Ge­çen asy­ryň or­ta­la­ryn­dan bä­ri kos­mos gi­ňiş­li­gi­ne dür­li mak­sat­lar bi­len eme­li hem­ra­lar ug­ra­dyl­ýar. Eý­sem, olar nä­me mak­sat­lar üçin peý­da­la­nyl­ýar­ka?! Ýe­riň or­bi­ta­sy­na ug­ra­dyl­ýan bu en­jam­lar ho­wa­nyň ýag­da­ýy­ny, um­man­la­ry, buz­luk­la­ry, at­mos­fe­ra­ny, gu­ry ýe­ri, ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­ni öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len ula­nyl­ýar. Şeý­le hem dür­li ugur­lar­da ara­gat­na­şy­gy ýo­la goý­mak üçin kos­mos­da­ky hem­ra­lar­dan peý­da­la­nyl­ýar. Olar bi­lim dün­ýä­sin­de ýü­ze çy­kan so­wal­la­ra dog­ry jo­gap tap­ma­ga örän uly kö­mek ed­ýär.
Go­laý­da Pra­ga­da Ýew­ro­pa­nyň Kos­mos Eda­ra­sy­nyň gu­ra­ma­gyn­da mas­la­hat ge­çi­ril­di. Dür­li me­se­le­le­riň or­ta aty­lan ýyg­na­gy­na gat­naş­mak üçin 3300 hü­när­men gat­naş­dy.
Pla­ne­ta­ny öw­ren­mek ba­ra­da­ky mak­sat­na­ma­da iş­le­ýän Si­mo­net­ta Çe­li eme­li hem­ra­la­ryň Ýe­ri ýa­kyn­dan öw­ren­mek üçin uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­na ün­si çek­ýär. Ol bu en­jam­la­ryň buz­luk ýer­le­riň di­ňe giň­li­gi­ni däl, eý­sem, ga­lyň­ly­gy­ny hem öl­çäp bil­ýän­di­gi­ni aýd­ýar. Şeý­le­lik­de, Ark­ti­ka­da­ky we An­tark­ti­ka­da­ky bu­zuň üýt­ge­me­gi­ni hem wag­tyn­da bi­lip bol­ýar. Şeý­le hem eme­li hem­ra­lar ar­ka­ly to­kaý­lyk­la­ryň, de­ňiz ke­na­ry­nyň üýt­ge­me­gi­ni, um­man su­wu­nyň aza­lyp-kö­pe­li­şi­ni bar­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Eme­li hem­ra­lar ar­ka­ly Ýe­riň öw­re­nil­me­gi te­bi­ga­tyň öz­ger­me­gi­niň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şeý­le hem ge­çen ýyl dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Pa­riž­de ge­çi­ri­len “Cop21” yla­la­şy­gyn­da göz öňün­de tu­tu­lan mak­sat­la­ra ýet­mä­ge uly tä­sir ed­ýär.
Çe­li or­bi­ta­da­ky bar bo­lan eme­li hem­ra­lar­dan al­nan mag­lu­mat­la­ryň we gel­jek ýyl­lar­da uçu­ryl­jak hem­ra­la­ryň di­ňe te­bi­ga­tyň öz­ger­me­gi­ni öw­ren­mek üçin däl-de, eý­sem, zy­ýan­ly gaz­la­ryň Ýe­riň haý­sy bö­le­gin­de nä­hi­li ýag­daý­da­dy­gy­ny hem anyk­la­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ni aýd­ýar.
Pla­ne­ta eme­li hem­ra­lar ar­ka­ly gö­zeg­çi­lik edil­me­gi tä­ze iş orun­la­ry­ny hem dö­ret­mä­ge şert dö­red­ýär. Top­la­nan mag­lu­mat­lar ar­ka­ly tä­ze ma­ýa go­ýum­lar hem goý­lar.
Eme­li hem­ra teh­no­lo­gi­ýa­sy ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy we gat­naw inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny anyk­lap, eke­ran­çy­lyk üçin ekin meý­dan­la­ryn­dan peý­da­lan­mak, ha­syl­ly­lyk we gu­rak­lyk ba­ra­da çak­la­ma­la­ry taý­ýar­la­ma­ga ýar­dam eder.