Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou şäherinde geçiriljek “Uly-20”-ligiň (G 20) sammitine sanlyja gün galdy. Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsi şu ýylyň sentýabr aýynyň 4-5-i aralygynda geçiriljek ýokary derejedäki ýygnaga gönükdi. Metbugaty Hytaýyň bu halkara ýygnaga görýän taýýarlygy hem-de oňa kimleriň gatnaşýandygy gyzyklandyrýar.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň baştutanlygynda geçiriljek sammitiň açylyş dabarasyna ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Pak Kyn He, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi ýaly köp sanly döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasary Li Baodunyň aýtmagyna görä, sammitiň gün tertibine, esasan hem, global ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleriniň girizilendigimälim edildi. Bu ýerde söwda we maýa goýum gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar. Sammite gatnaşýan dünýä liderleri syýasy meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutmaýar.
Bu sammite Beýik Britaniýanyň täze saýlanan Premýer-ministri Tereza Meýiň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Ol golaýda Hytaýyň ýolbaşçylaryna resmi hat iberip, şonda sammite gatnaşmagy meýilleşdirýändigini hem-de onuň çäklerinde geçiriljek ikiçäk duşuşyklarda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge degişli meseleler boýunça pikir alyşjakdygyny mälim edipdi.
Ýokary derejedäki ýygnagyň geçirilýän döwründe şäherdäki ähli iri söwda merkezleri, bazarlar hem-de hyzmat ediş nokatlary bar güýjünde işlär. Müşderileriň islegini kanagatlandyrmak üçin ähli mümkinçilikler dörediler.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Hançžou şäheri düýbünden özgerdi. Onuň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak babatda köp işler edildi.
2011-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu sammite 20 döwletiň ýolbaşçylary gatnaşýar. “Uly-20”-ligiň düzümine: Argentina, Awstraliýa, Braziliýa, Kanada, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Italiýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Meksika, Russiýa, Saud Arabystany, Günorta Afrika Respublikasy, Türkiýe, Beýik Britaniýa, ABŞ hem-de Ýewropa Bileleşigi girýär.