Bahar hemişe tebigatyň janlanmagy bilen baglanyşdyrylypdyr, ol täzelenişiň üýtgewsiz nyşany bolmak bilen, şatlyk we tebigata janlanyş getiripdir. Gadymdan bäri türkmen halky fewralyň aýagyny gyşyň gutardygy hasaplaýar. “Togsan dolup ýere ýyly gidende” tebigat üýtgeýär. Ota-çöpe jan girýär. Uly-kiçiniň kalby ýaşarýar, juwanlaşýar. Baharda açylýan gül-gülälegi görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Baharyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Daglaryň käýeri al-ýaşyl dona bürense, käýeri gyrmyzy gülälekden düşek düşenýär. Gyşyň sowugynda berk ýapylan gapylar baharda giňden açylýar. Bu döwürde çagalar:
Ýagyş ýagara geldi,
Saman suwara geldi,
Gyzlar oýnara geldi.
Heýjan elek, jan elek,
Gyş aýrylyp, ýaz geldi.
– diýip, daş-töweregiň ajaýyplygyny duýup, dürli oýunlary oýnamak üçin daşaryk çykýarlar.
Ýaz paslynyň gelmegi bilen durmuş gaýtadan başlanýar. Oba hojalygynda gyzgalaňly döwre gadam basylýar. Ekin ekilýär, owlak-guzy köpeldilýär.
Bahar paslynda türkmen halky ajaýyp baýramçylyklaryň 2-sini toýlaýar. Olar 8-nji mart Halkara zenanlar güni hem-de 21-22-nji mart Milli bahar baýramydyr. Pasyllaryň soltany bolan bahar paslynda döwlet derejesinde toýlanýan Milli bahar baýramy biziň bagtyýarlyk döwrümiziň ruhuna has hem kybap gelýär. Ýurdumyzda Milli bahar baýramy diýlip atlandyrylýan Nowruz baýramy uzak ýyllaryň dowamynda bellenilip gelýär. Nowruz baýramynyň umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň dürli-dürlüligini gorap saklamak hem-de onuň umumadamzat bähbitli taraplaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Türkmen topragy sahawatly, hasylly toprak. Türkmen topragyna ýazyň gelşem üýtgeşik. Guşlaryň baharyň gelşini buşlaýan mahmal owazy gulaga ýakymly degýär, ýazyň ajaýyp şemaly ýüzüňi ýelpände nepesiň durlanyp, ruhuň beýgelýär.
Bu pasyl ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek ugrunda hem giň tagallalaryň edilýän döwrüdir. Bu döwürde agaç nahallarynyň täzeleri ekilip, bar bolanlaryna ideg etmek işleri has-da uly ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň Milli tokaý maksatnamasynyň esasynda ýurdumyzyň dürli künjekleriniň toprak, howa şertleriniň aýratynlyklaryna esaslanýan tokaýlary dikeltmek, döretmek boýunça tokaýçylyk taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işlerini giň gerimlerde alyp barmak üçin täze innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, Türkmenistanyň Aralýaka sebitinde tokaýlaşdyrmak işlerini geçirmek, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny bagy-bossanlyga öwürmek işlerini dowam etmek, Awaza derýasynyň kenarlaryny tokaýlaşdyrmak, Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak babatda köp işler edilýär.
Umuman, bahar diýmek janlanyşdyr, dirilikdir. Bahara Zeminiň ýylgyryşy hem diýýärler. Eger şeýle bolmasa, her ýylda dünýäni läle-reýhana besläp, ýaşaýşa täzeden jan berip gelýän bahar, şeýle gözel bolarmydy?! Dünýäni ter güllere, ýaşyl maýsalara besläp gelýän baharda näçe ylham, näçe jady bar. Ynha, şular ýaly ajaýyp bahar günlerinde mährem enelerimiziň, ajaýyp zenanlarymyzyň, läle ýaly görk-görmekli uýalarymyzyň baýramlarynyň bellenilip geçilmegi – biziň zenanlarymyza döwlet tarapyndan goýulýan ullakan hormatdan nyşandyr.
Gambarguly ÝALKAMYŞOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy.