“Ýa­şyl” ener­gi­ýa çeş­me­ler­in­den al­nyp, ýy­la­dyş we so­wat­mak üçin ula­nyl­ýan ener­gi­ýa­nyň muk­da­ry Weng­ri­ýa­da 18 gö­te­rim­e deň. Bu mag­lu­mat­lar ýa­kyn­da Ýew­ro­pa­nyň sta­tis­ti­ka gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan mä­lim edil­di. Mu­nuň “ýa­şyl” ener­gi­ýa çeş­me­ler­iniň 21 gö­te­ri­mi­ne eýe bo­lan Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň or­ta­ça gör­ke­zi­ji­sin­den bir­ne­me pes­di­gi bel­le­nil­ýär. Mag­lu­mat­lar­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bo­ýun­ça or­ta­ça gör­ke­zi­ji­le­riň yzy­gi­der­li ös­ýän­di­gi ýat­la­nyp ge­çil­ýär. Bu Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de il­kin­ji ge­zek 2004-nji ýyl­da bel­li­ge al­nyp, şon­da “ýa­şyl” ener­gi­ýa­nyň pa­ýy 12 gö­te­ri­me deň bo­lup­dy. Weng­ri­ýa­da ýy­la­dyş we so­wat­mak üçin ula­nyl­ýan tä­ze­len­ýän ener­gi­ýa­nyň ös­me­gi, se­na­ga­tyň, hyz­mat­la­ryň we öý ho­ja­ly­gy­nyň ös­me­gi­ne ýar­dam ber­er. Hä­zir­ki wagt­da bu ugur­da Şweý­sa­ri­ýa 65 gö­te­rim bi­len öň­de bar­ýar.