li Li­de­ri­mi­ziň “Suw – ýa­şaý­şyň we bol­çu­ly­gyň çeş­me­si” at­ly ki­ta­byn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Şol ki­ta­byň ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­sy ge­çen ýy­lyň ap­rel aýyn­da S.A.Nyýazow adyndaky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­tin­de ge­çi­ril­di. Türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­de ne­şir edi­len ki­tap­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň hal­ka­ra fo­rum­la­ryn­da eden çy­kyş­la­ryn­dan, pu­da­gy top­lum­la­ýyn ös­dür­mä­ge we döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, daş­ky gur­şa­wy aýaw­ly sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len, şeý­le hem oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny yzy­gi­der­li ös­dür­mek, ila­tyň aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün edi­li­şi­ni go­wu­lan­dyr­mak işin­de ga­za­ny­lan ägirt uly üs­tün­lik­le­ri be­ýan ed­ýän suw ho­ja­ly­gy ul­ga­myn­da öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­nyň we­zi­pe­le­ri we mak­sat­la­ry ba­ra­da aý­dan söz­le­ri çap edil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mej­lis­le­rin­de, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça “Rio+20” mas­la­ha­tyn­da, ge­çen ýyl Ýa­po­ni­ýa­da ge­çi­ri­len BMG-niň “Te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­la­ryň tö­wek­gel­çi­li­gi­ni azalt­mak” at­ly III Bü­tin­dün­ýä mas­la­ha­tyn­da we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len VII Bü­tin­dün­ýä suw fo­ru­myn­da öňe sü­ren iş­jeň baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň giň gol­da­wy­na eýe bol­dy. Ola­ryň ha­ta­ryn­da, Aş­ga­bat­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça Se­bit mer­ke­zi­ni aç­mak, BMG-niň Ara­ly ha­las et­mek bo­ýun­ça ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Suw stra­te­gi­ýa­sy bo­ýun­ça ýö­ri­te mak­sat­na­ma­ny iş­läp taý­ýar­la­mak, Ha­zar deň­zin­de eko­lo­gi­ýa we teh­no­gen howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek üçin hyz­mat­daş­ly­gyň köp­ta­rap­la­ýyn tä­sir­li gu­ra­ly­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky tek­lip­ler bar.
Ýur­du­myz şeý­le baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek bi­len, ola­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri ama­la aşyr­ýar. Suw, ýer we bio­lo­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, bio­köp­dür­lü­li­gi, te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry sak­la­mak, çöl­leş­mäge we to­kaý­la­ryň ýi­tip git­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek, ila­tyň eko­lo­gi­ýa dü­şün­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da ägirt uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
“Te­bi­ga­ty go­ra­mak ha­kyn­da”, “Aý­ra­tyn go­ral­ýan te­bi­gy çäk­ler ha­kyn­da”, “Ozon gat­la­gy­ny go­ra­mak ha­kyn­da”, “Ba­lyk­çy­lyk we suw bio­lo­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni go­ra­mak ha­kyn­da”, “Ösüm­lik dün­ýä­si ha­kyn­da”, “Haý­wa­nat dün­ýä­si ha­kyn­da” hal­ka­ra ka­da­la­ry­na la­ýyk gel­ýän Ka­nun­lar, “To­kaý ko­dek­si” ka­bul edil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tas­syk­lan “Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça mil­li stra­te­gi­ýa­ny” we “Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­ny” dur­mu­şa ge­çir­mek tap­gyr­la­ýyn esas­da al­nyp ba­ryl­ýar.
Soň­ky ýyl­lar­da eziz Wa­ta­ny­my­zyň bar­ha gi­ňe­ýän to­kaý zo­lak­la­ry, ýy­lyň äh­li pas­lyn­da gök öwüs­ýän se­ýil­gäh­le­ri da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ry haý­ran gal­dyr­ýar. Ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de köp müň­ler­çe gek­ta­ra ba­ra­bar bo­lan meý­dan­lar­da to­kaý zo­lak­la­ry dö­re­di.
My­sal üçin, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl gök zo­lak­la­ry dö­ret­me­giň bar­şyn­da ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri, pu­dak eda­ra­la­ry, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň we we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri ta­ra­pyn­dan sa­ýa­ly, pür­li, mi­we­li agaç na­hal­la­ry­nyň, üzü­miň 3 mil­li­on düýbi, şol san­da 512 müň düýp tut na­hal­la­ry otur­dy­lar.
Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça tej­ri­be­le­ri tu­tuş dün­ýä­de uly is­le­ge eýe bol­dy. Ýur­du­my­zyň iri eko­lo­gi­ýa fo­rum­la­ry­nyň, mas­la­hat­la­ryň we beý­le­ki hal­ka­ra çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän ýe­ri hök­mün­de saý­la­nyp alyn­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Şeý­le çä­re­le­riň ha­ta­ryn­da 2012-nji ýyl­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len Ha­zar eko­lo­gi­ýa fo­ru­my­ny, 2013-nji ýy­lyň mart aýyn­da Da­şo­guz­da ge­çi­ri­len “Ara­lyň eko­lo­gi­ýa­sy: dur­nuk­ly ösüş we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy” at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ty­ny, 2014-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Ha­zar deň­zi­niň de­ňiz gur­şa­wy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­nyň ta­rap­dar­la­ry­nyň (Täh­ran kon­wen­si­ýa­sy) kon­fe­ren­si­ýa­sy­nyň 5-nji mej­li­si­ni gör­kez­mek bo­lar. Şeý­le hem 2015-2016-njy ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça Döw­le­ta­ra to­pa­ry­na baş­lyk­lyk ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­ma­ly­dy­rys.
Şeý­le­lik­de, mil­li Li­de­ri­miz “ýa­şyl ösüş” stra­te­gi­ýa­sy­ny ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan dur­nuk­ly ös­me­gi­niň mö­hüm gu­ral­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­di. Ol bol­sa, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra hem-de köp asyr­lyk mil­li däp­le­re esas­lan­ýar.