Beýik Britaniýada 70 orunlyk gibrid uçar üçin degişli taslama taýýarlandy. «Electric Aviation Group» kompaniýasynyň inženerleri 70 orunlyk gibrid görnüşli ýolagçy uçarynyň taslamasyny işläp düzdüler.
Uçar doly elektrik ulgamy bilen hereket etmäge ukyply görnüşde göz öňünde tutulyp döredildi. Gibrid we dolulygyna elektrikleşdirilen uçarlaryň kämilleşmegi awiasiýanyň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaldar. Ýöne elektrik uçarlarynyň döredilmegi üçin zerur kuwwatlylygy özünde jemleýän batareýalaryň hem öndürilmegi möhüm bolup durýar. Şoňa laýyklykda, häzirki wagtda bu ugurda işlenip düzülen taslamalaryň aglabasy 10-12 ýolagçy üçin niýetlenen sebit awiakompaniýalary üçin kiçi uçar taslamalarydyr.
«Electric Aviation Group» kompaniýasynyň taslamasy bolsa, beýleki iri uçarlar bilen bäsleşip biler. Ol uzyn ganatly bolup, 4 sany elektrik togy bilen işleýän hereketlendiriji bilen üpjüp ediler. Taslamanyň aýratynlyklaryndan biri, uçuş wagtynda goşmaça tizlenmegi üpjün edýän elektrik bilen işleýän şassiniň bolmagydyr. Inženerleriň deslapky görkezijilerine görä, howa gämisiniň uçuş aralygy 1,5 müň kilometre barabar bolar.