Kä­mil­lik
Bir ze­na­nyň iki sa­ny uly küý­ze­si bo­lup, ola­ryň her bi­ri eg­in agajynyň bir ujun­dan asy­lyp goý­lan eken. Küý­ze­le­riň bi­rin­de bi­raz jaý­ryk bo­lup, her ge­zek der­ýa­dan öýe gel­ýän­çä, için­dä­ki su­wy ýar­ty bo­lup gal­ýan eken. Beý­le­ki küý­ze bol­sa, abat bo­lup, öýe çen­li do­lu­ly­gy­na bar­ýan eken.
Bu ýag­daý bir­nä­çe ýyl do­wam edip, ze­nan öýü­ne di­ňe bir ýa­rym küý­ze suw el­tip­dir. El­bet­de, abat küý­ze öz üs­tün­li­gi­ne az be­gen­män­dir. Çat açan bet­bagt küý­ze bol­sa, öz kem­çi­li­gin­den uta­nyp, gy­na­nyp­dyr. Se­bä­bi, ol ze­rur su­wuň di­ňe ýa­ry­sy­ny ge­ti­rip bi­lip­dir. Bir ge­zek häl­ki küý­ze çeş­mä­niň ba­şyn­da eýe­si­ne ga­rap zeý­re­nip­dir:
– Men öz ýag­da­ýym­dan ga­ty utan­ýan, se­bä­bi me­niň öýe çen­li ara­lyk­da su­wu­myň deň ýa­ry­sy da­şy­na akyp gid­ýär.
Ze­nan ýyl­gy­ryp şeý­le di­ýen:
– Ýo­da­nyň sen ta­rap­da­ky gy­ra­syn­da gül­le­riň ösüp otu­ran­dy­gy, beý­le­ki küý­ze ta­rap­da bol­sa, hiç hi­li gü­lüň ýok­du­gy, ün­sü­ňi çek­me­di­mi? Men se­niň kem­çi­li­gi­ňi bil­ýän­li­gim üçin hem se­niň ta­ra­py­ňa gül­le­ri ek­dim. Her gün biz yzy­my­za öw­rü­le­ni­miz­de sen ola­ry su­war­ýar­syň. Eger-de sen şeý­le bol­ma­dyk bol­saň, on­da bu gö­zel­lik­ler as­la-da bol­maz­dy.
Netije: Her ki­miň özü­ne ýe­ter­lik kem­çi­li­gi, şol bir wag­tyň özün­de hem şah­sy aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup, olar bi­ziň dur­mu­şy­my­zy gy­zyk­ly we ar­zy­ly ed­ýär. Şo­ňa gö­rä, her ki­mi öz bol­şy ýa­ly ka­bul edip, on­da­ky gö­zel­lik­le­ri gör­jek bol­ma­ly.

Iş ha­ky
Iş­çileriň bi­ri öz ho­ja­ýy­ny­nyň ýa­ny­na arz edip ba­ryp­dyr:
– Ho­ja­ýyn! Sen nä­me üçin, Ah­me­de üç es­se köp hak tö­le­ýäň? Ýog­sam men ýal­ta-da däl, iş­leý­şim hem Ah­me­diň­ki­den pes däl. Se­niň bu ed­ýä­niň ada­lat­ly däl.
Na­za­ry­ny uzak­la­ra di­kip du­ran ho­ja­ýyn, sak­ga­ly­ny sy­pa­lap, şeý­le di­ýip­dir:
– Şo ýer­den bir ga­ra gö­rün­ýär. Göw­nü­me bol­ma­sa, dü­ýe­le­riň ker­we­ni ýa­ly-la. Bar, git­-de bi­lip gel!
Iş­çi al­ňa­sap gid­ýär. Köp wagt geç­män­kä-de yzy­na ge­lip, şeý­le diý­ip­dir:
– Dog­ry eken, ho­ja­ýyn! Ker­wen ge­çip bar­ýar.
– Ni­räň ker­we­ni­di­gi­ni anyk­la­ma­dyň­my? Müm­kin, Me­di­ne­den gel­ýän­dir?
– Bil­me­dim.
– Bar, git­-de bi­lip gel.
Iş­çi gi­dip, ýe­ne-de öw­rü­lip gel­ýär.
– Ho­ja­ýyn! Dog­ry eken, Me­di­ne­den gel­ýän ker­wen eken.
– Ýü­ki nä­me­kä?
– Bil­me­dim.
– Bar, git­-de, onam bi­lip gel!
Ol gi­dip ge­lip, şeý­le diý­ýär:
– Ho­ja­ýyn, ker­we­niň esa­sy ýü­ki hur­ma eken.
– Ba­ha­sy­ny so­ra­ma­dyň­my?
– Ýok.
– Bar, ony hem bi­lip gel.
Şol wagt how­la gi­ren, Ah­met şeý­le diý­ýär:
– Ho­ja­ýyn, go­la­ýy­myz­dan Me­di­nä­niň hur­ma­dan mas ýük­le­nen dü­ýe­le­ri­niň ker­we­ni ge­çip bar­ýar. Ar­zan­rak gür­leş­dim, ala­ly­my?
– Ala­ly.
On­soň ho­ja­ýyn bi­rin­ji iş­çä ga­rap, şeý­le di­ýýär:
– Me­ge­rem, in­di Ah­me­de nä­me üçin 3 es­se köp hak tö­le­ýän­li­gi­miň se­bä­bi­ne dü­şü­nen bol­saň ge­rek.

Uzak ýa­şa­ma­gyň sy­ry
Ha­bar­çy­la­ryň bi­ri­ne 100 ýa­şy ar­ka atan gar­ry­nyň uzak ýa­şa­ma­gy­nyň syr­la­ry­ny öw­ren­me­gi tab­şy­ryp­dyr­lar. Ha­bar­çy dag­lyk ýer­de ýer­leş­ýän oba­da­ky ol gar­ry­nyň öýü­ni so­rap-idäp ta­pyp­dyr we onuň 100 ýa­şa­ma­gy­nyň syr­la­ry ba­ra­da so­wal be­rip baş­lap­dyr. Gar­ry özü­niň uzak ýa­şa­ma­gy­nyň sy­ry­ny hiç wagt hiç kim bi­len je­del­leş­män­di­gi bi­len dü­şün­di­rip­dir. Ha­bar­çy geň ga­lyp:
– Eý­sem, si­ziň bü­tin öm­rü­ňiz­de hiç kim bi­len je­del­leş­män­di­gi­ňiz dog­ru­my? – di­ýip­dir.
– Ha­wa, dog­ry.
– As­la, hiç kim bi­len je­del­leş­me­di­ňiz­mi?
– Hiç kim bi­len, hiç kim bi­len!
– Be… hat­da öz aýa­ly­ňyz bi­le­nem­mi?
– Ha­wa, öz aýa­lym bi­le­nem.
– Hat­da öz ça­ga­la­ry­ňyz bi­le­nem­mi?
– Ha­wa, ça­ga­la­rym bi­le­nem.
– On­da 100 ýa­şy ar­ka atyp, bir ge­ze­gem je­del­le­şip gör­män­si­ňiz-dä?
– Bir ge­ze­gem.
– Hiç ha­çan hiç kim bi­len­mi? – di­ýip, ha­bar­çy ga­şy­ny çy­typ, ga­har­la­nyp ug­rap­dyr.
– Ha­wa-la – di­ýip, gar­ry pa­ra­hat jo­gap be­rip­dir.
Şon­dan soň, san­dy­rap ug­ran ha­bar­çy:
– Ýok, si­ziň bü­tin öm­rü­ňiz­de bir sa­pa­ram kim­dir bi­ri bi­len je­del­leş­mez­li­gi­ňiz bo­lup bil­jek zat däl ahy­ryn! – di­ýip, göz­le­ri­ni te­ge­läp­dir.
– Ha­wa, je­del­leş­dim, je­del­leş­dim – di­ýip, gar­ry ýyl­gy­ryp jo­gap be­rip­dir-de, yzyn­dan hem şeý­le di­ýip­dir:
– Suw­ja­gaz owurt­la­ýyň!

Üm­süm­lik
Bir ýo­la bir gar­ry ba­gyň sa­ýa­syn­da dynç al­mak üçin dy­zy­ny epip­dir. Ol ýe­re garrynyň dur­muş ýö­rel­ge­si we pi­kir­le­ri bi­len yla­laş­ma­ýan bir­nä­çe ja­hyl ýi­git­ler hem ýyg­na­nyp, ýer­siz-ýe­re oňa yr­sa­rap baş­lap­dyr­lar. Ýö­ne, gar­ry özü­ni pa­ra­hat alyp ba­ryp, ola­ra bar­my­sy­ňyz hem diý­män­dir. Gar­ry­nyň özü­ni pa­ra­hat alyp bar­ma­gy ola­ry has-da öjük­di­rip­dir. Oňaý­syz ýag­daý eme­le ge­lip­dir: ola­r gar­ry ru­ha­ny­ny kem­sid­ip­dir­ler, ol bol­sa se­si­ni çy­kar­man ar­ka­ýyn otyr­myş. Ahyr, ola­ryň bi­ri gar­ra ha­bar ga­typ­dyr:
– Bu nä bo­luş, how. Biz bu gep­le­riň ba­ry­ny sa­ňa aýd­ýa­rys­my­kak öýd­ýäs we­lin… ýa-da sen eşi­de­ňok­my?
– O nä­hi­li! Eşid­ýän! Hut eşid­ýän­li­gim üçin hem üm­süm­li­gi­mi sak­lap oty­ryn-da. Ýi­git­ler, siz bir za­da dü­şü­niň, me­ni kem­si­dip kem­sit­mez­lik si­ziň öz işi­ňiz. Ýö­ne, si­ziň sam­syk­ly­gy­ňy­zy ka­bul edip et­mez­lik we­lin, me­niň öz yg­ty­ýa­rym­da­ky zat. Men ola­ry in­kär ed­ýä­rin, se­bä­bi olar ka­bul ede­ni­ňe de­ge­nok. Si­ziň aýyp­la­ma­la­ry­ňy­zy ka­bul et­me­ýän­li­gim üçin, siz ola­ry özü­ňiz­de sak­lap bi­ler­si­ňiz. Şeý­le-de, si­ze me­ni kem­sit­me­gem ga­da­gan ede­mok. Bu si­ziň er­kin­li­gi­ňiz we hu­ku­gy­ňyz – di­ýip, gar­ry pa­ra­hat jo­gap be­rip­dir. Soň­ra bol­sa, ýyl­gy­ryp­dyr-da, bat­la­ry gow­şap ug­ran ja­hyl­la­ra ýüz­le­nip: – El­bet­de, siz ma­ňa hiç-hi­li ze­per ýe­tir­me­di­ňiz, hiç-hi­li bi­ra­hat­lyk dö­ret­me­di­ňiz. Bol­ma­sa, bi­reý­ýäm men­den şu ta­ýa­gy iýer­di­ňiz – di­ýip, elin­dä­ki ta­ýa­gy­ny ola­ra ge­zäp­dir-de, ýe­rin­den tur­mak bi­len bo­lu­be­rip­dir.
Bag­ban we ýa­zy­jy
Bir bag­ban ady­gan ýa­zy­ja ýüz­le­nip, şeý­le di­ýip­dir:
– Se­niň he­ka­ýa­la­ry­ňy oka­dym. Olar ma­ňa diý­seň ýa­ra­dy. Bil­ýäň­mi, men nä­me hak­da pi­kir et­dim? Is­le­seň men sa­ňa tä­ze he­ka­ýa­la­ry ýaz­ma­ga bäş-al­ty sa­ny pi­kir be­re­ýin. Ola­ryň ma­ňa ge­re­gi ýok. Se­bä­bi, men ýa­zy­jy däl. Müm­kin, sen oňat he­ka­ýa­la­ry ýa­zar­syň, ki­tap çy­ka­rar­syň, pul ga­za­nar­syň.
Ýa­zy­jy oňa şeý­le jo­gap be­rip­dir:
– Gar­daş, men sa­ňa gow­usy şu iýip otu­ran al­ma­my be­re­ýin! On­da oňat dä­ne­le­rem bar. Dä­ne­le­riň ma­ňa ge­re­gi ýok, se­bä­bi, men bag­ban däl. Müm­kin, sen ola­ry eker­siň, oňat al­ma­la­ry ýe­tiş­di­rer­siň, ha­sy­ly­ny ýyg­nar­syň hem-de ep-es­li­je ga­za­nar­syň.
– Diň­le gar­daş! Se­niň diş­län al­ma­ňa mä­täç­li­gim ýok. Me­niň al­ma­la­rym hem, al­ma agaç­la­rym hem, özü­me ýe­tik! – di­ýip, bag­ban ga­har­la­nyp ug­rap­dyr.
– On­da, sen nä­me üçin, me­niň pi­kir­le­rim özüme ýet­me­ýän­dir öý­dýär­siň? – di­ýip, ýa­zy­jy ýyl­gy­ryp­dyr.

Ter­bi­ýe
Bir tä­jir uzak ül­ke­den ar­gyş­dan öýü­ne do­la­nyp ge­lenden soňra, og­lu­nyň ba­şy­na gi­dip, özü­ne hiç gu­lak as­ma­ýan­dy­gy­na göz ýe­ti­rip­dir. Nä­me et­me­li? Ol nä­hi­li hem bol­sa bir ala­jy­ny ta­pyp, og­lu­ny ter­bi­ýe­le­me­giň ug­ru­na çyk­ma­ly­dy. Ma­za­ly oý­la­nan ka­ka­sy ga­py­sy­nyň ag­zyn­da bir pür­si ýe­re di­kip, og­lu­nyň her bir ýal­ňyş he­re­ke­tin­den soň, oňa bir çüý urup­dyr. Üs­tün­den ep-es­li wagt ge­çip­dir… Ka­ky­lan çüý­ler­den ýa­ňa pür­süň ýü­zi pe­tir be­ze­len ýa­ly bo­lup­dyr.
Ka­ka­sy­nyň mak­sa­dyn­dan ha­bar­dar bo­lan og­lu­nyň bu gör­nüş ke­je­be­si­ni da­ral­dyp­dyr. Şon­dan soň, ol özü­niň her bir he­re­ke­ti, ät­jek her bir ädi­mi hak­da çyn­la­kaý oý­la­nyp­dyr. Ol özü­ni edep­li, oňat alyp ba­ryp, ene-ata­sy­na hem kö­mek edip ug­rap­dyr. Şon­dan soň, ka­ka­sy onuň eden her bir ýag­şy işi üçin sü­tün­dä­ki bir çü­ýi sog­rup taş­lap­dyr. Og­ly mu­ny gö­rüp, has-da ha­ýyr­ly iş­le­ri et­mä­ge ta­gal­la edip­dir. Ine-de bir gün ka­ka­sy pürs­den iň soň­ky çü­ýi çy­ka­ryp­dyr. Ýö­ne bu ýag­daý og­lun­da düýp­gö­ter ga­ra­şyl­ma­dyk tä­sir dö­re­dip, ol ag­lap ug­rap­dyr.
– In­di nä­me üçin ag­la­ýar­syň, gör­şüň ýa­ly pürs­de hiç hi­li çüý gal­ma­dy ahy­ryn – di­ýip, ka­ka­sy ge­ňir­ge­nip­dir.
– Ha­wa, çüý­ler in­di ýok, ýö­ne onuň yz­la­ry we­lin dur ahy­ryn – di­ýip, og­ly ka­ka­sy­na gaý­gy­ly se­re­dip­dir.

Ruhubelent adam
Ja­han­keş­de­le­riň bi­ri oba ýa­şu­lu­sy­na ýüz­le­nip:
– Sa­ňa, şu oba­nyň iň şa­dy­ýan, ru­hu­be­lent ada­my diý­di­ler. Şol dog­ru­my? – di­ýip­dir.
– Ha­wa, şe­ý-ä diý­ýär­ler. Ýö­ne, men oba­daş­la­ry­myň hiç bi­ri­sin­den üýt­ge­şik­di­rin öý­de­mok.
– Ýa­şu­ly! Ha­ky­kat­dan-da, sa­ňa da­şyn­dan se­re­de­niň­de, se­niň ha­çan-da bol­sa, nä­me­dir bir za­dyň gaý­gy­sy­ny ede­ne ça­lym ede­ňok. Has dog­ru­sy, se­niň ýü­züň­de hiç-hi­li gaý­gy ala­mat­la­ry gör­ne­nok. Müm­kin, sen bu sy­ry bi­ziň bi­len paý­la­şar­syň.
– Eý­sem, dur­muş­da gaý­gy ede­ni­ňe deg­ýän zat bar­my? Eger bar bo­la­ýan­da hem, gaý­gy­nyň oňa peý­da­sy de­ger­mi?
– Nä­hi­li aja­ýyp pä­him-paý­has. Ha­ky­kat­dan hem, gaý­gy-ala­da­nyň hiç hi­li ne­pi de­ge­nok. Nä­me üçin sen bu syr ba­ra­da öz oba­daş­la­ry­ňa gür­rüň ber­me­ýär­siň?
– O nä­me üçin? Gür­rüň ber­dim ahy­ryn – di­ýip, ýa­şu­ly ýyl­gy­ryp­dyr. – Ine, sa­ňa-da aý­dyp du­run. Eý­sem, sen bu sy­ry ula­nyp ba­şa­rar­syň­my? – di­ýip, ýa­şu­ly ýyl­gy­ryp­dyr.

Dost­luk
Iki dos­tuň söz­le­ri aza­şyp, öý­ke­le­şip­dir. Ola­ryň bi­ri äh­li ta­nyş­la­ry­nyň ýa­nyn­da öz dos­tu­ny ýa­man­lap ug­rap­dyr. Ýö­ne, ep-es­li wagt ge­çen­soň, kö­şe­şip­dir-de, bu eden işi­ne ökü­nip­dir. Ol ötünç so­ra­mak üçin dos­tu­nyň ýa­ny­na ba­ryp­dyr. Şon­da dos­ty şeý­le di­ýip­dir:
– Bol­ýa, men se­ni ba­gyş­la­ýan. Ýö­ne bir şert bi­len.
– O nä­hi­li şert? – di­ýip, dos­ty so­rap­dyr.
– Bir ýas­syk al-da, onuň için­dä­ki äh­li per­le­ri­ni ýe­liň ug­ru­na paý­ra­dyp goý­ber – di­ýip­dir.
Dost­y onuň aý­dy­şy ýa­ly edip, bir ýas­sy­gy alyp, ýyr­typ­dyr-da, için­dä­ki per­le­ri­niň ba­ry­ny ýe­liň ug­ru­na sow­rup goý­be­rip­dir. Köw­sar­lap öwüs­ýän bat­ly şe­mal bol­sa ýas­sy­gyň ýe­lek­le­ri­ni oba­nyň çar ta­ra­py­na sü­rüp äki­dip­dir.
Eden işi­ne mon­ça bo­lan dos­ty ge­lip:
– Dost jan, tab­şy­ran ýum­şu­ň-a bi­ti­ren­di­rin. In­di, me­ni ba­gyş­lar­syň ge­rek? – di­ýip­dir.
– El­bet­de, in­di sen äh­li per­le­ri yzy­na ýyg­na­saň – di­ýip, dos­ty jo­gap be­rip­dir.
Ha­wa, äh­li per­le­ri yzy­na ýyg­na­mak kyn iş. Eý­ýäm, oba­nyň äh­li ýe­ri­ne ýaý­ran ýa­ra­maz gür­rüň­le­ri hem yzy­na ýyg­nap bol­ma­ýar. Söz di­liň­den syp­ýan­ça, se­niň ýe­si­riň, sy­pan­soň, sen onuň ýe­si­ri.

Iki al­ma
Gyz­ja­gaz eli­ne iki al­ma alyp, öýe gi­rip­dir. Me­ge­rem, jo­ra­la­ry­nyň bi­ri oňa al­ma­la­ry hö­dür eden bol­sa, ge­rek.
– Eje, se­ret­se­ne, nä­hi­li aja­ýyp gy­zyl al­ma­lar! – di­ýip, gy­zy dil­le­nip­dir.
– Ha­wa, üýt­ge­şik! Müm­kin ma­ňa-da hö­dür eder­siň? – di­ýip, eje­si gy­zy­na mä­hir­li se­re­dip­dir.
Gyz­ja­gaz elin­dä­ki al­ma­la­ra se­re­dip­dir-de, ola­ryň bi­ri­ni diş­läp­dir. Sa­lym geç­män­kä hem ikin­ji­si­ni diş­läp­dir.
Eje­si ge­ňir­ge­nip, öz ýa­nyn­dan: “Bä… gör­ýän we­lin me­niň gy­zym ga­ty gys­ganç bo­lup ýe­tiş­jek öýd­ýän. Al­ma­la­ryň iki­si­nem iý­mä­ge dur­dy, ma­ňa bol­sa, hö­dür ede­ýi­nem diý­me­di” di­ýip, oý­la­nyp­dyr.
Ýö­ne, gyz­ja­gaz al­ma­la­ryň bi­ri­ni eje­si­ne uza­dyp:
– Al, eje­ jan, şu ju­da süý­ji eken – di­ýip­dir.

Ter­ji­me eden Ýe­gen­mäm­met Taý­ly­ýew.
“Zaman-Türkmenistan”.