Adam­za­dyň ösü­şi­niň do­wa­myn­da at­la­ryň keş­bi dün­ýä me­de­ni­ýe­tin­de mö­hüm or­ny eýe­le­di. Bu di­ňe bir mad­dy me­de­ni­ýe­te däl, eý­sem, ru­hy taý­da­nam mö­hüm­dir. At­lar, şüb­he­siz, ru­hy dün­ýä­niň ba­ky gym­mat­lygy bolup, aýratyn ähmiýete eýedir. Şo­nuň üçin “at mow­zu­gy” sun­gat­da hem uly orun alyp­dyr. Ga­dy­my dö­wür­ler­den hä­zir­ki gü­ne çen­li ýa­zy­jy­la­ryň, su­rat­keş­le­riň, heý­kel­ta­raş­la­ryň, şa­hyr­la­ryň eser­le­rin­de owa­dan atyň keş­bi­ giň­den wasp edi­lip­dir.
Ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ahal­te­ke at­la­ry­nyň ta­ry­hy me­ka­ny bo­lan ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­rin­de ta­py­lan ar­heo­lo­gi­ki ta­pyn­dy­lar­dan hem gör­nü­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz ha­ky­kat­dan hem be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň ga­dy­my ýur­du­dyr.
Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­nyň bo­sa­ga­syn­da ýur­du­my­zyň ar­heo­log­la­ry­nyň tä­ze göz­leg­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de, ýü­ze çy­ka­ry­lan gym­mat­lyk­la­r halk köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ril­di. Le­bap we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ri­len baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň çäk­le­rin­de gör­ke­zi­len gym­mat­lyk­la­ryň ara­syn­da atyň to­ýun­dan ýa­sa­lan heý­kel­ji­gi Ker­ki et­ra­by­nyň çä­gin­dä­ki Mür­ze­beg ga­la­syn­dan ta­pyl­dy. Bu ta­pyn­dy ga­dy­my Par­fi­ýa me­de­ni­ýe­ti­niň III-V asyr­la­ra de­giş­li­dir diý­lip çak­la­nyl­ýar.

Tä­sin gym­mat­lyk­la­ryň beý­le­ki üçü­si Ka­ka et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän Abi­werd ga­la­syn­dan ta­pyl­dy. Bu ga­la Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň esa­sy şa­ha­la­ry­nyň bi­ri­niň ug­run­da ýer­leş­ýär. Şo­nuň üçin hem ol ta­ry­hyň äh­li dö­wür­le­rin­de, şol san­da or­ta asyr­lar­da hem iň bir ge­lim-gi­dim­li ýer­le­riň bi­ri bo­lup­dyr. Mu­ny ýü­ze çy­ka­ryl­ýan ta­pyn­dy­lar hem tas­syk­la­ýar. Tä­ze ta­py­lan gym­mat­lyk­la­ryň ara­syn­da eýer­le­nen atyň üs­tün­dä­ki ça­pyk­su­wa­ryň şe­ki­li­ni aň­lad­ýan syr­ça­ly, ke­ra­mi­ki heý­kel­jik bar. Bu heý­kel­jik XII – XIV asyr­la­ra de­giş­li­dir diý­lip çak­la­nyl­ýar.
Ge­ti­ri­len baş­ga bir gym­mat­lyk bol­sa iç ýü­zü­ne be­de­wiň şe­ki­li çe­ki­len ke­ra­mi­ki ga­byň bö­le­gi­dir. IX-XIV asyr­la­ryň önü­mi­di­gi çak­la­nyl­ýan gap abat gör­nü­şin­de be­ze­ge ju­da baý bo­lan bol­ma­ly. Türk­men be­de­wi­niň keş­bi bol­sa onuň be­zeg kom­po­zi­si­ýa­sy­nyň mer­ke­zin­de ýer­le­şip­dir. El­bet­de, bu pe­der­le­ri­mi­ziň öz aty­na go­ýan be­lent hor­ma­tyn­dan ny­şan­dyr.
Üçün­ji bir gym­mat­lyk XI-XIV asyr­la­ra de­giş­li küý­zä­niň bö­le­gi­dir. On­da hy­ýa­ly atyň keş­bi şe­kil­len­di­ri­lip­dir. Bu şe­kil­le­ri syn­la­nyň­da, türk­men be­dew­le­ri­ne ýö­ne ýe­re “as­man at­la­ry” di­ýil­män­di­gi­ne göz ýe­tir­ýär­siň.

Bag­ty­ýar Su­ýU­now,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.