Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mil­li däp-des­sur­la­ry­my­zy di­kelt­mek ug­run­da alyp bar­ýan taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de türk­men hal­ky pa­syl­la­ryň sol­ta­ny ha­sap­lan­ýan ba­har pas­lyn­da Mil­li Ba­har baý­ra­my­ny uly da­ba­ra bi­len giň­den bel­läp geç­ýär. Her ýyl 21-22-nji mart­da tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça Mil­li ba­har baý­ra­my giň­den bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.

Bu baý­ram geç­miş­de eke­ran­çy­la­ryň ara­syn­da has da­ba­ra­ly ýag­daý­da bel­le­ni­lip ge­çi­lip­dir. Ol so­wuk gün­le­riň yz­da gal­ma­gy­ny, te­bi­ga­tyň gaý­ta­dan oýan­ma­gy­ny, eke­ran­çy­lyk iş­le­ri­ne gi­ri­şil­me­gi­ni ala­mat­lan­dy­ryp­dyr. Now­ru­za ga­bat­lap türk­men­ler naz-nyg­mat­lar taý­ýar­lap, ýa­ňy gö­ge­ren ýa­şyl bug­daý­dan taý­ýar­la­nan se­me­ni­ni bi­şi­rip, bi­rek-bi­re­ge hö­dür-ke­rem ed­ýär­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, ga­dy­my Now­ruz baý­ra­my müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş alyp gaýd­ýan pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk, yn­san­per­wer­lik we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk däp­le­ri­ni özün­de jem­le­ýär. Now­ruz baý­ra­my her ýyl Türk­me­nis­tan, Tür­ki­ýe, Öz­be­gis­tan, Ga­za­gys­tan, Eý­ran, Ow­ga­nys­tan, Azer­baý­jan, Tä­ji­gis­tan, Yrak, Hin­dis­tan, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy hem-de beý­le­ki se­bit­ler­de giň­den bel­le­nil­ýär.

Now­ruz diý­mek­li­giň özi “Tä­ze gün” diý­me­gi aň­lad­ýar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, 2010-njy ýyl­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Hal­ka­ra Now­ruz gü­ni diý­lip yg­lan edil­me­gi, ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi ga­dy­my­ýet­den göz­baş­ly bu baý­ra­my bel­le­ýän halk­la­ry, ýurt­la­ry has-da ýa­kyn­laş­dyr­dy. Now­ruz baý­ra­my öz göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýar. Ga­dy­my mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Now­ruz dün­ýä­niň köp halk­la­ryn­da gi­je-gün­di­ziň deň­leş­me­gi, ýyl se­ne­si­niň baş­lan­gy­jy ha­sap edi­lip­dir. Gyş ba­har pas­ly­na or­nu­ny ber­di. Te­bi­gat oýa­nyp, meý­dan­lar gül­zar­ly­ga öw­rül­ýär. Bu pa­syl hem­me­le­riň söý­ýän pas­ly. Ba­har­da tä­ze güýç, umyt, tä­ze ga­dam bi­len ädim ädil­ýär. Daý­han­lar üçin bu pa­syl iň bir gyz­ga­laň­ly, gy­zyk­ly dö­wür­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek ba­ra­da­ ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len bu pa­syl­da bag­la­ry, sa­ýa­ly agaç na­hal­la­ry­ny ek­mek iş­le­ri uly dep­gi­ne eýe bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da, türk­men daý­han­la­ry üçin hem aý­gyt­ly dö­wür bo­lup, pag­ta ek­mek işi­ne gi­ri­şil­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da taý­ýar­la­nan “Paý­has çeş­me­si” ki­ta­byn­da hem Now­ruz ha­kyn­da köp san­ly na­kyl­lar­dyr paý­has­ly söz­ler bar. “Ýy­lyň gel­şi Now­ru­zyn­dan bel­li, ýa­ryň gel­şi – sow­ga­dyn­dan”, “Now­ruz ge­çiň şa­hy­ny ez­se, ha­sy­la ga­raş”, “Now­ruz­dan soň gyş bol­maz, mi­zan­dan soň – ýaz”, “Ba­har­da­ky he­re­ket, güýz­ki – be­re­ket”, “Ýaz di­ýip, ot­suz gal­ma, gyş di­ýip – suw­suz” ýa­ly en­çe­me na­kyl­lar­dan hem gör­nü­şi ýa­ly ba­har pas­ly be­re­ke­tiň hem-de tä­ze­le­ni­şiň pas­ly­dyr.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len mil­li baý­ram­la­ry­my­za be­lent sar­pa go­ýlup, Mil­li ba­har baý­ra­my gö­zel­li­ge we nu­ra­na­ly­ga bes­len­ýär. Dün­ýä halk­la­ry­ny bir sup­ra­nyň ba­şy­na jem­le­ýän Hal­ka­ra Now­ruz baý­ra­my­nyň buş­luk­çy­sy bo­lan se­me­ni baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň öz­bo­luş­ly be­ze­gi­ne öw­rül­ýär.

Narbaý ÖZBEKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.