Rus alymlary iki ösümligiň genetiki gurluşyny üýtgedip, olaryň hemişe ýagty saçýan görnüşini döretdiler. Aslynda mundan ozal hem ýagty saçýan ösümlikler bardy. Emma olar wagtlaýyn ýagty saçýardy. Täze döredilen ösümlik görnüşi hemişe ýagty saçmagy bilen tapawutlanýar. Aslynda hünärmenleriň ýeke-täk maksady ýagty ösümlikleri döretmek däl-de, eýsem, olaryň madda çalşygyny hem öwrenmekden ybaratdyr. Ösümligiň ýagtylygy ony garaňkyda saýgarmaga mümkinçilik berýän hem bolsa, kitap okardan pesräk. Ýagtylygyň ösümligiň beýleki tebigy funksiýalaryna hiç hili täsir etmeýändigi aýdyldy. Ýagty saçýan ösümlik görnüşini döretmek üçin köp ýyldan bäri zähmet çekilýär. Tebigy ýagdaýda ýagtylyk döredýän mör-möjekler we suwda ýaşaýan jandarlar hem bar.