Ýewropa Bileleşigi ösüşiň ekologiýa görnüşini saýlap alyp, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek babatdaky meýilnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişdi. Ýewropa Komissiýasy ekologiýa ugruny döretmek üçin hereket meýilnamasyny kabul etdi. Onuň maksady Ýewropa Bileleşiginiň ykdysadyýetini geljekde “ýaşyl” ykdysadyýete öwürmekden ybarat bolup, daşky gurşawy goramak, ulanylýan serişdeleriň has köp wagt saklanyp galmagyny üpjün etmek bilen bäsdeşlik ukybynyň güýçlendirilmegi göz öňünde tutulýar.
Hereket meýilnamasynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň durnukly önümçilik we sarp edijilik ugrunyň kadaly ýagdaýda saklanylmagyna uly ähmiýet berler. Ýewropa Bileleşiginiň bazarlaryna ýerlenen harytlaryň has uzak wagtlap ulanylmagyny gazanmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, gaýtadan ulanmak, gaýtadan işlemek, çig malyň ýerine mümkin boldugyça gaýtadan işlenen serişdeleriň ulanylmagyny gazanmak meýilleşdirilýär. Bir gezeklik ulanylýan serişdeler mümkin boldugyça çäklendiriler, wagtyndan öň könelmeginiň öňüni almak işleri geçiriler. Sarp edijiler ekologiýa taýdan amatly haryt saýlap almak üçin önümleriň dowamlylygy we ýaramlylygy barada ygtybarly maglumatlary alarlar.
Ýewropa Komissiýasy elektron enjamlarynyň, batareýalaryň we ulag serişdeleriniň ulanyş möhletiniň artdyrylmagy we galyndylaryň gaýtadan işlenilmegi babatda, kadalaşdyryjy-hukuk çärelerini işläp düzmäge girişer. Harytlary gaplamak, plastmassanyň düzümi, dokma önümlerini gaýtadan işlemek we binalary gurmak üçin täze hökmany talaplar kabul ediler.
Täze kanunçylyk başlangyjy, jemgyýetçilik iýmit pudagynda bir gezek ulanylýan gap-gaçlary çalyşmaga, galyndylary azaltmaga gönükdirilendir. Ýewropa Bileleşiginiň “ýaşyl ugry” şu wagtky Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen tarapyndan 2019-njy ýylyň 11-nji dekabrynda hödürlenipdi. Ýewropa Komissiýasynyň hasaplamalaryna görä, 2030-njy ýylda ykdysadyýetiň bu ugry, sebitiň jemi içerki önüminiň 0,5 göterim artmagyna we 700 müň täze iş orunlarynyň döremegine getirer.
Gaýypnazar BALLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.