Ýew­ro­pa­nyň Mer­ke­zi Ban­ky daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len mak­sat­la­ry­ny iler­let­mek üçin ob­li­ga­si­ýa sa­tyn al­mak prog­ram­ma­sy­ny ulan­ýan dün­ýä­niň iň iri bank­la­rynyň il­kin­ji­si bo­lar. 2,8 tril­li­on ýew­ro­dan yba­rat pul se­riş­de­le­ri­niň «ýa­şyl» öz­ge­riş­lik üçin taýýardygy­ny aý­dan ÝMB-niň baş­ly­gy Kris­tin La­gard bu mak­sa­da ýet­mek üçin ug­ruk­dy­ry­jy iş­le­riň göz­den ge­çi­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di. Ol Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «Fi­nan­sal Taýms» ga­ze­ti­ne be­ren in­terw­ýu­syn­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ne gar­şy gö­reş­de äh­li müm­kin bo­lan usul­la­ry sy­nap gör­mek­çi­di­gi­ni bel­le­di. ÝMB-niň baş­ly­gy il­kin­ji ge­zek şeý­le borç­na­ma­ny öz üs­tü­ne al­ýar.
– Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň öňü­ni al­mak me­se­le­si­ni çöz­mek üçin ÝMB öz alyp bar­ýan işi­niň äh­li ugur­la­ry­ny we amal­la­ry­ny iç­gin öw­ren­ýär – di­ýip, La­gard bel­le­di. Mun­dan öň Kris­tin La­gard Ýew­ro­pa­nyň güýç­li yk­dy­sa­dy­ýe­te, şeý­le hem daş­ky gur­şaw in­no­wa­si­ýa­la­ryn­da dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy se­bit bo­lup bil­jek­di­gi­ni bel­läp­di.