Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly 29-njy maýda geçiren mejlisinde ýurdumyzyň halkara konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň çäklerinde dünýä bileleşigini tolgundyrýan ekologiýa meseleleriniň çözülmegine uly goşant goşýandygyny, degişli ugurda ençeme halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini nygtamak bilen, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni her ýylyň 5-nji iýunynda bellenilýär (World Environment Day). Ol BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylyň 5-nji iýunynda döredilip, şol gün hem Stokgolmda (Şwesiýa) adamzady gurşap alýan tebigatyň meselelerine bagyşlanan maslahatyny açýar. Bu maslahatda ähli döwletleriň daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak boýunça alyp barýan işlerine goldaw berýän 26 ýörelgäniň beýannamasy kabul edilýär. Beýannamada ilkinji gezek daşky gurşawy goramak adamzadyň esasy wezipesi diýlip yglan edilýär. 1972-nji ýylyň 15-nji dekabrynda BMG-niň daşky gurşaw baradaky maksatnamasy (United Nations Environment Programme, ÝUNEP) BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary bilen tassyklanýar. Ady agzalan maksatnama BMG-niň daşky gurşaw boýunça esasy edarasy hökmünde, dünýä ýurtlaryny daşky gurşawyň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar.
ÝUNEP-e BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary derejesindäki ýerine ýetiriji direktor ýolbaşçylyk edýär. Bu wezipäni häzirki wagtda Halkara tebigaty goramak bileleşiginiň baş müdiri bolup işlän Inger Andersen eýeleýär. ÝUNEP-iň esasy dolandyryş we düzgünleşdiriji edarasy, dünýäniň dürli ýurtlarynyň daşky gurşaw ministrlerini birleşdirýän BMG-niň daşky gurşaw baradaky Assambleýasydyr. Taýýarlyk işleri ýylyň dowamynda Hemişelik wekiller komiteti tarapyndan amala aşyrylýar. Olar ýylda azyndan dört gezek ýygnanýarlar. Hemişelik wekiller komitetiniň başlygy, Rumyniýanyň BMG-däki daşky gurşaw boýunça ilçisi we hemişelik wekili Julia Patakidir. BMG-niň býujeti, Daşky gurşaw gaznasy, hökümetleriň hem-de hökümete degişli bolmadyk guramalaryň meýletin goýberýän serişdeleri, ÝUNEP-i maliýeleşdirmegiň esasy çeşmeleridir. ÝUNEP-iň merkezi Naýrobide (Keniýa) ýerleşýär.
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň bellenmegi, BMG-niň daşky gurşaw meselelerine ünsi çekmek üçin iň möhüm çäresidir. Bu gün döredilen wagtyndan bäri bütin dünýäde giňden bellenilip geçilýär.
2020-nji ýylda bu günüň mowzugy biodürlüligi gorap saklamaga bagyşlanýar. Bu bolsa derwaýys we möhüm meseleleriň biridir. Biodürlülik gury ýerde we suwda ýaşaýşy goramagy ileri tutýar.
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni dünýäde howanyň hapalanmagynyň öňüni almak maksady bilen gaýtadan dikeldilýän energiýanyň we “ýaşyl” tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin hökümetleri, jemgyýetleri we raýatlary tagallalary birikdirmäge çagyrýar. Bu senäniň bellenilmegi her bir adamyň daşky gurşaw üçin jogapkärçiligini artdyrýar, tebigata aýawly garamagyň zerurlygy barada oýlanmaga mejbur edýär. Şu güne gabatlanylyp, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ekologiýa bilimlerini wagyz etmek boýunça giň möçberli maslahatlar we medeni aň-bilim çäreleri, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga, dünýäde biodürlüligi goramaga gönükdirilen amaly çäreler geçirilýär.
Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelliklerini aýawly saklamak hem-de bu baýlygy geljekki nesillere ýetirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi tebigaty goramak ulgamynda anyk we netijeli işler bilen garşylaýar. Ýurdumyzyň bütin dünýäde tebigatyň gözelligini saklap galmak baradaky başlangyçlary bolsa dünýä jemgyýetçiliginde goldaw tapýar.