Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen halkynyň gadymdan gelýän, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Ahalteke bedewleri, nepis halylary, şol sanda türkmen halkynyň özüniň wepaly dosty hasaplaýan türkmen alabaýlary ýurdumyzyň milli gymmatlyklary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen täze döredilen “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem alabaýlaryň abraýyny has-da artdyrmaga giň mümkinçilikler döretjekdigi bellärliklidir.
“Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň birinji mejlisiniň geçirilmegi hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň weterinar bejerişhanasyny hem-de öý haýwanlaryny saklaýan täze toplumy ulanmaga bermek dabarasy türkmen halkynyň milli buýsanjyna goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Assosiasiýanyň döredilmegi bilen türkmen alabaýlaryny köpeltmek boýunça işler täze derejä çykarylar, munuň özi olary terbiýelemäge we saklamaga has çuňňur aralaşmaga giň mümkinçilik berer. Şonuň üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda “Türkmen alabaý itleri” merkezleriniň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Bu möhüm desgalaryň gurluşygyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylmagy hususy telekeçiligiň buýsanjyny goşalandyrdy. Munuň bilen baglanyşykly Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde maslahat geçirildi. Maslahata telekeçiler, paýtagtymyzdaky käbir ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde “Türkmen alabaý itleri” merkezlerini gurmak baradaky teklibi beýan edildi. Bu işiň hususy gurluşyk kärhanalaryna tabşyrylýandygy baradaky habar ýygnananlar tarapyndan ruhubelentlik bilen kabul edildi.
Mundan başga-da, täze weterinar bejerişhanalary gurlar. Welaýatlarymyzda guruljak “Türkmen alabaý itleri” merkezleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyz bolan türkmen alabaýlaryny mundan beýläk-de wagyz etmekde hem-de olaryň şan-şöhratyny artdyrmakda möhüm orun eýelär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmen alabaýy” atly ajaýyp kitaby hünärmenlere, alymlara gollanma bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň bu kitaby halkymyzyň medeni mirasynyň bölegi hökmünde itleriň bu tohumyny wagyz etmekdäki eýeleýän orny uludyr. Milli Liderimiziň bu kitabynda alabaý tohum itleriniň gelip çykyşy we ösdürilişi barada taryhy, arhiw maglumatlary hem-de köpýyllyk barlaglar umumylaşdyrylypdyr. Alabaýlar akyly, çäksiz edermenligi, ýokary düşünjeliligi, duýgurlygy, çydamlylygy, ajaýyp gorag başarnyklary, şeýle hem doly ynanylmagy hem-de wepalylygy bilen tapawutlanýar.
Türkmenistanyň çäklerinde Altyndepede, Goňurdepede, Nusaýda, Gadymy Merwden 60 kilometr uzaklykda ýerleşýän Daňdanakanda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar alabaýlaryň itleriň tohumlarynyň iň gadymylarynyň biridigini tassyklaýar.
Döwlet ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-
tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.