Alym­lar emeli hem­ra ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­dan al­nan su­rat­la­ry ýe­rüs­ti gö­zeg­çi­lik­ler bi­len de­ňeş­di­rip, dün­ýä­dä­ki agaç­lar ozal­ky ha­sap­la­ma­lar­dan has köp di­ýen ne­ti­jä gel­di­ler. Ha­ky­kat­da bol­sa, Ýe­riň ýü­zün­de nä­çe aga­jyň bar­dy­gy­ny bil­mä­ge ça­lyş­mak, as­man­da nä­çe ýyl­dy­zyň bar­dy­gy­ny çak­la­ma­ga sy­na­nyş­mak ýa­ly­dyr.

Şeý­le bol­sa-da, hal­ka­ra bar­lag ge­çi­ri­ji­ler to­pa­ry iki çe­me­leş­mä­ni hem bi­rik­di­rip, ola­ryň sa­ny­nyň, tak­my­nan, 3 tril­li­on 100 mil­li­ar­da ba­ra­bar­dy­gy ba­ra­da­ky ne­ti­jä gel­di­ler. Her ýyl­da ola­ryň, çen bi­len, 15 mil­li­ar­dy ça­pyl­ýan eken. Alym­la­ryň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, 12 müň ýyl mun­dan ozal, adam­za­dyň oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň baş­la­ma­gy bi­len, agaç­la­ryň muk­da­ry 46 gö­te­rim aza­lyp­dyr.
– Adam­za­dyň te­bi­ga­ta giň ge­rim­li tä­si­ri haý­ran gal­dyr­ýar – di­ýip, We­ge­nin­gen şä­he­rin­dä­ki Gol­land eko­lo­gik ins­ti­tu­ty­nyň eko­lo­gi­ýa­dan hü­när­me­ni To­mas Krow­ter tas­syk­la­ýar.
– Biz adam­za­dyň zäh­me­ti­niň agaç­la­ryň muk­da­ry­ny kes­git­le­ýän esa­sy se­bäp­le­riň bi­ri­di­gi­ni çak ed­ýär­dik, ýö­ne onuň ro­lu­nyň has ulu­dy­gy­na göz ýe­tir­dik – di­ýip, ol aýd­ýar.
Hem­ra ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň mag­lu­mat­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, dün­ýä­dä­ki agaç­la­ryň sa­ny, çen bi­len, 400 mil­liard diý­lip çaklanylýardy. Hem­ra ara­gat­na­şyk ul­ga­my to­kaý­la­ryň hä­si­ýe­ti ba­ra­da köp mag­lu­mat­la­ry ber­se-de, oňa ada­myň ba­şar­ny­gy ýa­ly aý­dyň­lyk el­ýe­ter­li däl. Krow­ter we onuň iş­deş­le­ri bu çe­me­leş­mä­ni bir­leş­dir­di­ler. De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň, Rus­si­ýa­nyň we Skan­di­naw ýurt­la­ry­nyň to­kaý­lyk­la­ryn­da agaç­lar özü­niň gür­lü­gi bi­len ta­pa­wut­la­nyp­dyr. Taý­ga­lar­da, çen bi­len, 750 mil­liard da­ragt ýa-da dün­ýä­niň agaç­la­ry­nyň umu­my muk­da­ry­nyň 24 gö­te­ri­mi ös­ýän eken. Tro­pik we subt­ro­pik to­kaý­lar­da bol­sa, 1,3 tril­li­on ýa-da umu­my muk­da­ryň 43 gö­te­ri­mi ös­ýän eken.