Halkara Buker baýragy, şu ýyl baýraga dalaşgär alty awtoruň kitabynyň adyny mälim etdi. Londonda iňlis dilindäki edebiýat boýunça gowşurylýan 2020-nji ýylyň Halkara Buker baýragyna dalaşgärleriň gysga sanawy yglan edildi. Bu barada baýragyň web saýtynda habar berildi. Baýragyň web saýtynda Halkara Buker baýragynyň emin agzalarynyň gysga sanawa girizilen alty kitaby mälim edendigi habar berilýär.  

Şeýlelikde, baýraga dalaşgärleriň gysga sanawy aşakdakylardan ybarat boldy:

2020-nji ýyldaky Halkara “Buker” baýragyna gatnaşyjylaryň gysga sanawy: Şokufeh Azar “The Enlightenment of the Greengage Tree”, (Ýaşyl agajyň paýhasy);

Daniel Kehlmann “Tyll”;

Fernando Melhor “Hurricane Season” (Tupan möwsümi); 

Ýoko Ogawa “The Memory Police” (Polisiýanyň ýady);

Marieke Lukas Rineweld “The Discomfort of Evening” (Agşamyň oňaýsyzlygy).

Baýragyň ýeňijisi ýakyn günlerde yglan ediler. 50 müň funt sterling (61,4 müň dollar) alar. Terjimeçilik işiniň aňsat däldigini ýüze çykarmak üçin baýragyň puly eseriň awtory bilen terjimeçiniň arasynda deň paýlanylýar. Her ýylda berilýän Halkara Buker baýragy iňlis edebiýatynyň abraýly baýragy bolup, iňlis diline terjime edilen iň gowy edebi eser üçin berilýär. Buker baýragy 1969-njy ýylda esaslandyryldy we her ýyl öňki Britan Arkalaşygynyň ýurtlarynyň ýazyjylaryna berilýärdi. 2014-nji ýyldan bäri baýrak awtoryň raýatlygyna garamazdan, iňlis dilinde ýazylan roman üçin berilýär. Gysga sanawdaky ähli ýazyjylar we terjimeçiler hersi goşmaça 1000 funt sterling (1240 dollar) alarlar.