“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda özgerişler ähli ugurlarda sazlaşykly alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda ençeme işler amala aşyrylýar. Abadan, asuda döwletimizde jemgyýetimiziň sagdynlygyny gorap saklamakda, kanunçylygy üpjün etmekde hem guwandyryjy netijeler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary netijesinde ata Watanymyz tutuş dünýäde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýaýbaňlandyrýan döwlet hökmünde şöhratlanýar. Häzirki wagtda sport hereketiniň işjeňliginiň artdyrylmagy sagdynlyk ýörelgesiniň, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegi bilen utgaşykly alnyp barylýar we oňa ýurdumyzyň raýatlarynyň her biri işjeň goşulyşýar. Ýaş türkmenistanlylaryň bagtyýar geljeginiň gurulýan şu ajaýyp döwründe abadan hem sagdyn ýaşaýşy üpjün etmek günüň derwaýys meselesi hökmünde irginsiz durmuşa geçirilýär, ýaşlaryň sagdyn endik kadalary ösdürilýär.
Eziz Watanymyzyň her bir ot-çöpi derde derman. Islendik ýurduň topragy, duz-tagamy, dermanlyk ot-çöpleri şol ýerde ýaşaýan adamlaryň janyna şypa berýär. Halkymyzyň gadym döwürlerden bäri atgulak, çopantelpek, yşgyn, çomuç, selmelik, tere, ýandak ýaly ösümlikleri derman hökmünde ulanyp gelendigi bellidir.
Melhemler mekany hasaplanýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda beýan edilen dermanlyk otlaryň dürli görnüşlerinden netijeli peýdalanmak ugrunda tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu eseri diňe bir türkmenistanlylar üçin däl-de, eýsem, dünýäniň beýleki döwletleriniň halklary üçin hem niýetlenendir. Milli Liderimiziň bu ajaýyp eserinde ýurdumyzyň çäginde bitýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri we ony taýýarlamagyň düzgünleri barada giňden gürrüň berilýär. Halkymyzyň ýan kitabyna öwrülen hormatly Prezidentimiziň bu ylmy eserleri ýurdumyzyň diňe bir lukmançylyk edaralarynda ýa-da bolmasa şypahanalarynda ulanylman, eýsem, adamlar öz gündelik durmuşlarynda giňden peýdalanýarlar. Bu babatda üzärlige uly orun degişlidir. Bu derde derman ösümlik we onuň dürli häsiýetleri barada milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik ylmy işinde gymmatly maglumatlar berilýär. Üzärlik dermanlyk häsiýete eýedir, ösüp oturan üzärligiň ýokarky bölegi orulyp alynýar we kölegede, şemal çalýan ýerde guradylýar. Halk tebipçiliginde üzärlik häzire çenli ýokary derejeli derman-däri hökmünde giňden ulanylýar. Ugur-ýol bilýän eli ýeňil tebipler üzärlikden peýdalanyp, sowuklamany, garaguş keselini, böwrek agyryny bejerýärler. Üzärligiň güýji bilen aşgazan, içege, öthalta keselleri bejerilýär. Mälim bolşy ýaly, müň bir derdiň dermany bolany üzärligiň tüssesiniň dermanlyk ähmiýetiniň bardygyna göz ýetirdik. Üzärligiň ýanan külüniň hem peýdalydygy aýdylýar.
Şeýle hem onuň tohumlaryndan giňden peýdalanmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Bu melhem otuny telekeçilik babatda hem giňden ulanmak göz öňünde tutuldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine giňden goldaw berýär. Şol goldawlaryň netijesinde ýurdumyzda dürli önümleriň önümçiligi ýola goýuldy. Şolaryň hatarynda arassaçylyk babatda giňden ulanylýan çygly süpürgiçleri we ýuwujy serişdeleri görkezmek bolýar. Bu ugurda iş alyp barýan “Täç hil” hususy kärhanasy häzirki wagtda çygly süpürgiçleriň 28 görnüşi bilen birlikde, ýuwujy serişdeleriň dokuz görnüşini, suwuk sabynlaryň 5 görnüşini öndürýär. Bu hususy kärhananyň hünärmenleri üzärlik dänejikli suwuk sabynyň önümçiligini ýola goýmagyň üstünde işleýärler. Ýurdumyzda ösüp ýetişýän şeýle gymmatly dermanlyk ösümlikleriň ýerli önümçilikde hem giňden ulanylmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.
Resul ANNAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.