Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň mil­li mi­ra­sy­ny wa­gyz et­mek, ony döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­mek ba­bat­da, giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ugur­da ýur­du­my­zyň ha­ly­çy­lyk su­n­ga­ty­na hem uly orun de­giş­li­dir. Türk­men hal­ky­my­zyň ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­na be­lent sar­pa goý­lup, onuň meş­hur­ly­gy­ny dün­ýä ta­nat­mak­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ge­çen ýyl ýur­du­my­zyň ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­nyň ta­ry­hyn­da ýat­dan çyk­ma­jak wa­ka bol­dy. BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak ba­ra­da­ky hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň no­bat­da­ky 14-nji mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň tek­li­bi bi­len türk­men mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­ny ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek ba­ra­da­ky çöz­gü­di türk­men hal­ky­nyň mil­li sun­ga­ty­na go­ýul­ýan be­lent sar­pad­an ny­şan­dyr.
Hal­ky­my­zyň sun­gat de­re­je­si­ne ýe­ti­ren aja­ýyp ese­ri­niň bi­ri hem türk­men ha­ly­sy­dyr. Ha­ly – pe­der­le­ri­mi­ziň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň, geç­miş ta­ry­hy­nyň çi­tim­ler­dä­ki be­ýa­ny­dyr. Ha­ly mil­le­ti­mi­ziň dö­re­den mad­dy hem ru­hy me­de­ni­ýe­ti­niň gaý­ta­lan­ma­jak nus­ga­sy­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň “Jan­ly ro­wa­ýat”, “Ar­şyň ne­pis­li­gi” at­ly aja­ýyp eser­le­ri hal­ky­my­zyň uzak asyr­la­ryň do­wa­myn­da kä­mil­leş­di­ren ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­ny iç­gin öw­ren­mek­de gym­mat­ly çeş­me­ler bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Türk­men hal­ky­nyň ama­ly-ha­şam sun­ga­ty baý we kö­pu­gur­ly­dyr. Onuň ha­ly sun­ga­ty, zer­gär­çi­lik sun­ga­ty, dok­ma­çy­lyk we ke­çe­çi­lik ýa­ly gör­nüş­le­ri mä­lim­dir. Türk­me­nis­tan öz Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bo­lan­dan soň, hal­ky­my­zyň ta­ry­hy­ny, me­de­ni mi­ra­sy­ny öw­ren­mä­ge uly üns be­ril­ýär.
Ha­ly­çy­lyk mil­li sun­gat­la­ryň bi­ri­dir. Mu­ňa bir­nä­çe ta­ry­hy ta­pyn­dy­lar­dyr yl­my mag­lu­mat­lar hem gü­wä geç­ýär. Ha­ly do­ka­mak sun­ga­ty ýa­rym çar­wa we otu­rym­ly halk­la­ryň ara­syn­da ýü­ze çy­kyp­dyr. Ha­ly we ha­ly önüm­le­ri türk­me­niň dur­mu­şy bi­len berk bag­ly­dyr. El ha­ly önüm­le­ri bi­len türk­men hal­ky öýü­ni, aty­ny, dü­ýe­si­ni, dur­muş es­bap­la­ry­ny be­zäp­dir. Ha­ly­çy­lyk­da ga­dym­dan ýör­gün­li bo­lan te­bi­gy bo­ýag­la­ry ulan­mak ha­ly­la­ra gö­ze ýa­kym­ly tä­ze öwüş­gin ber­ýär. Us­sat ze­nan­la­ry­myz ha­ly sun­ga­tyn­da öz ýa­şan te­bi­ga­ty­ny ez­ber­lik bi­len jan­lan­dy­ryp­dyr. Hut şu ýag­daý hem türk­men ha­ly­sy­nyň öz­ge bir hal­kyň­ka meň­ze­me­ýän, mi­ze­mez syr­ly sun­gat ese­ri­di­gi­ni ýe­ne bir ýo­la äş­gär ed­ýär.
Türk­men ha­ly­sy özü­ne mah­sus ru­hy me­de­ni­ýe­ti we ne­pis­li­gi özün­de jem­le­ýär. Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ri­len ga­zu­w-ag­ta­ryş iş­le­rin­de ta­py­lan ga­lyn­dy­lar hal­kyň ha­ly sun­ga­ty­nyň ga­dy­my dö­wür­le­re uzan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Türk­men ha­ly­la­ry­nyň ir­ki nus­ga­la­ry wag­tyň geç­me­gi bi­len has uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Türk­men ha­ly­syn­da ak, sa­ry, ga­ra reňk­ler bi­len bir ha­tar­da has hem gy­zyl reňk ag­dyk­lyk ed­ýär.
Ýer ýü­zün­de türk­men ha­ly­la­ry­na bo­lan is­leg bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Äh­li dö­wür­de-de türk­men ha­ly­sy­nyň hy­ry­da­ry­nyň köp bo­lan­dy­gy­na ga­dy­my ýa­zuw çeş­me­le­ri hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da-da türk­men ha­ly­la­ry­na bo­lan is­le­giň ka­na­gat­lan­dy­ryl­ma­gy ba­bat­da köp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ge­çen ýyl Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de “Türk­men ha­ly­la­ry” dü­ka­ny­nyň açyl­ma­gy, türk­men ha­ly­sy­nyň dün­ýä meş­hur­ly­gy­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­nyň ýe­ne-de bir su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Bu aja­ýyp sun­ga­tyň ga­dy­my nus­ga­la­ry­ny go­rap sak­la­mak ba­ra­da uly ala­da edi­lip, ha­ly­çy­lyk pu­da­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li ber­ki­dil­ýär. Ha­ly­çy ge­lin-gyz­la­ryň ne­ti­je­li iş­le­me­gi we oňat dynç al­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da­ky Türk­men ha­ly­sy­nyň mil­li mu­ze­ýi ru­hy we mad­dy me­de­ni­ýe­tiň oja­gy, ýüz­ler­çe gym­mat ba­ha­ly ha­ly eser­le­ri­niň ha­zy­na­sy bo­lup dur­ýar. Bu ýe­re ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­den ge­ti­ri­len çe­per­çi­lik gym­ma­ty we teh­ni­ki taý­dan taý­ýar­la­ny­şy bo­ýun­ça örän seý­rek ta­pyl­ýan baý gym­mat­lyk­lar top­lu­my ýyg­na­lan­dyr.
“Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny” ýy­lyn­da hem ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da çe­per ha­ly­çy­lyk top­lum­la­ry­nyň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Ha­ly­lar we ha­ly önüm­le­ri­ toý-baý­ram­lar­da gu­ral­ýan ak öý­le­riň be­ze­gi bo­lup dur­ýar. Bu bol­sa mil­li mi­ra­sy­my­zyň ne­sil­den-nes­le geç­ýän öç­mez-ýit­mez sun­gat ese­ri­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Bi­bi­je­mal KA­KA­BA­ÝE­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.