“Eu­ro­puls” por­ta­ly­nyň ha­ba­ry­na gö­rä,
ÝU­NES­KO Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň 15 şä­he­ri­ne “Dö­re­di­ji­lik­li şä­her­le­r” de­re­je­si­ni ber­di.
ÝU­NES­KO-nyň “Dö­re­di­ji­lik­li şä­her­le­ri” to­ru­na 10 ýurt­dan şä­her­ler go­şul­dy. Fran­si­ýa­dan An­gu­lem, Mes, Ita­li­ýa­dan Ber­ga­mo, Biýel­la, Por­tu­ga­li­ýa­dan Kal­daş-da-Ra­in­ýa, Leý­ri­ýa, Ger­ma­ni­ýa­dan Pots­dam, Karls­rue, Is­pa­ni­ýa­dan Wal­ýa­do­lid, Li­ri­ýa, Finl­ýan­di­ýa­dan Kuh­mo, Weng­ri­ýa­dan Wesp­rem, Da­ni­ýa­dan Wi­borg, Es­to­ni­ýa­dan Wil­ýan­di we Pol­şa­dan Wros­law şä­her­le­ri go­şul­dy­lar.
Bu şä­her­le­riň hem­me­si al­ty ka­te­go­ri­ýa­nyň bi­rin­de üs­tün­lik ga­zan­dy: ede­bi­ýat, gast­ro­no­mi­ýa, gö­zel­lik we ama­ly sun­gat, aý­dym-saz, ki­no, met­bu­gat sun­ga­ty. My­sal üçin, Pots­dam ki­no­teatr­da üs­tün­lik ga­za­nan­dy­gy üçin ab­raý­ly de­re­jä eýe bol­dy. Bu şä­her­de dün­ýä­niň iň uly ki­nos­tu­di­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan iň ga­dy­my “Ba­bels­berg” ýer­leş­ýär.
“Dö­re­di­ji­likli şä­her­le­riň” ul­ga­my, sun­ga­tyň bel­li bir ug­ru­ny göz öňün­de tu­tup, şä­her­çe­le­ri bir­leş­dir­ýär hem-de köp­lenç şä­her­le­riň ösüş me­ýil­na­ma­la­ryn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.
Por­tal bu ge­zek 66 şä­he­riň “Dö­re­di­ji­lik­li şä­her­le­ri­ň” to­ru­na go­şu­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Ýew­ro­pa­nyň 15 şä­he­rin­den baş­ga-da, 51 şä­her, şol san­da Rus­si­ýa­nyň iki şä­he­ri: aý­dym-saz ug­ry bo­ýun­ça Ka­zan, be­zeg we ama­ly sun­gat ug­ry bo­ýun­ça hem Kar­go­pol bu de­re­jä eýe bol­dy.
ÝU­NES­KO 2004-nji ýyl­dan bä­ri “Dö­re­di­ji­lik­li şä­her­le­ri­ň” de­re­je­si­ni mä­lim ed­ýär, hä­zir­ki wagt­da bu ul­gam 246 şä­he­ri öz içi­ne al­ýar, ola­ryň 50-den gow­ra­gy Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýurt­la­ryn­da ýer­leş­ýär.