ZENANLARA ULY HORMAT
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde edilen ilkinji hasabatda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky Buýrugyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi. Milli Liderimiz resminama gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly degişli wise-premýere iberdi hem-de baýramçylygyň hormatyna meýilleşdirilen dabaralary degişli derejede guramagyň zerurdygyny belledi. Pul sowgatlary çagalar edaralarynda terbiýelenýän, orta mekdeplerde bilim alýan gyzlara, Döwlet gullugy akademiýasynda, aspiranturada, doktoranturalarda we kliniki ordinaturalarda, ýokary okuw we ýörite hünärment mekdeplerinde okaýan gelin-gyzlara, şeýle hem býujet edaralarynda zähmet çekýän hem-de pensiýa we döwlet kömek pullaryny alýan aýal-gyzlara gowşurylmalydyr diýip, milli Liderimiz resminamanyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak barada degişli tabşyryklary berdi.
Şeýle hem ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň meseleleri hakyndaky Kararyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi. Degişli kanunçylyk namasynyň düzgünlerini nazara almak bilen taýýarlanylan resminama laýyklykda, bu edaranyň wezipeleri kesgitlenildi hem-de onuň düzümine üýtgetmeler girizildi. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň meseleleri hakynda” Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly degişli wise-premýere iberdi hem-de bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
ÝANGYÇ-ENERGETIKA TOPLUMYNYŇ
BINÝADY PUGTALANDYRYLÝAR
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän edara-kärhanalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berildi.
Hasabatlardan görnüşi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň gurluşyk işleri tamamlandy. Bu orta hünär okuw mekdebinde geljekde nebitgaz toplumynda zähmet çekjek hünärmenleriň 1900-si bilim alýar. Okuw mekdebine her ýylda ýaşlaryň 700-si kabul edilip, nebitgaz hünäri hem-de sanly ulgam bilen bagly bilim berilýär. Mekdebiň binasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň sanawyna goşuldy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi göz öňünde tutýan resminamalaryň taslamalary hem hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen resminamalara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly degişli wise-premýere iberdi.
OBA HOJALYGYNDA
DÜÝPLI ÖZGERIŞLIKLER
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyndan önüm öndürijilere berlen ýeňillikleriň öwezini dolmak üçin harajatlary maliýeleşdirmek hakyndaky çözgüdiň taslamasy hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminama gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberdi hem-de degişli görkezmeleri berdi.
ELEKTRON RESMINAMALAR
DOLANYŞYGY KÄMILLEŞDIRILÝÄR
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy bilen işlenilip taýýarlanylan hem-de 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlaşdyrmak we ylmy işläp taýýarlamalary döwrüň talaplaryna laýyk önümçilige ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda “bir penjire” ulgamynyň kesgitlenendigi nygtaldy. Bu ulgam halkara tejribesinde resminamalary taýýarlamak hem-de daşary ykdysady işlerine gatnaşyjylaryň maglumatlaryny bermek, şolaryň bir nokatda maglumat taýdan üpjünçiliginiň elýeterliligi babatda ulanylýar. Şu babatda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan işe girizilen e.gov.tm diýen bir bitewi Döwlet hyzmatlar hem-de işler portaly uly waka boldy.
Bu portal raýatlar we işewürlik üçin elektron görnüşde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge niýetlenen “bir penjire” diýen awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamydyr.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminama gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de onuň ýerine ýetirilmegi boýunça degişli tabşyryklary berdi.
SAGDYN IÝMITLENMEGIŇ ÄHMIÝETI
Mejlisiň barşynda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleriniň esasynda taýýarlanylan Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynyň taslamalary barada hasabat berildi.
Bu milli maksatnamanyň esasy maksady ilatyň saglygyny pugtalandyrmakdan, keselleriň öňüni almakdan, raýatlarymyzyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Jemgyýetimizde sagdyn iýmitlenmek meseleleri boýunça aň-bilim hem-de wagyz-nesihat çärelerini işjeň geçirmek, ýaramaz endikleriň garşysyna göreşmek maksatnamanyň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, iýmit ulgamynda yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak, ylmy-barlaglary geçirmek we tejribä ornaşdyrmak hem-de hünärmenleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz sagdyn iýmitlenmegiň usullaryny we görnüşlerini ösdürmek ulgamynda ylmy barlaglary höweslendirmäge, maslahatlary işläp taýýarlamaga, ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga ýardam etmäge gönükdirilen bu Maksatnamany tassyklamak hakyndaky Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberdi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
KATAR DÖWLETINE IŞ SAPARY
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, “Açyk gapylar” we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Arap dünýäsiniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherine boljak gulluk iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Onuň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, türkmen-katar gatnaşyklary meselesine degip geçip, olaryň dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz uzakmöhletleýin esasda netijeli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Katar Döwletiniň paýtagtyna gulluk iş saparyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlanmagyň üpjün edilmegini tabşyryp, degişli Buýruga gol çekdi. Milli Liderimiz resminamany wise-premýere, daşary işler ministrine elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberip, Kataryň Emirine halkara derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak baradaky çakylygy gowşurmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň netijelerini jemläp, Hökümetiň agzalarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän halkara we milli baýramçylyklara bagyşlanan çäreleriň degişli derejede guralmagyna ünsi çekip, şolaryň tutuş ýurdumyz boýunça ýokary derejede, ählumumy ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmegini üpjün etmek barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. Gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak ýakyn geljek üçin esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gurluşyk işleriniň depginini çaltlandyrmak hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ulanmak bilen, gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak bilen bagly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.