Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreler ýaly, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi hem hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ýylyň-ýylyna ýurdumyzda sport desgalarynyň sany artýar, köp sanly häzirki zaman sport düzümleri peýda bolýar, olar iň ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilendir, adamlaryň barha köp sanlysy sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar.
Berkarar döwletimizde sportuň dürli görnüşleri bilen bir hatarda giňden ýaýran hem-de Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girizilen welosiped sportunyň ösdürilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde sportuň bu görnüşi boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge doly laýyk gelýän hem-de Halkara welosipedçiler bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Welotrek sport binasy guruldy. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde Bütindünýä welosiped güni baradaky Rezolýusiýa kabul edildi.
Şoňa laýyklykda, her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. Bu baýramçylygyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky başlangyçlarynyň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda sportuň welosiped sürmek görnüşini ösdürmäge uly üns berilýär. Muňa döwlet Baştutanymyz tarapyndan 2013-nji ýylyň iýunynda degişli Karara gol çekilmegi güýçli itergi berdi. Häzirki wagtda sportuň bu görnüşi ilat arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ulagyň bu görnüşini söýýänler gün-günden artýar. Ýurdumyzda ýygy-ýygydan köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirilip durulýar.
Ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda özüniň ekologiýa taýdan arassalygy bilen aýratyn tapawutlanýan welosiped, ilkinji nobatda, adam bedeniniň sagdyn bolmagy üçin ýörite gural bolup hyzmat edýär. Arassa howada welosipedli gezelenç etmegiň adamyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy, fiziki işjeňliginiň ýokarlanmagy üçin örän peýdaly hereket bolup durýandygy eýýäm dünýäniň ençeme ýurtlarynda alymlar tarapyndan subut edildi.
Welosiped haçan-da bolsa bir wagt oýlanyp tapylan ulaglaryň iň amatlysy bolsa gerek. Welosiped diňe adam energiýasyny ulanyp hereket edýär we ol adam saglygy we daşky gurşaw üçin juda peýdalydyr.
Welosipedi ähli döwürleriň iň döwrebap ulagy hasaplamak bolar. Beýik Britaniýada haýsy oýlap tapyşyň has ähmiýetlidigini kesgitlemek üçin geçirilen pikir soraşmada hem welosiped öňe çykarylypdyr. 1800-nji ýyldan bäri edilen açyşlaryň arasynda iň ähmiýetlisi hökmünde welosipediň öňe sürlendigi onuň dünýäniň ähli ýerinde giňden ýaýrandygyny aýtmaga esas berýär. Welosiped sürýän adamyň immuniteti ýokarlanýar. Welosipedli syýahatyň saglyga peýdasy 3 sany täsiriň, ýagny daşky gurşaw, howa şertleri, fiziki işjeňligiň özara baglanyşygy bilen amala aşyrylýar. Adamyň ähli myşsalary, gan aýlanyşy kadalaşýar. Adam bedenine mahsus bolan hereketleriň uly göwrümini ulanmagy üpjün edýän tebigy-biologiki esaslary bilen keselleriň öňüni almaga ukyplydyr.
Ol bedeniň kemala gelmegini, berkemegini, ösmegini tizleşdirýär. Welosiped sürlende adamyň ýürek, dem alyş we endokrin ulgamynyň işjeňligi ýokarlanýar, gan toplanma hadysalary aýrylýar. Welosiped sürlüp bolandan soňra, öýkeniň howa bilen üpjünçiligi we ýüregiň ýygrylyş ýygylygy artýar.
Bahargül HANBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
uly mugallymy.