Ýollar dürli-dürli bolup, olar tölegsiz, tölegli, asfaltlanan, ýerasty, asma, buzdaky ýollar, galyberse-de, suwuň aşagyndaky ýollardyr. “AwtoMir” neşirine salgylanyp taýýarlanan makalada, dünýäniň iň üýtgeşik ýollaryň öňdäki orunlarda durýan 9-synyň sanawy taýýarlandy. Ýöne bu sanawda dürli görkezijileri boýunça täsin bolan ýollaryň ählisi orun almady. Meselem, dünýäniň iň uzyn awtomobil tunneli hasaplanýan Norwegiýadaky Lerdal tunneli (24510 m) bu sanawa goşulmandyr. Ummanyň aşagyndaky Ýaponiýanyň tunnelleri hem sanawda ýok. Ýeriň üstündäki täsin ýollar sanawyň öňdäki orunlaryny eýeläpdir.
Trolleý basgançaklary. 11 sany basgançak görnüşindäki we ortasynda 180 metrlik şaglawuk akýan bu ýol Norwegiýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär. 9 dereje eňňitli ýol 1936-njy ýylda guruldy. Ol dünýäniň iň meşhur syýahatçylyk ýerlerinden biridir.
Storsezandet köprüsi. Aslynda, Norwegiýadaky meşhur Atlantik ýolunyň 8 köprüsinden iň uzyny Storsezandet köprüsidir. Ýöne diňe bu köpri deňze 23 metr aralykda sowulýar we käbir nukdaýnazardan seretseň, asla tamamlanmady, egilmeler gaty güýçli diýip pikir edip bolar. Atlantik ýoly geçen asyryň 80-nji ýyllarynda alty ýyllap gurlup, 1999-njy ýyla çenli tölegli boldy.
Super magnit. Hindistandaky Leh-Kargil-Batalik awtoulag ýolundaky magnit depe – “adaty däl” syýahatçylygyň täsin mekanydyr. Depäniň eteginde saklanan awtoulagy göze görünmeýän güýç ony çekýän ýaly ýokaryk dartyp başlaýar. Alymlar munuň gözýetimiň görünmezliginden döreýän optiki hyýal hasaplaýarlar. Muňa ynanmak kyndyr.
Dünýäniň iň ajaýyp köçesi. Danidin (Täze Zelandiýa) şäherindäki Bolduin köçesi Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň ajaýyp köçesi diýlip ykrar edildi. Uzynlygy 359 metr bolan Bolduin köçesi takmynan 80 metr ýokarlygyna galýar. 161,2 metrlik iň dik böleginde beýiklik tapawudy 47,22 metr bolup, 19 dereje eňňit döredýär.
Ýaponiýanyň üçegi. Toýama we Sinano Omati şäherleriniň arasyndaky ýoldan geçip, Mudore-dare daglyk sebitine barylýar. Bu ýere her ýyl 1 milliona golaý syýahatçy gelýär. 1971-nji ýylda gar ýagandan soň, 90 kilometrlik ýoly ilkinji gezek arassalamak kararyna geldiler. Muňa bir aý wagt gerek boldy. Käbir ýerlerde ýagan garyň galyňlygy 15–20 metre ýetdi. Indi bu ýeriň garyny arassalamak däbe öwrüldi. Sebäbi daglyk sebit jahankeşdeleriň arzyly mekanyna öwrüldi.
Gibraltar. Uinston Çerçill şaýoly – bu ýeriň iň işjeň ýollaryndan biri. Köçe “North Front” howa menziliniň uçuş-gonuş zolagyny kesip geçýär. Käwagt şäherde ulagyň köpdügine garamazdan, çatrykdaky awtoulaglar uçarlara ýol berýärler.
Golian tunneli. Hytaýyň Golian obasy Taýhanşan daglaryndaky gaýalar ulgamynyň arasynda ýerleşýär. 1972-nji ýyla çenli bu oba ýol çekilmändir. Häzir bolsa bu oba tunnel ýol çekilip, onuň uzynlygy bir kilometrden gowrakdyr. Bu geň gowak syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär.
“Gate Tower Building” köçesi. Aziýalylar ýer ýetmezçiligi meselelerini çözmekde özboluşly çemeleşmeleri bilen tanalýarlar. Şeýlelik bilen Osaka şäherindäki Hansin şaýoly 16 gatly “Gate Tower Building” binasynyň içinden geçip gidýär. 1989-njy ýylda gurlan köçe, binanyň 4-nji we 8-nji gaty aralygyny eýeleýär.
Nanpu köprüsi. 1991-nji ýylda Hytaýda Huangpu derýasynyň üstünden köpri guruldy. Bu Şanhaý şäheriniň esasy köprülerinden biridir. Uzynlygy 8346 metr bolup, adaty bolmadyk burum-burum görnüşi bilen tapawutlanýar. Ol şäheriň iň meşhur aýlawly köprüleriniň biri bolup, ýer ýetmezçiligini düýpgöter azaltmaga mümkinçilik berdi.
Aba ÇARYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.