Ara­gat­na­şy­gyň ös­me­gi bi­len is­len­dik mag­lu­ma­ty, ha­ba­ry ýyl­dy­rym çalt­ly­gyn­da dün­ýä­niň haý­sy­dyr bir kün­je­gi­ne, hat­da kos­mos gi­ňiş­li­gin­dä­ki gä­mi­le­re we beý­le­ki en­jam­la­ra iber­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­di. Bu ýag­daý yk­dy­sa­dy ba­bat­da önüm­çi­lik, ha­ryt­lar we hyz­mat­lar ul­ga­my­na öz tä­si­ri­ni ýe­ti­ren bol­sa, gün­de­lik dur­muş­da adam­la­ryň en­dik­le­ri­ni hem üýt­get­di. Is­pa­ni­ýa­nyň Bar­se­lo­na şä­he­rin­de oý­na­lyp du­ran fut­bol du­şu­şy­gy­na, Los-An­je­les­de ge­çi­ril­ýän aý­dym-saz da­ba­ra­sy­na, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ril­ýän Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na to­ma­şa et­mek üçin ol ýer­le­re git­me­giň ze­rur­ly­gy ýok. Şeý­le wa­ka­lar gö­ni ýaý­lym ar­ka­ly dün­ýä­niň äh­li ýe­rin­dä­ki adam­la­ra ýe­ti­ril­ýär. Beý­le­ki mil­let­le­ri, halk­la­ry we me­de­ni­ýet­le­ri has ýa­kyn­dan ta­na­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­dil­me­gi bi­len bar­ha glo­bal­laş­ýan dün­ýä­de bo­lup geç­ýän tä­ze­lik­ler hem gyz­gy­ny bi­len köp­çü­li­ge ýe­ti­ril­ýär. Mun­da te­le­wi­zo­ryň, ra­dio­nyň ýa-da ga­ze­tiň däl, eý­sem in­ter­ne­tiň hem uly tä­si­ri bar. Il­ki 1970-nji ýyl­lar­da di­ňe yl­my iş­gär­le­re, soň­ra-da 1990-njy ýyl­lar­da äh­li halk köp­çü­li­gi­ne el­ýe­ter­li bo­lan tor mag­lu­mat­la­ryň äh­li­si­ni bir ýe­re jem­le­di. In­ter­net adam­la­ryň öz ara­la­ryn­da ha­bar­laş­mak hem-de köp­çü­lik üçin el­ýe­ter­li bo­lan mag­lu­mat­la­ry, şol san­da tä­ze­lik­le­ri hö­dür­le­mek müm­kin­çi­li­gi­ni ber­ýär. Ara­gat­na­şy­gyň bu ul­ga­my köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­den hem-de ara­gat­na­şyk se­riş­de­le­rin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da se­si, wi­deo­ýaz­gy­ny, su­ra­ty we ha­ty ýaý­rat­mak üçin şert dö­red­ýär. Şeý­le bo­lan­soň il­ki bi­len ga­zet­ler, soň­ra te­le­wi­zor­dyr ra­dio­lar in­ter­net­den iş­jeň peý­da­la­ny­p baş­lady. 1990-njy ýyl­lar­da ga­zet­le­riň elekt­ron gör­nüş­li­si­niň ga­ty az san­ly­sy peý­da bol­dy. Bel­li gün­de­lik ga­zet­le­riň kö­pü­si oky­jy­la­ry­na 1995-nji ýyl­lar­da on­laýn ar­ka­ly hö­dür­le­nip baş­lan­dy. Bu ga­zet­le­riň çap edil­ýän gör­nüş­le­ri­ hem abu­na­çy­la­ra ýe­ti­ril­ip duruldy. In­ter­ne­tiň çalt ýaý­ra­ma­gy oky­jy­la­ryň is­leg­le­ri­ne hem öz tä­si­ri­ni ýe­tir­di. Şeý­le­lik­de, oky­jy­lar tä­ze­li­gi öw­ren­mek üçin er­tir­ki ga­ze­tiň çyk­ma­gy­na ga­raş­man, in­ter­net ar­ka­ly ba­da-bat öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik al­dy­lar. In­ter­net teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň ýaý­baň­lan­ma­gy, oky­jy­la­ryň tä­ze­li­gi is­len­dik wagt­da oka­mak is­le­gi, şeý­le hem jem­gy­ýet­çi­lik tor­la­ry­nyň ýaý­ra­ma­gy ýa­ly se­bäp­ler ga­zet­le­riň elekt­ron gör­nüş­le­ri­niň çyk­ma­gy­na iter­gi ber­di. 1995-nji ýyl­da ABŞ-nyň esa­sy dört ga­ze­ti (The Was­hing­ton Post, New York Ti­mes, Dai­ly Mir­ror, He­rald Tri­bu­ne) çap edil­mä­ge taý­ýar ga­zet sa­hy­pa­la­ry­ny on­laýn gör­nüş­de oky­jy­la­ra ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len bi­le­lik­dä­ki şe­re­ke­ti dö­red­ýär­ler. Soň­ky ýyl­lar­da ga­zet­le­riň bir­nä­çe­si in­ter­net saýt­la­ryn­da­ky kä­bir ma­ka­la­la­ry di­ňe öz abu­na­çy­la­ry­na, ýag­ny ka­gyz gör­nü­şin­dä­ki nus­ga­sy­na abu­na ýa­zy­lan­la­ra el­ýe­ter­li ed­ýär. Oky­jy­lar köp­çü­li­gi ha­bar­la­ryň kö­pü­si­ni saýt­lar­dan çäk­len­dir­me­siz okap bil­ýär­ler. Çap gör­nü­şi­ni do­lu­ly­gy­na ýa­ty­ran il­kin­ji ga­zet­le­riň bi­ri Bri­ta­ni­ýa­nyň “The In­de­pen­dent” ga­ze­ti bol­dy. 1986-njy ýyl­da dö­re­di­len ne­şir 2016-njy ýyl­da di­ňe in­ter­net ar­ka­ly ýaý­ra­dy­lyp baş­lan­dy. 1645-nji ýyl­dan bä­ri çy­ka­ryl­ýan Şwe­si­ýa­nyň “Post-och In­ri­kes Tid­nin­gar” ga­ze­ti 2007-nji ýyl­dan baş­lap in­ter­net ar­ka­ly hö­dür­len­ýär. Bu ga­ze­tiň az san­ly nus­ga­sy ar­hiw üçin çap edil­ýär. Şeý­le-de, kä­bir hep­de­lik žur­nal­lar on­laýn gör­nüş­de çy­ka­ryl­ýar. 1734-nji ýyl­dan bä­ri Lon­don­da ne­şir edil­ýän “Lloyd’s List” žur­na­ly 2013-nji ýyl­da sa­nly ul­gam ar­ka­ly ýaý­ra­dy­lyp baş­lan­dy. 2000-nji ýyl­lar­dan soň­ra bol­sa, tä­ze­lik­le­ri di­ňe in­ter­net ar­ka­ly hö­dür­le­ýän ne­şir­ler peý­da bol­dy.
Elekt­ron ne­şir­ler aý­ra­tyn­lyk­da mo­bil en­jam­lar üçin ýö­ri­te app­li­ka­si­ýa hem hö­dür­le­ýär­ler. Bu prog­ram­ma­lar smart­fon­lar we plan­şet­ler ar­ka­ly tä­ze­lik­le­ri is­len­dik ýer­de oka­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.