Ahalteke bedewleriniň juda joşgunly hüý-häsiýeti bolup, köplenç dor, çal, mele, çypar, gyzylymtyl-goňur, açyk tylla we kümüş reňklere eýedir. Bu atlaryň ady ösdürilip ýetişdirilen ýerine görä, Köpetdagyň demirgazyk etegi Bäherdenden Artyga çenli aralykdaky uzalyp gidýän çäklere görä dakylypdyr.
Ahalteke bedewleri ajaýyp tohum atlaryndan bolup, gadym eýýamlardan bäri ýurdumyzyň häzirki çäklerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Ahalteke atlary arassa ganly münülýän atlaryň tohumyna girip, asyrlaryň dowamynda eždatlarymyz tarapyndan başga tohumlar bilen garyşdyrylman, goralyp saklanypdyr. Gurak yssy howa şertlerine örän çydamlylygy bilen tapawutlanýan ahalteke atlarynyň ajaýyp beden gurluşy bolup, daşky keşbi, beýleki tohumlardan düýpgöter tapawutlanýar.
Tohumyň aýratynlygy
Türkmeniň özüne mahsus bolan durmuş ýörelgesi, onuň atyna hem düýpli täsirini ýetiripdir. Atlara ot-iým berliş aýratynlygy, seýislenişi, ýyndamlygy, uzak ýörişlerdäki çydamlylygy bu tohumyň daşky we içki aýratynlyklarynda hem ýüze çykypdyr. Yssa we sowuga çydamly ahalteke atlary münüp gezmek üçin juda oňaýly, hereketleri çeýe we hiç hili ýadatmaýar. Aýratyn çemeleşme talap edýän bu atlar, dürli sport oýunlaryny görkezmäge hem ukyplydyr.
Ahalteke atlary häzirki zaman taryhynda telim gezek birnäçe günlük ýörişlere we çapyşyklara gatnaşdylar. Bu atlar bilen iň meşhur ýöriş, 1935-nji ýylda Aşgabat-Moskwa aralygynda geçirildi. Bu aralyk 84 günde geçilipdir, üstesine-de, atlylar Garagum sähralygyny durman diýen ýaly çapyp, üç günde külterläpdirler. Ähli atlar sag-salamat Moskwa çenli baryp ýetipdirler. Bu çapyşygyň ýeňijisi mele reňkli Tarlan diýen at bolupdyr.
Ahalteke atlary seçgi boýunça hünärmenleriň köp nesilleriniň zähmetiniň netijesidir, gadymyýetiň atlary ösdürip ýetişdirmekdäki bahasyna ýetip bolmajak mirasydyr. XIX asyrda Orta Aziýa syýahat eden Arminiý Wamberi “Bu gözel atlar ähli sarp eden wagtyňa degýär. At ähli zatdan belentde durýar” diýip, belläpdir.
Gerodot “Nusaýdaky atlaryň tylla reňkini” wasp eden bolsa, Isgender Zülkarneýniň döwründäki taryhçylar Türkmenistanyň häzirki çäklerindäki atlary “daň şapagyna” meňzedipdirler. Rus ippology Wladimir Wittiň sözlerine görä, “Ahalteke atlary dünýäniň atçylyk medeniýetiniň altyn hazynasydyr, arassa ganly münülýän atlaryň mirasydyr”. Biziň eždatlarymyz bu ajaýyp tohumy nesilden-nesle miras geçirip, atyň ähli aýratynlyklaryny tämiz saklapdyrlar.
Türkmen halky at çapyşygyň muşdaklary bolup, atlary ýaryşa taýynlamaga çynlakaý çemeleşipdirler. Bu ugurdaky tejribeler nesilden-nesle geçip gelipdir, alymlar türkmen seýisleriniň türgenleşdiriş usuly bilen Ýewropanyňkyda köp babatda umumylyklaryň bardygyny belläp geçýärler. Dogrusy, häzirki wagtda ahalteke atlarynyň iň bir ýyndam atlaryň biri hökmünde ady dünýä doldy. Ahalteke atlaryny sportuň dürli ugurlarynda ulanyp bolýar. Bedewlere at çapyşyklarynda iň ýokary baýraklar goýlup, ýaş tapawudyna parh goýulmaýar. Atlaryň çapmaly aralyklary bolsa, birmahallar Angliýada işlenip düzülipdir.
Ösdürip ýetişdirmek
Bedewleriň bu tohumynda köplenç ozaldan gelýän nesil ösdürilip ýetişdirilýär. Bedewlerden XIX asyrda meşhur bedew Boýnow we bu bedewiň nesli bolan Meleguş has öňe saýlanýar. Häzirki wagtda ahalteke atlary dünýä çempionatynyň şou-ringlerinde, ata bagyşlanan uly çärelerde, şeýle hem Russiýada geçirilýän “Ekwiros” şüweleňi görkezilýär. “Ekwirosda” her ýylda Dünýä Kubogyny almak ugrunda şou-çempionat geçirilip, ol ahalteke atlaryny synlamak üçin uly çäreleriň biridir. Häzirki wagtda bu tohumyň ähli özboluşly aýratynlyklary öňküsi ýaly goralyp saklanýar.
Ahalteke atlarynyň şekili ýurdumyzyň döwlet tugrasynda, şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň poçta markalarynda ýerleşdirilendir. Türkmenistanyň dürli şäherlerinde ahalteke atlarynyň ýadygärlikleri oturdylyp, olaryň has köpüsi ýurdumyzyň paýtagtynda bina edilendir.