Adam­zat ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri paý­ha­sy­ňy sy­na­ýan dür­li tap­ma­ça­la­ry dö­re­dip­dir. Ola­ryň kä­bi­ri dil­den aý­dyl­ýan bol­sa, kö­pü­si ýaz­ga ge­çi­ri­lip­dir. Ir­ki dö­wür­ler­de peý­da bo­lan tap­ma­ça­la­ryň bir gör­nü­şi bol­sa re­bus­dyr. Rebus la­tyn­ça­da­ky zat­lar (res:zat, re­bus:zat­lar) sö­zün­den ge­lip çyk­ýar. Bu söz il­ki “nōn verbīs sed rēbus” (söz­ler bi­len däl, zat­lar bi­len) jüm­le­sin­den la­tyn­ça ge­çip­dir.
Aý­dyl­mak is­len­ýän za­dy su­rat­lar bi­len be­ýan et­mek Ga­dy­my Mü­sür me­de­ni­ýe­ti­niň ir­ki ýa­zuw çeş­me­le­rin­de ga­bat gel­ýär. Em­ma tap­ma­ça gör­nü­şin­dä­ki il­kin­ji re­bus ýy­gyn­dy­sy­ny 1582-nji ýyl­da fran­si­ýa­ly şa­hyr Et­ýen Ta­bu­ro ta­ra­pyn­dan “Les Bi­ga­rur­res du Se­ig­ne­ur des Accords” ady bi­len çap edil­ýär. Fran­si­ýa­dan soň­ra Ita­li­ýa, Ang­li­ýa we Ger­ma­ni­ýa giň­den ýaý­rap, dür­li dil­ler­de re­bus­lar peý­da bol­ýar. Tap­ma­ça­nyň bu gör­nü­şi her dil­de dür­lü­çe bo­lup bil­ýär. Kä­bir dil­de her har­pyň aý­dy­ly­şy we söz için­de ge­len­de oka­ly­şy baş­ga bo­lan dil­ler­de, bir harp sö­züň de­re­gi­ne ula­nyl­ýar. My­sal üçin, iň­lis di­lin­de ICU gör­nü­şin­de baş harp­lar bi­len ýa­zy­lyp, her harp aý­ra­tyn­lyk­da oka­lan­da “I see you”, ýag­ny, “Men sa­ňa dü­şün­ýän” diý­me­gi aň­lad­ýar. XIX asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­da tap­ma­ça­nyň bu gör­nü­şi has hem kö­pel­ýär. Re­bus gör­nüş­li ki­çi­räk eser­ler peý­da bol­ýar. Şol dö­wür­de ga­zet­dir žur­nal­la­ryň sa­hy­pa­la­ryn­da hem re­bus­lar iň köp çap edil­ýän we oky­jy­lar köp­çü­li­gi ta­ra­pyn­dan sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şyl­ýan güý­men­jä öw­rül­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da te­le­wi­zor­lar­da hem re­bus oýun­la­ry ýaý­ly­ma goý­be­ril­ýär.
Re­bu­syň pi­kir­len­mek, dö­re­di­ji­li­gi ös­dür­mek ýaly hä­si­ýe­ti bo­lup, haý­sy­dyr bir za­dy aň­sat­lyk bi­len hy­ýa­lyň­da jan­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de hem iň gy­zyk­ly tap­ma­ça­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar.