“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýylyň ilkinji aýlarynda gazanylan netijeler örän buýsandyryjydyr. Ýanwar-fewral aýlarynyň ykdysady netijeleri hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň hem-de milli Liderimiziň giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen oňyn daşary syýasatynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Şu ýylyň 6-njy martynda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly mejlisinde ýurdumyzyň ýanwar-fewral aýlaryndaky gazanan üstünlikleri beýan edildi. Şol mejlisdäki hasabatlardan görnüşi ýaly, ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş depgini boýunça jemi içerki önümiň görkezijisi 6,3 göterime deň boldy. Ösüş depgini oba hojalygynda 3,1 göterime, söwda ulgamynda 11,1 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10 göterime barabar boldy. Ýurdumyzda umumy bahasy 35 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän dürli desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Ýaşaýyş-durmuş, önümçilik we senagat maksatly gurluşyklaryň umumy bahasynyň 16 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberiniň ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylýandygy aýratyn guwandyryjy wakadyr.
Mundan başga-da, hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim ýokarlandy. Ýanwar-fewral aýlarynyň netijeleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,3 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 3,8 göterim artdy.
Şeýle hem Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 8,7 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça ýanwar-fewral aýlarynda öndürilen önümleriň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,1 göterim ýokarlandy. Bu görkeziji “Türkmenhaly” döwlet birleşiginde 22,6 göterime deň boldy. Ýurdumyzyň önümleriniň dünýä bazaryna işjeň ýagdaýda ýerlenilmegine saldamly goşant goşýan Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe birža söwdalarynyň 42-si geçirilip, 5 müňden gowrak şertnama baglaşyldy, şolaryň köpüsi eksport-import amallary boýunça baglaşyldy. Türkmen önümleriniň mahabatlandyrylmagy hem-de dürli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygynyň ýygjamlaşdyrylmagy babatda dürli halkara çärelerini yzygiderli gurnaýan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 64,9 göterim artdy, girdeji 96,7 göterim köpeldi.
Umuman, ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki guwandyryjy ösüşler milli Liderimiziň alyp barýan oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň çäklerinde amala aşýandygyny görmek bolýar.
Milli Liderimiz tarapyndan ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde hususy pudagyň wekilleriniň hem paýynyň has ýokary bolmagy ugrunda giň tagallalar edilýär. Bu ugurdaky giň gerimli işler ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleriniň milli ykdysadyýetimize goşýan goşandynyň yzygiderli ýokarlanmagy bilen şertlendirilendir. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlary boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde senagat önümleriniň öndürilişi 11 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 2,1 esse artdy.
Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary pomidor, däneli-kösükli ekinleri, bakja we gök önümlerini, şeýle hem süýji-köke önümleriniň önümçiligini ýola goýdular. Döwlet tarapyndan toplumlaýyn goldaw we oba hojalyk önümçiliginde toplanan tejribe netijesinde, oba hojalyk önümini hususy öndürijiler diňe bir içerki bazary üpjün etmän, eýsem ekerançylyk önümleriniň eksportuny-da artdyrýarlar. Ýyladyşhana hojalygyny ösdürýärler, oba hojalyk ekinlerini, miweli baglary we üzüm ekmek üçin, täze ýerleri özleşdirýärler. Diňe ýylboýy pomidor ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen ýyladyşhanalary gurmak üçin, köp möçberde ýerler bölünip berildi. Şol ýerde öndürilýän önümler Owganystana, Gazagystana, Gyrgyz Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna we beýleki daşary ýurtlara yzygiderli iberilýär. Hususy pudagyň wekilleri gök we bakja önümleriniň eksport ugurlaryny has-da giňeldip, Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryna hem ugratmagy meýilleşdirýärler.
Mundan başga-da, gurluşyk senagaty ugurlarynda telekeçilere uly orun degişlidir. Bu ugurlarda işleýän hususy pudagyň wekilleri hojalyk harytlarynyň önümçiliginde hem köp işleri durmuşa geçirýärler. Ýurdumyzyň bazarlaryny polipropilenden, poliwinilhloridden we polietilenden ýasalýan önümler bilen üpjün edýän türkmen telekeçileri bu önümleri öndürmek üçin, çig maly öz ýurdumyzdan alýarlar. Bu önümleriň çig maly Gyýanlydaky ýokary tehnologiýaly gazhimiýa toplumyndan alynýar. Çig malyň öz ýurdumyzda bolmagy, önümiň özüne düşýän gymmatynyň pes bolmagyna getirýär.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bäsdeşlige ukyply harytlaryň we hyzmatlaryň giň görnüşiniň ilata hödürlenilmegi, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberleriniň artdyrylmagy, ýurdumyzda hususy işewürligiň ösdürilmegi ýaly ugurlarda alnyp barylýan ykdysady strategiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.