Is­pa­ni­ýa­nyň luk­man­la­ry adam be­de­ni­niň dür­li wi­rus­la­ra gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän önüm­le­riň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň “La Van­gu­ar­dia” ga­ze­ti ha­bar ber­ýär.
Bu sa­naw­da ker­we­niň ba­şy­ny sa­rym­sak çek­ýär. Ol dür­li bak­te­ri­ýa­la­ra gar­şy gö­re­şi­ji se­riş­de ha­sap­lan­ýar. Şeý­le hem sa­naw­da sa­rym­sak­dan soň­ra öz or­nu­ny E wi­ta­mi­ne baý bo­lan ba­dam we dem alyş ýol­la­ry­ny go­ra­ýan çer­ni­ka eýe­le­di.
Mun­dan baş­ga-da, luk­man­lar gün­de­lik iý­mi­tiň ha­ta­ry­na to­wu­gyň ýa-da hindi to­wu­gy­nyň etin­den çor­ba­ny goş­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler. Bu­lar­dan baş­ga-da, sa­naw­da kö­me­lek, ga­ra şo­ko­lad, nar, ki­wi, sit­rus mi­we­le­ri we ys­ma­nak ýa­ly önüm­ler we mi­we­ler öz or­nu­ny al­dy. Iç­gi­ler­den gök ça­ýyň we gatygyň ada­myň im­mu­ni­te­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­makda peý­da­ly­dy­gy mä­lim edil­di.

Bagdagül UDAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
uly mugallymy.