In­ter­ne­tiň ösen za­ma­nyn­da glo­bal tor me­de­ni dur­mu­şyň, esa­san hem, söw­da we me­de­ni gu­ra­ma­la­ryň dur­mu­şy­nyň mö­hüm bö­le­gi­ne öw­rül­di. Ýa­kyn­da hor­mat­ly Prezidentimiziň ge­çi­ren san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň eks­port ugur­ly ha­ryt­la­ry­nyň we hyz­mat­la­ry­nyň elekt­ron (wir­tu­al) ser­gi­si­ni dö­ret­mek hem-de Türk­me­nis­ta­nyň ha­ly, dok­ma we söw­da pu­dak­la­ry­nyň ösü­şi­ne ba­gyş­la­nan ser­gi­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da­ky tek­lip­ler hödürlenildi. Bil­şi­miz ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da in­ter­net çeş­me­le­ri bo­ýun­ça wir­tu­al ýol gör­ke­zi­ji­ler, mag­lu­mat çeş­me­le­ri­ne we elekt­ron ka­ta­log­la­ry­na on­laýn gi­riş, web tas­la­ma­lar ýa­ly hyz­mat­lar eý­ýäm, in­ter­net­den peý­da­la­ny­jy­lar ta­ra­pyn­dan bo­laý­ma­ly zat hök­mün­de ga­ral­ýar.
Wir­tu­al ser­gi in­ter­net ar­ka­ly bel­li bir wag­tyň do­wa­myn­da on­laýn ýag­daý­da be­ril­ýän wir­tu­al wa­ka­nyň bir gör­nü­şi­dir. Oňa söw­da ser­gi­le­ri­niň on­laýn gör­nü­şi diýip bo­lar, ýö­ne oňa ba­ryp gör­jekler gym­mat­ly mag­lu­mat­la­ry alyş-ça­lyş et­mek üçin ge­og­ra­fik ýer­le­şi­şe ýa-da uzak ara­ly­ga ga­ra­maz­dan, di­ňe in­ter­net ar­ka­ly bi­ri­gip bil­ýär­ler.

Dö­reý­şi

Wir­tu­al ser­gi il­kin­ji ge­zek 1993-nji ýy­lyň ap­re­lin­de Nýu-Ýor­kuň “Wal­dorf As­to­ria” myh­man­ha­na­syn­da “Onst­re­am” şe­re­ke­ti­niň iş­gär­le­ri Alan Sa­perş­teýn we Ren­di Sel­man ta­ra­pyn­dan “Conven­ti­onView” ady bi­len ta­nyş­dy­ryl­ýar. “Conven­ti­onView” il­kin­ji üs­tün­lik­le­ri ga­za­nan­dan soň­ra, “Mar­ketp­lace 365” ady bi­len ba­za­ra gi­rip, 2010-njy ýy­lyň no­ýabr aýyn­da “Vtra­de­fa­ir.com” at­ly mul­ti­me­di­ýa wir­tu­al plat­for­ma­sy ar­ka­ly Hin­dis­tan­da bir­nä­çe ser­gi­le­ri gu­rap, üs­tün­lik ga­zan­ýar.
Ula­ny­jy­la­r wir­tu­al gur­luş­ly ser­gi zalyna bel­li hu­kuk­la­rdan we müm­kin­çi­lik­le­rden peýdalanyp, gaýybana gezelenç edip bilýärler. Oňa gat­naş­ýan­lar, mas­la­hat mer­kez­le­rin­dä­ki ser­gi­ler­de bol­şy ýa­ly, önüm­le­ri­ni ýa-da hyz­mat­la­ry­ny gör­kez­mek ýa-da olar bi­len bag­la­ny­şyk­ly mag­lu­mat­la­ry­ny müş­de­ri­le­ri­ne ýe­tir­mek üçin wir­tu­al di­war­lyk­lary dö­red­ýär­ler. Ula­ny­jy­lar bol­sa, mis­li işe­würler ýa-da myh­manlar ýa­ly wir­tu­al gur­şa­wyň çäk­le­rin­de köp­lenç öz­le­ri­niň he­re­ke­ti­ni da­şyn­dan synlamak üçin ýolbeletleri dö­red­ýär­ler. Wir­tu­al söw­da ser­gi­le­rin­de mas­la­hat­la­ry­, se­mi­nar­la­ry­ ýa-da beý­le­ki okuw çy­kyş­la­ry­ny sanly wideoaragatnaşyk arkaly ama­la aşy­ryp bol­ýar. Şeý­le­lik bi­len, wir­tu­al ser­gi ar­ka­ly ula­ny­jy­la­ryň ara­syn­da bir­nä­çe gör­nüş­li (ýüz­be-ýüz, bir we bir­nä­çe hem-de köp­lük bo­lup) gö­ni öza­ra gat­na­şy­gy ýo­la go­ýup bol­ýar.
Syn­la­mak üçin niýetlenen nyşanlar söw­da ser­gi­si­niň gu­ra­ly­şy­ny kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Wir­tu­al söw­da ser­gi­le­ri adat­ça, ýö­ri­te­leş­di­ri­len web gur­şa­wyn­da ge­çi­ril­se-de, ola­ryň kä­bi­ri aşagyndan geçýän ýazgylar ar­ka­ly gu­ra­lyp ge­çi­ril­ýär. Wir­tu­al söw­da ser­gi­le­ri hal­ka­ra ser­gi­le­rin­de, işe­wür­le­riň gep­le­şik­le­rin­de, sa­tyn alyş­lar­da ýa-da önüm sa­tuw­la­ryn­da ula­nyl­ýar. Şeý­le hem bu tej­ri­be ar­ka­ly wir­tu­al ba­zar­lar hem sy­nag­dan ge­çi­ril­ýär.

Gaýybanamy, hakyky?

“Expo­si­ti­on Services” hyz­mat­la­r por­ta­ly ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­si­ne gö­rä, bir­le­şi­giň ba­za­ryn­da dört adam­dan bi­ri san­ly wa­ka plat­for­ma­sy­ny ulan­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýän eken. Şeý­le hem, ge­çi­ri­len bar­lag­lar pi­kir so­ra­ly­şy­ga gat­naş­an­la­ryň 70 gö­te­ri­mi­niň wir­tu­al çä­re­le­ri ge­çir­mä­ge gy­zyk­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­di. Şeý­le-de bol­sa, ha­ky­ky wa­ka­la­ry wir­tua­la ça­lyş­mak is­le­me­ýän­le­riň bar­dy­gy bel­li bo­lup­dyr.

Nähili ulanylýar?

Wir­tu­al söw­da ser­gi­si­ne gel­ýän­ler, adat­ça, in­ter­net sal­gy­sy­ny dö­ret­mek üçin sa­hy­pa­da­ky ha­sa­ba alyş blan­ky­ny dol­dur­ýar­lar we wir­tu­al di­war­lyk­la­ra ba­ryp gör­mek üçin ser­gi otag­la­ry­na gir­ýär­ler. Wir­tu­al di­war­lyk­lar köp­lenç ekran ar­ka­ly “Tra­deS­how” dün­ýä­si­niň ha­ky­ky keş­bi­ni açyp gör­kez­ýär. Wir­tu­al di­war­lyk­da adat­ça, sy­çan­jy­gyň ba­syl­ma­gy ar­ka­ly dür­li ses­le­niş­le­ri dö­re­dip bil­jek bir­nä­çe ala­mat­la­ry bar. My­sal üçin, myh­man­lar dür­li usul­lar ar­ka­ly şol san­da, şe­kil­li jaň­lar, ha­bar­na­ma­lar ar­ka­ly ser­gi­ni gu­raý­jy­lar bi­len bada-bat sorag-jogap alşyp bil­ýär­ler. Disp­le­ýiň ny­şan­la­ry wi­deo, ses ha­bar­na­ma­la­ry ýa-da beý­le­ki slaýd-şou ýa­ly mul­ti­me­di­ýa hyz­mat­la­ry­ny hem be­rip bil­ýär­ler.

Artykmaçlyklary

Wir­tu­al ag­za­lar to­ma­şa­çy­la­ra ýüz­len­mek üçin on­laýn gu­ral­la­ry ulan­ýar­lar. Wir­tu­al ser­gi­le­re, gat­na­şy­lan­da ha­ky­ky ser­gä gat­naş­ýan ýa­ly duý­gu­la­ryň baş­dan ge­çi­ril­me­gi onuň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Wa­ka­lar di­ňe on­laýn gör­nü­şin­de amala aşyrylyp, wir­tu­al “Tra­des­how” arkaly hakyky wa­ka­la­r beýan edilýär. Şeýle söw­da ser­gi­le­ri­ni gu­ra­mak, adat­ça, ozal­dan gel­ýän ser­gi­le­ri­ gu­ra­mak­dan has ar­zan düş­ýär. Wir­tu­al söw­da ser­gi­le­ri oturan ýeriňden gu­ra­lyp, ähli me­se­le­ler mo­ni­tor ar­ka­ly çö­zül­ýär. Bu usul oňa gat­na­şy­jy­la­ra ma­li­ýe, wagt we zäh­met çeş­me­le­ri­ni ep-es­li tyg­şyt­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ip, ki­çi we or­ta kär­ha­na­la­ryň ösüşine ýardam ed­ýär.