41 ýyl­dan soň gaý­ta­ryl­dy. Ger­ma­ni­ýa­nyň Leýp­sig şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­sy 41 ýyl mun­dan ozal ýer­li ki­tap­ha­na­dan alan bir ki­ta­by­ny, wag­tyn­da yzy­na gaý­tar­ma­gy unu­dan­ly­gy üçin ep-es­li pul tö­le­me­li bol­dy. Ki­ta­by alan şon­ça ýyl­dan soň, ja­ýy­nyň ýer­ze­mi­nin­de şol ki­ta­byň üs­tün­den ba­ryp, ony yzy­na gaý­tar­ma­ly di­ýen ka­ra­ra gel­ýär. Ki­tap yzy­na gaý­ta­ry­lan­da onuň 1979-njy ýyl­da oka­ma­ga al­nan­dy­gy bel­li bol­ýar. Ki­ta­by 41 ýyl­lap ge­ti­r­män­di­gi üçin ki­ta­by alan 14 müň 600 ýew­ro je­ri­me tö­le­me­li bo­ldy.

Ösüş ban­ky­nyň ýar­da­my. Azi­ýa­nyň Ösüş Ban­ky ösüp bar­ýan ag­za ýurt­la­ra ýar­dam hök­mün­de 6,5 mil­liard dol­lar bö­lüp ber­ýär. Bu se­riş­de­ler sag­ly­gy go­raý­şa hem-de ki­çi we or­ta kär­ha­na­la­ra gol­daw ber­mä­ge gö­nük­di­ri­ler. Şeý­le hem AÖB hä­zir­ki tas­la­ma­la­ryn­dan se­riş­de­le­ri bö­lüp, tak­my­nan, 1 mil­liard dol­lar ýe­ňil­lik­li se­riş­de­le­ri jem­le­ýär. Gol­daw buk­ja­sy­ny müm­kin bol­du­gy­ça çalt ýe­tir­mek üçin AÖB ma­li­ýe­leş­di­riş gu­ral­la­ry­ny we iş amal­la­ry­ny üýt­ged­ýär.

Meş­hur hin­di akt­ýo­ry. “Kül­be­den çy­kan mil­lio­ner”, “Pi­niň dur­mu­şy”, “Ýu­ra eý­ýa­my­nyň dün­ýä­si”, “Haý­ran gal­dy­ry­jy Möý adam” ýa­ly Gol­li­wu­dyň, şeý­le-de, “Hin­di mek­de­bi”, “Na­har ga­by”, “At­daş”, “Pi­ku”, “Gy­lyç” ýa­ly Bol­li­wudyň film­le­rin­dä­ki keşp­le­ri bi­len dün­ýä­de ta­nal­ýan Bol­li­wu­dyň akt­ýo­ry Ir­rfan Han 53 ýa­şy­nyň için­de agyr ke­sel­den soň ara­dan çyk­dy. 1967-nji ýyl­da Hin­dis­ta­nyň Jaý­pur şä­he­rin­de dog­lan akt­ýor, Bol­li­wud­da iş­jeň su­ra­ta düş­di we Gün­ba­tar re­žiss­ýor­la­ryn­dan köp tek­lip alan az san­ly hin­di akt­ýo­rlary­nyň bi­ri­dir. 2013-nji ýyl­da ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len hin­di tür­ge­ni hak­da­ky “Pa­an Singh To­mar” fil­min­de baş keş­bi jan­lan­dy­ran­dy­gy üçin Hin­di mil­li film baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy. On­lar­ça baý­ra­gyň eýe­si bo­lan akt­ýor 90-a go­laý film­de dür­li keşp­le­ri jan­lan­dyr­dy.

Paý­na­ma­sy­ny sa­tyn al­dy. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň Döw­let ma­ýa go­ýum gaz­na­sy dün­ýä­dä­ki iň uly kon­sert­le­ri we çä­re­le­ri gur­naý­jy “Ame­rican Live Na­ti­on” -yň 5,7% paý­na­ma­sy­ny sa­tyn al­dy. Bu ha­bar­dan soň “Live Na­ti­on”-yň ka­gyz­la­ry der­rew 10% gym­mat­la­dy. ABŞ-nyň gym­mat­ly ka­gyz­lar we bir­ža ko­mis­si­ýa­sy­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, Sa­ud Ara­bys­ta­ny gaz­na­sy ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy­na tak­my­nan, 518 mil­li­on dol­lar ma­ýa goý­dy. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň ma­ýa go­ýum­la­ry ony “Li­ber­ty Me­dia Corp” we “Van­guard Group”-dan soň­ra, üçün­ji uly paý­da­ra öwür­ýär.

On­laýn ar­ka­ly ge­çi­ri­ler. Şu ýyl Du­baý­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len Hal­ka­ra kos­mo­naw­ti­ka kong­re­si 2021-nji ýy­la süý­şü­ril­di. Bu ýyl­ky çä­re – 71-nji Hal­ka­ra ast­ro­naw­ti­ka kong­re­si – “Cyber Space Edi­ti­on” 2020-nji ýy­lyň 12-nji okt­ýab­ryn­dan 14-nji okt­ýab­ry ara­ly­gyn­da on­laýn ýag­daý­da ge­çi­ri­ler. In­di­ki 72-nji Hal­ka­ra kos­mo­naw­ti­ka kong­re­si bol­sa, 2021-nji ýy­lyň 25-nji okt­ýab­ryn­dan 29-njy okt­ýab­ry ara­ly­gyn­da Du­baý­da ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da Hal­ka­ra ast­ro­naw­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti, gu­rul­ta­ýyň gu­ra­ma­çy­sy, pro­fes­sor Pas­kal Erenf­roýnd mä­lim et­di.