Tunisiň täze bellenen Premýer-ministri Ýusef Şahed ýurduň täzelenen hökümetini düzüp, ony Prezident Beži Kaid es-Sebsiniň garamagyna hödürledi. Täze hökümetiň düzüminde 26 ministr hem-de 14 stats-sekretar bar. Olaryň arasynda täze goşulan ministrler hem bar. Ýurduň ozalky içeri işler ministri, daşary işler ministri hem-de goranmak ministri wezipelerinde galdyryldy. Hökümetiň düzüminde ýaş ýolbaşçylar hem bar. Olaryň 5-si35 ýaşdan kiçi ýaşlylardyr. Mundan başga-da zenan ýolbaşçylaryň-da sany köpeldi. 6 ministr we 2 stats-sekretar zenan maşgala boldy.
Ýurduň hökümet başlygy Ý.Şahed metbugat ýygnagynda eden çykyşynda uzak wagt dowam eden pikir alyşmalaryň netijesinde, hökümetiň düzümindäki ýolbaşçylaryň saýlanyp alnandygyny mälim etdi. Tunisiň Konstitusiýasyna laýyklykda, hökümet başlygy tarapyndan hödürlenen ýolbaşçy düzümi ýurduň halk wekilleri Assambleýasy (parlament) tarapyndan-da tassyklanýar.
Premýer-ministrÝ.Şahed täze hökümet bilen ýurduň ykdysady ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, daşky-gurşaw bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin tagalla ediljekdigini belledi. Hökümet baştutany Ý.Şahed 1970-nji ýylda doguldy. Ol şu ýylyň awgust aýynda ýurduň Prezidenti tarapyndan Premýer-ministr wezipesine bellendi.