At­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan atlaryň öý­de­çi we ýa­ba­ny gör­nüş­le­ri bar. At­lar ada­ma hyz­mat ed­ýän iň akyl­ly we ukyp­ly jan­dar ha­sap­lan­ýar. Türk­men at­la­ry arap we iň­lis at­la­ry bi­len bir ha­tar­da iň aras­sa to­hum atlar ha­sap­lan­ýar. At­lar eýe­si­ne we­pa­ly bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Türk­men at­la­ry­na baş öw­ret­mek we dür­li he­re­ket­le­ri öw­ret­mek hem örän aň­sat. Bat­ly ses­den gork­maz­ly­gy, be­ýik­li­ge bök­me­gi ýa-da beý­le­ki he­re­ket­le­ri aň­sat­lyk bi­len öw­re­dip bol­ýar. Örän duý­gur bo­lan bu jan­dar­la­ryň gör­mek we eşit­mek uky­by hem ösen­dir.
Iş, ulag ma­ly hök­mün­de peý­da­la­nyl­ýan ýyl­ky­la­ryň aýak­la­ry gys­ga, göw­re­si iri, ça­puw hem-de mün­gi at­la­ryň­ aýak­la­ry we göw­re­si in­çe­den owa­dan bol­ýar. At­la­ryň ara­syn­da gö­rip­lik duý­gu­sy bol­ma­ýar, em­ma bi­ri-bi­ri­ne gö­zü­gi­di­ji­lik ed­ýär­ler. Bu ýag­daý at ça­py­şyk­la­ryn­da we päs­gel­çi­lik­den bök­mek ýa­ly sport ýa­ryş­la­ryn­da ga­bat gel­ýär. My­sal üçin, ýa­ryş­ýan at­lar bi­ri-bi­rin­den öňe geç­mek üçin ja­nyg­ýar­lar.
Bo­ýy 1,5 metr­den geç­me­ýän po­ni at­ly at­lar hem bar. Bu­lar, esa­san, ça­ga­la­ry at bi­len öw­re­niş­dir­mek üçin ula­nyl­ýar. Şeý­le hem po­ni at­la­ry ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri adam­lar ta­ra­pyn­dan gat­naw, ýük da­şa­mak we spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin ula­nyl­ýar.
Te­bi­gat­da sü­ri bo­lup ýa­şa­ýan ýa­ba­ny at­lar hem bol­ýar. ABŞ-nyň gün­ba­ta­ryn­da Mus­tang atlary we Al­taý dag­la­ry­nyň etek­le­rin­de, Mon­go­li­ýa­nyň düz­lük­le­rin­de “Pr­že­wals­ki­niň at­la­ry” ýa­şa­ýar. Ýa­ba­ny at­la­ryň tü­ýi gy­şy­na ös­ýär, ýa­zy­na düş­ýär. As­lyn­da, mus­tang­lar el­de­ki at­la­ryň te­bi­ga­ta goý­be­ril­me­gi bi­len te­bi­gy şert­le­re uý­gun­la­şyp­dyr­lar. Ýew­ro­pa­da, Azi­ýa­da, Ame­ri­ka­da we Awst­ra­li­ýa­da te­bi­gat­da ozal­dan öz­baş­dak ýa­şap ýö­ren dür­li gör­nüş­li at­la­ra duş gel­mek bol­ýar.
At köp­lenç, aýak üs­tün­de uk­la­ýar. Kä­ha­lat­da özü­ni ynam­ly ýer­de duý­sa, ýa­typ hem uk­la­ýar. Sü­ri bo­lup ýa­şa­ýan at­lar uk­la­nla­ryn­da ola­ryň ara­syn­dan bi­ri sak­çy dur­ýar. Ýa­ba­ny at­la­ryň sü­rü­sin­dä­ki taý­ça­nak­lar käha­lat­da beý­le­ki sü­rü­le­re go­şu­lyp gid­ýär.
At­lar adat­ça, 20-30 ýyl ýa­şa­ýarlar. Olar ulu­ly­gy­na, reň­ki­ne, ýa­şa­ýan ýer­le­ri­ne, fi­zi­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na gö­rä dür­li-dür­li bo­lup, at­lan­dy­ry­ly­şy hem baş­ga­ça bol­ýar.