Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, bazar gatnaşyklaryna geçmek üçin düýpli hem-de tapgyrlaýyn işler durmuşa geçirilip, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli, daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsleşmäge ukyply harytlar bilen doldurmak babatda uly tagalla edilýär. Munda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin berilýän hemmetaraplaýyn goldaw oňyn netijelerini berýär.
Milli Liderimiziň ýurdumyzyň telekeçilerine berýän giň goldawy esasynda daşary ýurtdan getirilýän önümleriniň ornuny tutýan dürli harytlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Döwletimiziň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda bu ugurda degişli işler durmuşa geçirilýär. Oba hojalygy, dokma, azyk, balyk ýaly birnäçe senagat düzümlerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan, eksport ugurly önümçilik ýola goýuldy.
Şu aşakdaky mysallarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýetilen sepgitleriň üsti täze üstünlikler bilen beslenýändigini görmek bolýar.
– Oba hojalygynda hususy ulgamyň paýy 92 göterimden geçýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda 505,13 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürildi, olaryň möçberi degişlilikde 34,3 göterim we 49,1 göterim artdy.
– Tutuş ýurdumyz boýunça oba hojalygynda jemi önümiň möçberi 2011-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, 2015-nji ýylda 1,6 esse artdy. 2016-njy ýylyň 6 aýynyň dowamynda dänäniň öndürilişi 5,8 göterim, unuň öndürilişi 1,7 göterim, etiň öndürilişi 4,1 göterim, süýdüň öndürilişi 1,8 göterim, ýumurtganyň öndürilişi 5,5 göterim, gök önümleriň öndürilişi 33,4 göterim, bakja önümleriniň öndürilişi bolsa iki esseden gowrak artdy.
– Häzirki wagtda Türkmenistanda etiň, ýumurtganyň, süýdüň, gök we bakja önümleriniň agramly bölegi hususy ulgamda öndürilýär. Mundan başga-da, guşçulyk toplumlarynyň gurulmagynyň hasabyna goňşy ýurtlara towuk ýumurtgalarynyň eksport edilmegi ýola goýuldy. Ýurdumyzda maldarçylyk toplumlary ulanmaga berlip, olarda iri şahly mallaryň golştin, simmental ýaly ýokary önüm berýän tohumlary saklanýar. Et berýän angus tohumlaryny köpeltmäge niýetlenen toplumda-da netijeli işler alnyp barylýar.
– Iri we ownuk şahly mallaryň derisini we ýüňüni eksport etmeklik ösdürilýär – 2016-njy ýylyň 6 aýynyň içinde şeýle önümleriň 3 million kilograma golaýy daşary ýurtly sarp edijilere ugradyldy.
– Ýurdumyzyň balyk senagatynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler azyk ulgamynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga goşant goşýar. Bu ulgamda ýurdumyzyň telekeçileri hem öz orunlaryny düýpli berkitdiler.
– 2015-nji ýylda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Hazar balyk» açyk paýdarlar jemgyýetiniň bekre balyklaryny köpeltmek, gara işbil we balyk önümçiligi boýunça toplumy açyldy. Onuň ýyllyk kuwwaty bekre görnüşli balyk önümleriniň 100 tonnasyna we bekre işbiliniň 2 tonnasyna, tüssä kakadylan we adaty kakadylan hem-de beýleki balyk önümleriniň 170 tonnasyna, şeýle hem gaplama önümleriniň on millionyna barabardyr.
– Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 2015-nji ýylda bekre, zagara balyklaryny hem-de lakga balyklar maşgalasyny köpeltmek boýunça balykçylyk toplumy ulanmaga berildi. Onuň ýyllyk kuwwaty harytlyk balygyň degişlilikde 20, 10 we 60 tonnasyna barabardyr.
– Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürýän döwrebap kärhanalaryň, şol sanda ýerli çig malyň esasynda gurluşyk, himiýa, durmuşda ulanylýan we beýleki önümleri öndürýän, şeýle hem balyk önümleriniň dürli görnüşlerini gaýtadan işleýän we öndürýän kärhanalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýan 80-den gowrak taslamany durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
– Ýurdumyzyň dokma senagaty hem ösüşiň milli ykdysady strategiýasynyň üstünlikli ösýändigini görkezýär. Häzirki wagtda onuň kuwwaty ýurdumyzda öndürilýän gymmatly çig malyň – pagta süýüminiň ýarysyndan gowragyny gaýtadan işlemek bilen, 118 müň tonna çenli nah ýüplügi, 178 million inedördül metr matalary, 11 müň tonna trikotaž önümlerini, 7,2 müň tonna tüýjümek matany hem-de tikin we trikotaž önümleriniň 100 million sanysyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi içerki isleglerden ep-esli köpdür – ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň 70 göterimi eksportyň paýyny düzýär. Bu önümler ekologiýa taýdan arassalygy, tehnologiki hili hem-de ajaýyp bezegi bilen daşary ýurtly sarp edijileriň ünsüni çekýär.
Ruhabatda panbarhat öndürýän fabrigiň işe girizilmegi netijesinde, türkmen zenanlary tarapyndan uly isleg bildirilýän bu matanyň dürli görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmekde Aşgabatdaky lukmançylyk pamygyny hem-de kosmetiki pamyk serişdelerini çykarýan fabrik uly ähmiýete eýe boldy.
– Şu ýyl daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleriň hatarynda kuwwaty ýylda 2 million 500 müň sany joraba barabar bolan, paýtagtymyzyň nah kombinatynyň binýadynda ýerleşýän, jorap önümlerini öndürýän seh, şeýle hem Aşgabadyň Modalar öýünde işe girizilen, ýylda dokalýan switerleriň 23 müňüsini çykarmaga niýetlenen trikotaž sehi açyldy.
– Kuwwaty 4 müň tonna ýuwulan ýüňe barabar bolan täze önümçilik sehiniň açylmagy bilen Marynyň ýüňi gaýtadan işleýän fabrigi ýüň egirýän fabrikleriň ýokary hilli çig mala bolan isleglerini doly kanagatlandyrdy. Ýeri gelende aýtsak, önümiň esasy bölegi içerki bazara gelip gowuşdy, şeýlelikde, ýurdumyzyň telekeçileri milli halyçylyk işini has-da ösdürmäge, bazary owadan hem ýokary hilli önümler bilen doldurmaga mümkinçilik aldylar.
– “Argaç” ýüň egriji fabriginde hem senagat kärhanalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde tehnologik taýdan täzeleýiş işleri geçirildi. Häzirki wagtda bu kärhana her günde arassa ýüň ýüplüginiň 450 kilograma çenlisini çykarmaga ukyplydyr.
– “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynda 2015-nji ýylda haly we haly önümleriniň 42,9 müň inedördül metri dokalyp, şolaryň 10 müň 600 inedördül metri, 2016-njy ýylyň 7 aýynda bolsa 3 müň 498, 41 inedördül metr haly we haly önümleri daşary ýurtlara ugradyldy, şu döwürde 26 müňden gowrak inedördül metr öndürildi.
– Daşary ýurtlardan getirilýän önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek boýunça döwlet maksatnamasynyň wezipelerine laýyklykda, halyçylygyň döwrebap senagat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. 2016-njy ýylyň fewral aýynda işe girizilen “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň täze iri kärhanasy ýylda haly we haly önümleriniň 800 müň inedördül metrini çykarmaga niýetlenendir.
– Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň tagallalary bilen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda häzirki zaman köpugurly daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan, eksport ugurly önümçilik—ýokary hilli mebeli hem-de giň görnüşdäki beýleki degişli önümleri taýýarlamak boýunça 18 zawoddan ybarat bolan Mebel toplumy döredildi. Olaryň ählisi Ýewropa ýurtlarynda öndürilen öňdebaryjy tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu toplumyň ulanmaga berilmegi 800-e golaý täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýändigi bilen hem ähmiýetlidir. Toplumyň taslama kuwwatyna çykmagy bilen daşary ýurtlardan getirilýän mebel önümleriniň ornunyň 90 göterim doljakdygy çaklanylýar.
– Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda himiýa senagatynda-da köp işler edilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde, mineral dökünleriň öndürilişi ýokarlandy. Ýurdumyzyň tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolmagy gaz-himiýa pudagynyň ösüşine saldamly goşant goşýar. Tebigy gaz bu önümçilikde çig mal hökmünde ulanylýar. Ýurdumyzda birnäçe karbamid we ammiak öndürýän zawodlar toplumy guruldy. Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde gurulýan, ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen täze zawod hem himiýa senagatyndaky maksatlara ýetmäge ýardam eder.
– Häzir Türkmenistanda ilkinji, Merkezi Aziýa sebitinde bolsa iri kaliý duzlarynyň ýataklaryny özleşdirmek boýunça dag magdan baýlaşdyryjy toplumyň maýa goýum taslamasy durmuşa geçirilýär. Geologiýa barlaglaryň maglumatlaryna görä, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän Garlyk ýatagynda bar bolan çig kaliý duzlarynyň gorlary 2 milliard tonnadan gowrakdyr. Bu ýerde ägirt uly senagat merkezi döredilýär. Ol milli ykdysadyýetimiz üçin täze pudagy –dag magdan senagatyny emele getirer. Geljekde bu senagat toplumy oba hojalygyny ekologiýa taýdan arassa kaliý dökünleri bilen doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, her ýyl bu gymmatly önümiň 1 million tonnadan gowragyny daşary ýurtlara ibermäge mümkinçilik berer.
– Gaz-himiýa pudagynda uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryň esasynda ýokary hilli önümleriň ýene-de bir görnüşini özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde gurulýan toplum granulirlenen polipropilen hem-de polietilen öndürmek üçin tebigy gazyň 5 milliard kub metrini gaýtadan işlemegiň ähli tapgyrlaryny göz öňünde tutýar. Olaryň birinjisi, gaplary, süýümleri, poslamaga durnukly serişdeleri öndürmekde giňden ulanylýar. Ikinjisi bolsa, plýonkalary, suw we gaz geçiriji turbalary, gurluşyk serişdelerini öndürmek üçin esas bolup hyzmat edýär.
– Gurluşyk serişdelerini öndürýän, şol sanda ýerli çig maldan taýýarlanýan serişdeleri öndürýän pudak uly goldawa eýe boldy. 2007-2015-nji ýyllar aralygynda sementiň öndürilişiniň 3,8 esse, demir-beton gurnamalarynyň 2,5 esse, diwarlyk serişdeleriň 2 esseden gowrak, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň 8 esseden gowrak ýokarlanmagy ýaly görkezijiler bu pudagyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär. 2015-nji ýylda ýurdumyzyň sement kärhanalarynda 3 million tonnadan gowrak sement öndürildi. Bu önüme bolan islegleriň artýandygyny nazara almak bilen, telekeçilik düzümleriniň gatnaşmagynda sebitlerde ýylda 300 müň tonna sement öndürýän kiçi zawodlary gurmak meýilleşdirilýär.
– Keramiki kerpiçleri, armaturany, metal gurnawlaryny, plastmas we aýna süýümli turbalary öndürmegiň ösüş depgini hem ýokarlandy. Ýurdumyzyň baý çig mal gorlary keramzidiň önümçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Keramzit üçin çig mal bolan argillit Balkan welaýatynyň Ýagman käninden alynýar.
– Şu ýyl ulanmaga berlen kärhanalaryň hatarynda kuwwaty ýylda 10 million inedördül metr izogam we wolgaizol önümlerini öndürmäge niýetlenen senagat toplumy bar. Ýurdumyz üçin täze kärhananyň gurulmagy bilen ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän gurluşyk serişdelerine bolan isleg doly kanagatlandyrylar.
– Mundan başga-da, Türkmenabat şäherindäki “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň ulanmaga berilmegi bu ugurda ädilen ähmiýetli ädimleriň biri boldy. Ol keramiki plitalary örtmek üçin niýetlenen gury ýelimleýji garyndylaryň bir ýylda 4 müň tonnasyny öndürýän toplum bolup durýar.
– Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalaryň hatarynda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan hem-de ýyllyk kuwwaty 70 müň kub metr inert gurluşyk materiallaryny öndürýän täze kärhana bar. Bu ýerde hereket edýän çagyl känleri ýurdumyzyň gurluşyklarynda zerur hasaplanýan çagyl we beýleki serişdeler üçin çig maly doly derejede üpjün eder.
– Senagat pudagynda täze düzümleriň emele getirilmegi ugrunda-da köp işler edilýär. Elektron senagaty muňa mysal bolup biler. 2020-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Senagat ministrligi tarapyndan Ylymlar akademiýasy, Energetika ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, Döwlet maksatnamasynda dürli serişdeleri, Gün energiýasyny elektroenergiýa geçirmek üçin enjamlary, fotoelektrik, elektron serişdelerini, awtomat enjamlaryny, yşyklandyryş gurallaryny, LED lampalaryny, elektroenergiýanyň sarp edilişini ölçeýän gurallary, şeýle hem ilat üçin beýleki elektrotehniki enjamlary öndürýän kiçi kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar.
– Şeýlelikde, “Elektron ylhamy” hojalyk jemgyýeti döredildi, onuň desgalarynyň birinde eýýäm kuwwaty 63 kWA-dan 1000 kWA çenli bolan transformator beketleriniň toplumlaryny öndürmek başlandy. Mundan başga-da, Aşgabadyň elektrotehniki zawodynda elektrik hasaplaýjylary ýygnaýan önümçilik sehini açmak meýilleşdirilýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen bilelikde, energiýa tygşytlaýjy diod ýagtylykly lampalary hem-de yşyklandyryjy enjamlary öndürjek bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça işler alnyp barylýar.