Hytaýyň “EHang” kompaniýasy Heçžou şäherinde dünýäniň ilkinji uçýan taksileriň terminalynyň gurluşygyna başlandy. Kompaniýa mundan iki ýyl ozal CES halkara sergisinde “EHang 184” atly ýolagçy gatnatmaga niýetlenen uçýan ulagyny tanyşdyrypdy. Kompaniýa iki orunlyk ulagyň “EHang 216” atly täze nusgasyny taýýarlady. Bu ýerde guruljak terminaldan howa göterilen kiçi göwrümli ulaglar şypahanalara, dag eteklerine we kölleriň kenarlaryna gitmek isleýän syýahatçylara hyzmat eder. Şu ýylyň ahyrynda terminaly we uçýan ulaglaryň hyzmatynyň ýola goýulmagy maksat edinilýär. Iki gatly terminalyň üçegi uçuş-gonuş meýdany bolar. Ulagyň sekiz goly bolup, hersinde iki per bar. Ýokary tizligi 130 km/s bolan “EHang 216” bir gezekki zarýady bilen jemi 21 minut uçup bilýär.
Hytaý kompaniýasy Dubaýda hem bu hyzmaty ýola goýmak üçin hyzmatdaşlyk edýär. Angliýanyň “Skyports” hem-de Germaniýanyň “Volocopter” şereketleri hem şeýle ulaglary işläp taýýarlaýar.