Sag­ly­gy sak­la­ma­gyň we go­wu­lan­dyr­ma­gyň wa­jyp şert­le­ri­niň bi­ri hem sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si bo­lup, bu köp ke­sel­le­riň öňü­niň alyn­ma­gy­nyň il­kin­ji şer­ti bo­lup dur­ýar. Ta­lyp­la­ryň be­de­ni­ne ada­ty en­dik­le­ri­ň üýt­ge­me­gi uly tä­sir ed­ýär. Özleşdirilýän mag­lu­mat­la­ryň göw­rü­mi­niň art­ma­gy, ola­ryň mek­dep­de ber­len gör­nü­şin­den ta­pa­wut­la­nyp, tä­ze­çe bol­ma­gy, ola­ryň psi­hoe­mo­sio­nal ýag­da­ýy­na düşýän agramy art­dyr­ýar. Bu bol­sa ta­lyp­la­ryň be­de­ni­niň ka­da­ly iş­le­me­gi üçin çyl­şy­rym­ly we jo­gap­kär­li dö­wür bo­lup dur­ýar.
Ta­lyp­la­ryň iý­mit­len­me­gin­de esa­sy aras­sa­çy­lyk ta­lap­la­ry şu­lar­dan yba­rat­dyr: iý­mi­tiň sa­na­wy dür­li gör­nüş­de bo­lup, her hi­li mad­da­lar dü­zü­mi bo­ýun­ça de­ňag­ram­laş­dy­ry­lan bol­ma­ly; iý­mit­len­me­giň gi­je-gün­diz­lik sa­na­wy er­tir­lik, gü­nor­tan­lyk we ag­şam­lyk na­har­la­ryň ara­syn­da dog­ry paý­la­nyl­ma­ly; iý­mi­tiň ka­bul edil­me­li wag­ty we ola­ryň ara­syn­da­ky ara­kes­me­ler berk sak­la­nyl­ma­ly. Ta­lyp­lyk döw­rün­de bir to­par fi­zio­lo­gi­k ul­gam­la­ryň eme­le gel­me­gi ta­mam­lan­ma­dyk, şol se­bäp­li hem ýaş be­de­niň iý­mit sa­na­wy­nyň de­ňag­ram­ly­ly­gy­nyň bo­zul­ma­gy­na duý­gur­ly­gy ýo­ka­ry bol­ýar. Iý­mit sa­na­wy­nyň ag­la­ba bö­le­gi esa­san hem ösüm­lik­ler­den yba­rat bo­lup, oba ýer­le­rin­den şä­he­re oka­ma­ga ge­len ta­lyp­la­ryň iý­mit­len­me­gi­niň hä­si­ýe­tin­de has uly üýt­ge­me­ler bo­lup geç­ýär.
Ýo­ka­ry okuw mekdebinde netijeli iý­mit­len­me­giň gur­nal­ma­gy ta­lyp­la­ryň sag­lyk ýag­da­ýy­nyň we gü­nüň umu­my ter­tip-düz­gü­ni­niň de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na has oňaý­ly tä­sir ed­ýär. El­bet­de, ta­lyp­la­ryň fi­zio­lo­gik taý­dan sag­dyn iý­mit­len­me­gi­niň özü­niň hem wa­jyp okuw-ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti bo­lup, netijeli iý­mit­len­me­giň ýö­rel­ge­le­ri­niň tej­ri­be­de ula­ny­ly­şy­nyň gör­ke­zil­me­gi gel­jek­ki hü­när­men­le­riň gö­zük­di­ril­me­gi­ne has oňaý­ly tä­sir eder.

Hoş­gel­di Ba­ba­mu­ra­dow,
My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky TDLU-nyň ta­ly­by.