Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy OPEK şu ýylyň ortalaryna çenli bir barrel çig nebitiň bahasynyň 40 dollar töweregi boljakdygyny çak edýär. “Shafaq news” habarlar portalynyň habaryna görä, bu barada Alžiriň energetika ministri, OPEK maslahatynyň prezidenti Muhammet Arkab mälim etdi.
Alžiriň energiýa ministri maý we iýun aýlarynda çig malyň ortaça bir barreliniň bahasynyň 35 dollara çenli artjakdygyna ynanýar. Muhammet Arkab, şeýle meýilleriň çig nebit önümçiligini azaltmak baradaky şertnamanyň [OPEK+] ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly boljakdygyny aýtdy.
OPEK+ ýurtlary 12-nji aprelde geçirilen gyssagly wideo maslahatynda nebit önümçiliginiň maý-iýun aýlarynda günde 9,7 million barrele, iýul-dekabr aýlarynda günde 7,7 million barrele, 2021-nji ýylyň ýanwaryndan 2022-nji ýylyň apreline çenli aralykda günde 5,8 million barrele çenli azaltmagy göz öňünde tutýan şertnama baglaşdy.
OPEK+ 23 döwleti öz içine alýar. Olardan on üçüsi OPEK ýurtlary: Alžir, Angola, Kongo, Ekwatorial Gwineýa, Gabon, Yrak, Kuweýt, Nigeriýa, Saud Arabystany, BAE, Eýran, Liwiýa we Wenesuela. Ylalaşykda OPEK-e girmeýän 10 ýurt bar: Azerbaýjan, Bahreýn, Bruneý, Gazagystan, Malaýziýa, Meksika, Oman, Russiýa, Sudan, Günorta Sudan.