Çyl­şy­rym­ly çe­per eser­le­ri oka­mak beý­ni­niň akyl ýe­ti­riş ukyp­la­ry­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar. Bu ba­ra­da bri­tan ne­şi­ri “Mai­lOn­li­ne” ha­bar ber­di. Bu ne­şir göw­nü­çök­gün­ler üçin Çarlz Di­kken­siň ýa-da Jeýn Os­ti­niň ro­man­la­ry­ny oka­ma­gy mas­la­hat ber­ýän Li­wer­pul uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry Fi­lip De­wi­siň tä­ze bar­lag­la­ry­na sal­gy­lan­ýar.
Alym nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty oka­ma­gyň oky­jy­la­ry ýa­ra­maz pi­kir­ler­den ha­las edip, öz­le­ri­ni has jan­ly duý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar.
Pro­fes­sor Fi­lip De­wi­siň aýt­ma­gy­na gö­rä, Emi­li Bron­te­niň “Tu­pan­ly ge­çel­ge” ýa-da Lew Tols­to­ýyň “Uruş we pa­ra­hat­çy­lyk” ýa­ly eser­le­ri oka­lan­da, oky­jy ese­riň gah­ry­ma­ny bi­len deň de­re­je­de gaý­gy­la­nyp, beý­ni­si­niň has ne­ti­je­li iş­le­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu bol­sa, dur­mu­şyň hi­li­ni has-da go­wu­lan­dyr­ýar. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, duý­gu­la­ryň go­şul­ma­gy adam aňy­ny has çyl­şy­rym­ly we çuň­ňur iş­le­mä­ge mej­bur ed­ýär. Bu bol­sa öz ge­ze­gin­de, oky­jy­nyň özü­ni iş­jeň duý­ma­gy­na, hat­da be­de­niň ke­sel­le­re gar­şy du­ru­jy­lyk uky­by­nyň güýç­len­me­gi­ne se­bäp bol­ýar.
– Mag­lu­mat­lar adaty tertipde oka­lan­da, beý­le ýag­daý bol­ma­ýar. Em­ma ede­bi eser­ler beý­ni­ni has-da iş­jeň­leş­dir­ýär. Oky­jy tol­gun­ýar we beý­ni duý­gu­çyl bol­ýar – di­ýip, pro­fes­sor De­wis aýd­ýar. Onuň “Dur­muş üçin oka­mak” at­ly ki­ta­byn­da oka­ma­gyň gar­ry­lyk döw­rün­de hem ýa­dy go­ra­ma­ga kö­mek edip bil­jek­di­gi bel­le­nil­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de, pro­fes­sor iň go­wy gör­ýän ki­ta­by­nyň Jorj Elio­tyň çyl­şy­rym­ly di­li, keşp­le­ri we sýu­žet­le­ri bi­len ta­nal­ýan “Midl­març” ro­ma­ny­dy­gy­ny aýt­dy.

Rozygül GUTLYÝEWA, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň
merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrap şahamçasynyň müdiri.