Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da türk­men hal­ky özü­niň mil­li gym­mat­ly­gy ha­sap­lan­ýan “be­hiş­di” be­dew­le­ri­niň şa­ny­na tu­tul­ýan Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­ny giň­den bel­läp geç­ýär. Bu baý­ram­çy­lyk my­nasy­bet­li ýur­du­myz­da dür­li çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Şeý­le çä­re­le­riň bi­ri hem Aş­ga­bat at­çy­lyk sport top­lu­my­nyň açyk ma­ne­žin­de ge­çi­ril­di. Bu ýer­de be­dew­le­riň päs­gel­çi­lik­ler­den bö­küp geç­mek bo­ýun­ça bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­di. Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my my­na­sy­bet­li her ýyl ge­çi­ril­me­si dä­be öw­rü­len bu bäs­le­şi­ge at­la­ryň 10-dan gow­ra­gy gat­naş­dy­ryl­dy. Spor­tuň olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri­niň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýan päs­gel­çi­lik­ler­den bö­küp geç­mek bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da ahal­te­ke be­dew­le­ri hem oňat ne­ti­je­le­ri gör­kez­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, her ýyl ap­rel aýy­nyň soň­ky ýek­şen­be­sin­de bel­le­nil­ýän Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my ahal­te­ke be­de­wi­ne bo­lan äh­li­halk söý­gü­si­niň ny­şa­ny bo­lup dur­ýar. Ýo­la goý­lan asyl­ly dä­be gö­rä, bu nu­ra­na baý­ra­myň öň­ýa­nyn­da ýur­du­myz­da to­hum at­la­ryň ara­syn­da gö­zel­lik bäs­le­şi­gi, päs­gel­çi­lik­ler­den bö­küp geç­mek ýa­ly gy­zyk­ly bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­ýär. Bu bol­sa aja­ýyp ça­puw at­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
Baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li at­la­ryň päs­gel­çi­lik­den bö­küp geç­mek-kon­kur bäs­le­şi­gi hem ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­ýär. Kon­kur — at­çy­lyk spor­tu­ny­ň bir gy­zyk­ly gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Kon­ku­ra gat­naş­dy­ryl­ýan at­lar üç wag­ty­na iým­len­ýär. Ça­pu­wa gat­naş­ýan at­la­ra gü­nüň do­wa­myn­da 3–5 ki­log­ram ara­ly­gyn­da ar­pa be­ril­ýän bol­sa, kon­ku­ra gat­naş­ýan at­lar üçin onuň­ möç­be­ri 7–9 ki­log­ram­dyr.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, kon­kur meý­dan­ça­sy­nyň uzyn­ly­gy 80 metr, ini 50 metr­den yba­rat. Ada­ty ýa­ryş­lar­da päs­gel­çi­lik­le­riň­ be­ýik­li­gi 1-1,80 metr­den kes­git­len­ýär. Ýa­ry­şyň geç­ýän pur­sa­dy tür­gen hem-de at az je­ri­me al­jak bol­ma­ly. Se­bä­bi kon­kur­da ýe­ňi­ji tür­ge­niň goý­be­ren ýal­ňyş­lyk­la­ry üçin alan je­ri­me ba­ha­la­ry, utuş­lar hem sarp eden wag­ty ha­sap­la­nyp, ne­ti­je çy­ka­ryl­ýar. At­lar bir ge­zek­de päs­gel­çi­lik­den bök­män, kürt­dü­rip dur­sa, ýö­ri­te kes­git­le­nen je­ri­me be­ril­ýär. Şo­nuň üçin ýa­ry­şa gat­naş­ýan her bir tür­ge­niň esa­sy mak­sa­dy je­ri­me al­maz­lyk. Mu­nuň üçin her gün di­ýen ýa­ly, öz atyň bi­len kon­kur meý­dan­ça­syn­da tür­gen­le­şik geç­mek ge­rek.
Bu bäs­le­şik ça­pyk­su­war­la­ryň be­dew­le­re erk et­mek sun­ga­ty­na bo­lan us­sat­ly­gy­ny we be­dew­le­riň päs­gel­çi­lik­ler­den ge­çen de­re­je­si­ni hem-de şeý­le ýag­daý­da tiz­li­gi­ni art­dyr­ma­ga bo­lan uky­by­ny ýü­ze çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Päs­gel­çi­lik­den bök­mek bo­ýun­ça ahal­te­ke at­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­myn­da yg­lan edi­ler.
At­ly sport (kon­kur) ba­ra­da…
At­ly spor­tun­da er­kek­ler we ze­nan­lar bi­ri-bi­ri bi­len oýun meý­dan­ça­syn­da ýa­ryş­ýar­lar. Üs­tün­li­giň esa­sy gör­ke­zi­ji­si fi­zi­ki güýç bol­man, teh­ni­ki usul­lar bo­lup dur­ýar. Ça­pyk­su­wa­ryň we atyň iki­si­niň hem ukyp­ly­ly­gy ýe­ňi­ji bol­mak üçin mö­hüm bo­lup dur­ýar we bäs­le­şik­de atyň ýe­ter­lik de­re­jä­ni ga­za­nyp bil­me­gi üçin ony taý­ýar­la­mak örän köp wag­ty ta­lap ed­ýär. Ýa­ry­şyň mak­sa­dy kes­git­le­nen wag­tyň için­de bö­wet­ler­den geç­mek­dir. Kes­git­le­nen wagt­dan ge­çen ýag­da­ýyn­da wagt je­ri­me­le­ri kes­git­le­nil­ýär. Päs­gel­çi­lik ýy­ky­lan ýa-da düz­gün­ler bo­zu­lan ýag­da­ýyn­da, my­sal üçin, atyň päs­gel­çi­li­ge ýe­tip dur­ma­gy üçin kon­kur je­ri­me­le­ri kes­git­len­ýär. Iň az je­ri­me alan tür­gen me­dal ha­sap­da ýo­kar­ky se­ti­ri eýe­le­ýär. Hiç hi­li je­ri­me al­ma­dyk ça­pyk­su­war bi­len at “aras­sa tap­gy­ry” ge­çen ha­sap­lan­ýar.
At­ly spor­tuň kon­kur gör­nü­şi 1900-nji ýyl­da Pa­riž­däki Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zil­di.