NASA iki ýyldan bäri hiç hili habar bolmadyk STEREO-B emeli hemrasy bilen gaýtadan habarlaşyp başlady. Berlen maglumata görä, Güni has ýakyndan öwrenmek maksady bilen uçurylan emeli hemra bilen mundan ozal 2014-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda habarlaşylypdy. Bu enjam emeli hemralar bilen aragatnaşygy ýola goýýan uly radio antenleriniň (Deep Space Network) kömegi bilen tapyldy. NASA 2006-njy ýylda Günüň ýüzünde bolup geçýän hereketleri has ýakyndan öwrenmek maksady bilen STEREO-A we STEREO-B emeli hemralaryny orbita ýerleşdiripdi. Şeýlelikde, Ýerdäki antennalaryň we teleskoplaryň kömegi bilen düşürip bolmajak suratlary düşürmäge mümkinçilik alnypdy. “STEREO-A” Ýere has golaýda, “STEREO-B” has aňyrrakda bellenen boşluga çykarylypdy. STEREO emeli hemralary Günde bolup geçýän partlaýyşlaryň sebäbini anyklamak maksady bilen taýýarlanypdy.