Milli Liderimiziň baştutanlygynda gözel paýtagtymyzda, welaýat, etrap, şäher merkezlerinde, obalarda gurlup ulanylmaga berilýän binalar we desgalar bu gün eziz Diýarymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Hormatly Prezidentimiziň gurdurýan ak ýollary il-günümizi gerekli menzillerine ýetirýär. Şol ýollarda sürüjilere seresaplylyk zerurdyr. Olar bellenilen çäklerde ýörite görkezilen tizliklerden ýokary geçmeli däldirler.
Köçe-ýol hereketleriniň dowamynda ulaglaryň sanynyň artmagy bilen ulag dykynlarynyň emele gelmegi, käbir ýagdaýlarda köçe-ýol hereketleriniň düzgünleriniň bozulmagy sürüjilere päsgelçilikleri döredýär. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri bu günki gün öz wezipelerine diýseň oňat düşünýärler. Şonuň üçinem, olar ýylyň ähli paslynyň dowamynda hem ýol gözegçiliginiň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen wagyz-nesihat çärelerini geçirmegiň ýörite iş meýilnamalaryny taýýarladylar. Şol iş meýilnamasynda geçirilýän çäreleriň has hem täsirli bolmagy bilen baglanyşykly jogapkärçilik bu işe dahylly ýol gözegçi-gullukçylarynyň üstüne ýüklenildi.
Wagyz-nesihat çäreleriniň täsirli bolmagy, bu işe dahylly ýolbaşçylaryň üns merkezinden düşmeýär. Olar hormatly Prezidentimiziň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň öňlerinde goýan möhüm we jogapkärli wezipeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagyna iňňän uly ähmiýet berýärler.
Türkmen halkynyň kalbynda seresaplylyk mäkäm ornandyr. Munuň üçin bolsa ähli awtoulaglaryň tehniki taýdan sagdynlygy zerurdyr. Awtoulaglaryň tigirleriniň sagdynlygyna, olaryň gapdal görkeziji aýnalarynyň abatlygyna we sazlaşygyna aýratyn üns berilmegi ýol hadysalarynyň döremeginiň öňüni alar. Ýollarda awtoulaglaryň arasynda belli bir aralyk ölçegindäki uzaklygyň saklanylmagy hökmandyr. Şol bir wagtyň özünde gije-gündiziň dowamynda awtoulaglaryň yşyklandyryjylarynyň kadaly we düzgüne laýyk işlemegi has möhümdir. Ýol hereketiniň düzgünleri diňe bir uly şaýollarda ýa-da hojalygara ýollarynda däl, eýsem, ekinara ýollarda hem berjaý edilmelidir. Ekerançylyk işleri bilen baglanyşykly iş geçirýän tehnikalaryň degişli taraplarynda ýol görkeziji belgileriň düşnükli ýagdaýda goýulmagyny sürüjiler doly ýerine ýetirmelidirler, olar ýollaryň gyralaryndaky belgilere boýun bolmalydyrlar. Şol ýerlerde, esasanam, köprüleriň üstünde ähli pursatlarda awtoulaglaryň biri-birinden ozup geçmegi gadagandyr. Ynha, geçirilýän wagyz-nesihat çärelerimiziň düýp özeni şu wakalary düşündirmekden ybarat bolup durýar.
Ýol gözegçilerimiz geçirýän wagyz-nesihat çärelerini diňe bir duşuşyklaryň üsti bilen däl, eýsem, iş tejribeleri arkaly hem amala aşyrýarlar. Olar sürüjilere, pyýadalara, ýol hereketine gatnaşyjylara ýol görkeziji belgilerden, pyýada geçelgelerden, ýol ugrukdyryjy yşyklandyryjylardan peýdalanmagyň usullary bilen baglanyşykly täsirli işleri ýola goýýarlar.
Berdimyrat DURDYÝEW,
Tejen şäher, etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.