Astronomlar birnäçe ýyldan bäri Halkara kosmos bekedinde synag maksady bilen ösümlikleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Häzire çenli bu ugurda uly tejribe toplanyp, öz netijesini berip başlady. Bu ýerde ösdürilip ýetişdirilen salat ýapragynyň iýmitlik gymmatynyň Ýerdäkiler bilen deňeçerdigi anyklandy. NASA-nyň hünärmenleri Gýoýa Massa we Kristina Hodadad 2014-2016-njy ýyllar aralygynda kosmos bekedinde ösdürilen ösümlikleri ýakyndan barlapdyrlar. Kosmosda ekilen ýapragyň ýeke-täk tapawudy olaryň düzüminde has köp mikroorganizmleriň bolmagy. Bu mikroorganizmleriň bolsa, bekediň öz içki florasyny emele getirmegi bilen baglydygy we adam saglygyna hiç hili zyýanynyň ýokdugy aýdyldy. Bu ylmy-barlaglar diňe kosmos bilen bagly bolman, Ýerde durmuşa geçiriljek taslamalara hem öz goşandyny goşýar. Şeýle hem geljekde beýleki asman jisimlerinde hemişelik beketler gurlanda, ol ýerdäki astronomlary Ýerden azyk ibermezden iýmit bilen üpjün etmek maksat edinilýär. Ýeri gelende aýtsak, Halkara kosmos bekedinde hemişe 6 ekipaž hyzmat edip, olar gerekli azyk önümleri bilen üpjün edilýär we kosmosda ekilen bakja ekinlerine zerurlyk duýmaýarlar. Bekediň çäginde bu ugurda iş alyp barýan ýörite laboratoriýa bolup, ekinler diňe ylmy maksatlar üçin ekilýär.
10-njy martda “SpaceX” kompaniýasynyň “Dragon” ýük gämisi Halkara kosmos bekedine bardy. Wagtal-wagtal iberilýän adamsyz kosmos gämisi bekede golaý baranda, tirsekli robot arkaly çekilip alynýar. Kosmos gämisiniň äkiden 2 tonna barabar ýüküniň arasynda synag we tejribe materiallarynyň, bakja we süýji-köke önümleriniň bardygy mälim edildi. “Dragon” bir aý çemesi ol ýerde galandan soňra, artykmaç zatlary yzyna alyp gaýdar.