Ga­ra­ly tom­suň ahyr­ky aýyn­da ýe­tiş­ýär. Bu mi­wä­niň peý­da­ly hä­si­ýe­ti be­de­niň ke­sel­le­re gar­şy du­ru­jy­ly­gy­ny art­dy­ryp, ýü­rek-da­mar we iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­ny we beý­le­ki­le­ri saz­la­ýar. Eý­sem, nä­me üçin ga­ra­ly­ny ýy­gy-ýy­gy­dan iý­mek ze­rur?
On­da wi­ta­min­le­riň ju­da köp muk­da­ry jem­len­ýär. Ola­ryň ara­syn­da А, В1, В2, С, Р ýa­ly wi­ta­min­ler bar. Şeý­le hem bu mi­wä­niň dü­zü­min­de fos­for, mag­niý, de­mir, bor, mar­ga­nes, mis, ni­kel, sink we hrom ýa­ly mik­roe­le­ment­ler bar. Ga­ra­ly­da aş­gar­laý­jy or­ga­ni­ki kis­lo­ta­lar – al­ma, li­mon, tur­şy­ja we sa­li­sil kis­lo­ta­sy bar. Ga­ra­ly yzy­gi­der­li iý­len ha­la­tyn­da iý­mit siň­di­riş ýol­la­ry­ny saz­la­ýar.
Şeý­le hem bu mi­wä­niň dü­zü­min­de ku­ma­rin di­ýen mad­da bo­lup, ol tromb­la­ryň eme­le gel­me­gi­niň öňü­ni al­ýar we gan aý­la­nyş ul­ga­my­nyň işi­ni go­wu­lan­dyr­ýar. 100 gram ga­ra­ly­da 213 mg ka­liý sak­la­nyp, ol ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň işi­ni ka­da­laş­dyr­ýar. Ga­ra­ly böw­rek, ýü­rek, ba­gyr ke­sel­le­rin­de hem peý­da­ly bo­lup, be­den­dä­ki alyş-ça­lyş pros­se­si­ni go­wu­la­ýar.
Bu mi­we iş­dä­ňi aç­ýar we aş­ga­za­na iý­mi­ti tiz siň­dir­mä­ge kö­mek ed­ýär. Ga­ra­ly be­den­den tok­sin­le­riň (mik­ro­or­ga­nizm­ler­den dö­re­ýän ze­per­li mad­da­lar) we şlak­la­ryň çyk­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär, çün­ki on­da ýe­ter­lik muk­dar­da­ky klet­çat­ka­lar bar. Olar aş­ga­zan-içe­ge ýol­la­ry­nyň he­re­ket­len­di­ri­ji – sek­re­tor iş­jeň­li­gi­ni ka­da­laş­dyr­ýar, içe­ge­den ho­les­te­ri­ni sor­ma­sy­ny azald­ýar.
Biş­me­dik ga­ra­ly içe­gä­niň işi­ni bo­zup bi­ler. Süý­jü­ke­sel­li­ler­ ga­ra­ly iý­megi we onuň şi­re­si­ni iç­me­gi çäk­len­dir­me­li, çün­ki onuň dü­zü­min­de ýo­ka­ry de­re­je­de şe­ker bar. 12 ýa­şa çen­li ça­ga­la­ra ga­ra­ly iý­dir­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär, çün­ki ga­ra­ly ça­ga­la­ryň aş­ga­za­ny­na oňaý­syz tä­sir ed­ýär. Bo­gun we gu­ry agy­ry­lar­da hem ga­ra­ly şi­re­sin­den köp iç­mek bol­ma­ýar, çün­ki ol be­den­den su­wuk­ly­gy çy­kar­ma­ga ukyp­ly bo­lup, nä­ho­şuň sag­ly­gy­na ters tä­sir et­me­gi müm­kin­dir.