Hünärmenler Hindi ummanynyň gündogarynda akulanyň täze iki görnüşiniň ýaşaýandygyny anykladylar. Bu jandarlaryň ululygy bir-birine deňeçer bolup, boýy 1 metre barabar. Deňiz jandarlarynyň “Sixgill Shawshark” toparyna degişli görnüşlerdigi habar berildi. Akulalaryň burunlarynyň byçga meňzeşdigi mälim edildi. Germaniýanyň Gamburg şäherindäki Elasmobranç laboratoriýasynyň biology Simon Weýgmann geçirilen barlagyň Günbatar Hindi ummanynyň akula biodürlüligi babatda näderejede ähmiýetlidigini ýüze çykarandygyny aýdýar. Weýgmann we onuň kärdeşleri täze tapylan jandarlar barada “PLoS ONE” žurnalyna maglumat beripdirler. Byçgy burunly akulalar awyny ýiti burunlary bilen parçalaýarlar. Şeýle akulalaryň bedeniniň iki gapdalynda dem alyş organlary bolýar. Hünärmenler çuňňur deňizdir ummanlaryň entek üsti açylmadyk ösümliklere we jandarlara baýdygyny belleýärler.